Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Oka we oylan
Ýazylan wagty: 27 февраля 2015 Ýazan Sasoltan

Aýal ýalkasa, Hudaýdan keremdir, gargasa, Ezraýyl deý ýowuzdyr. (Aristotel)


Kalbyňy bilimden doldursaň, ýokary göterilersiň, hemme zada göz ýetirersiň.(Lukman Hekim)


Bilmedigini sorap öwrenen—alym, soramagy namys eden özüne— zalym. (Fizuly)


Hoş söz ýylany hinden çykarar.


Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy. (Türkmen nakyly)


Kalbyňyzy ýagşy sözlerden dolduryň . Çünki ýürek nämeden doly bolsa, dodakdan şol döküler. (Gýote)


Gyzy saklama, güň bolar, ýüpegi saklama, ýüň bolar.


Öz ýakynyny ýigrenýän kişi ganyny nähak döküp ýören bilen meňzeşdir.(Talmud)


Doganyň bolman biler, ýöne dostuň mydama doganyňdyr.(B.Franklin)


Geplemäni oňarmasaň, diňlemäni bir öwren. (Pomponiý)


Kime gowulyk eden bolsaň, şondan ägä boluň.(Türk nakyly)


Bagt bat ýerde göriplik bardyr.


Dostuň köpmi, duşmanyň hem köpdür.(Rus nakyly)


Ynanmazlygyň başlanýan ýerinde dostluk gutarýandyr. (Seneka)


Synagdan geçmedik dost döwülmedik hoz ýalydyr. (Nemes nakyly)


Bilimsiz  kişi bilen dost bolmaň, çünki bilimsiz kişi dostluga mynasyp däldir. (Anuşirwan)


Gabat gelýän ownuk-uşak näsazlyklardan ýokarda duruň. Kiçijik uçgun ullakan ýangyny döredip biler. (Rişelýe)


Aşhanada aýdylanlaryň ählisi myhmanhanada eşdilmeli däldir. (Kelli)


Gulagyňyzyň eşidenine däl-de, gözüňiziň görenine ynanyň! (Liwiý)


Akylly  ogul  atasyny  begendirýändir,  akmak ogul enesini kemsidýändir. (Süleýman pygamber)


Men bütin ömrümi parasatly adamlaryň arasynda geçirdim. Emma dymmaklykdan gowy zadyň bardygyna hiç duşmadym. (Abul Hasan al Gazaly)


Başyň salamatlygy diliňi  saklamakdyr. (Muhammet pygamber)


Özüm hakynda ýakymsyz sözleri eşidenimde dymýaryn, eger jogap beräýsem, käýinip durandan beterinden beterini eşitmeli bolaryn. (Mäne baba)


Köp söz ahyr il içinde har eýlär. (Magtymguly Pyragy)


Halkyň gamyna şatlanmaň. Her bir ýagdaýda hem özüňizi nalajedeýin görkezmäň. Nalajedeýinlik seni has-da pes görkezer.(Lukman Hekim)


Erbetler bilen otursaň, ýagşylyk görmersiň.(Sagdy)


Dymmagy oňarmaýan adam, geplemegi hem oňarýan däldir. (Seneka, rim ýazyjysy)


Ökünmek tobadyr. (Muhammet pygamber)


Kim az bilse, köp geplär, kim köp bilse , az geplär.(J.Russo)


Hoşniýetsiz ynsanda haýyr-sahawat ýokdur.(M.Zamahşary)


Tüýs ýürekden edýän ýagşylygyň hemişe özüňe öwrülip gelýär.(L.Tolstoý)


Gylyç owadan bolsa-da, ýerine ýetirýän işi ýaramzdyr.(Lukman  Hekim)


Her kes bilen onuň paýhasyna (akylyna) görä gürleşiň. (Sagdy)


Akylly bilen gürleşeniňizde, az sözläň. Çünki köp pikir edýän adam az gepleýändir.(Waşington Irwing, ýazyjy)


Allatagalla seni azat goýandyr. (Hezreti Aly)


Oý-pikir—akylyň aýagy. Eger ony jylawlamasaň, akyly dogry ýoldan sowup biler. (Hun Szy Çän)


Iň owadan guşlar juda ýakymsyz saýraýandyr. Munuň özi adamlarada degişlidir.(Louell)


Düýe garrasa, köşegine eýerer. (Türkmen nakyly)


Her bir zadyň özüne mahsus gözeligi bardyr, ýöne ony her kim görüp bilmez.(Konfusiý)


Gözellik gözde jemlenýändir. Kerem ak zatda jemlenýändir.Ýagşy niýet ýürekde jemlenýändir. (M.Zamahşary)


Ynsan üçin iň zerur zat ýüzmegi öwrenmekdir. (Aristotel)


Kimiň isleýän zady nähili bolsa, onuň özide şo hilidir.(Awgustin)


Üç zat göreje nur berýändir: ýagşylyga , akýan suwa , owadan  ýüze seretmek.(Zamahşary)



 

Okalan sany: 286   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05039 sek. ýüklenen baýt: 40681