Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Bahar geldi ýurduma.
Ýazylan wagty: 01 марта 2015 Ýazan NEXTTM

Bahar geldi ýurduma.

Gadymýetden bäri türkmen aga fewralyň aýagyny gyşyň gutardygy hasaplaýar. “Togsan dolup ýere ýyly gidende” tebigat üýtgeýär. Ota-çöpe jan girýär. Uly-kiçiniň kalby ýaşarýar, juwanlaşýar. 
Gudrat bar ýaz günde,
Kalbym joşýar ýar gülende, 
Gyzlar seýrana gelende,
Seýkin basyp ýazy bezär.

Ýazyň görki ýary bezär,
Şat aýdymy sazy bezär.
Kenar gezip ýylgyranda,
Suwda ýüzen gazy bezär.
Ýaz pasly. Durmuş gaýtadan başlanýar. Ekin ekilýär, owlak-guzy köpelýär. Türkmen pata alyp babadaýhandan, zer öndürýär gara gumuň üstünde. 
Gurulýär özgerýär oba hem şäher,
Zähmet joşup başlar her gün ir säher.
Bar ýerde gözellik gelipdir bahar,
Berkarar Watanyň Bagtyýar döwri.

Baky bahar kysmy Türkmenistanym,
Jana şpa berýär bagy bostanym.
Saňa bagş eýleýän ajap dessanym,
Berkarar döwletiň Bagtyýar döwri.
Türkmen ýurdy barha gözelleşýär. Ýurdumyz gurluşyk meýdançasyny  ýatladýar. Gara ýollar, polat ýollar, täze açylýan howa ýollary, dünýäniň dürli küçnjegine ýük äkidýän deöizdir derýä ýollary, gatbar-gatbar jaýlar, ajaýyp desgalar-türkmeniň kartasyny bezeýär. Nebit wyşkalarynyň sany artýär. Gaz ulgamymyz barha uzalýar. 
Nebit gazym zemin üstüne çogup dur,
Halkymyz ýeňişden çemen bogup dur.
Goňşy-golamlardan alkyş ýagyp dur,
Öňe gadam urýär Türkmenistanym!

Ajap keşbe gelýär oba hem şäher,
Täzeçe nur saçýar ýurduma säher.
Watanym gül açýar göýäki bahar,
Öňe, diňe öňe barýar Türkmenistanym!
Hawa, her baharyň öz ysy bar. Her bahar öz ýeňişi bilen gelýär. Meýdanlaryň gül açyşy ýazy, durmuşumyz barha gözelleşýär. Biziň ýurdumyz indi hemmeleriň arzuwlaýan ýurduna öwrüldi. Bir gelen ýene gelsem diýip arzuwlaýar.
Dost-doganlara
Açyp saçagyn,
Türkmen ýaýlasy,
Ýazýar saçagyn.

Arassa asman, 
Parahat sähram.
Bu gün toý toýlaýar,
Bezemen ýaýlam.

Türkmen ili toý toýlaýar, bahar toýuny toýlaýar. Gelin-gyzlarymyz gyrmyzy geýinşip, oba-kentlerimize aýratyn görk berse, ýigitlerimiz zähmet üstünligibilen olaryň waspyny ýetirýär. Ýaş juwanlar gol tutuşyp, okuwa barýarlar. Ylym, bilim olaryň höwesi. Her bir talyp, öz halypasynyň öwredişiýaly bilim almaga jany-teni bilen ymtylýar. Täze-täze kitaphanalar, muzeýler, ajaýyp okuw jaýlary olaryň ygtyýärynda. Magtymgulysy, Gorkut atasy, Mollanepesi, Nury Halmammedowy,  Gurbannazar Ezizowy, Daňatar Öwezowy,Ýolaman Hummaýewi, Maýa Kuliýewasy, Baba Annanowy... bolan türkmeniň ady barha belende galýar. Dünýäniň öňdebaryjy döwletleri Türkmenistan bilen aragatnaşygy barha ösdürmegiň aladasyny edýärler. Türkmenistan bu gün ýaraşdyryrjy, ylalaşdyryjy, asudalyk ugrunda dyngysyz alada edýän döwlete öwrüldi. Ýurdyň her bahary onuň halkyna ýeňiş getirýär. Al-elwan açylan güller deý görke giren Türkmen ýurdy bu gün täze-täze taglymatlary bilen barha uly abraýa eýe bolýar. 

“Her güliň öz ysy bar” diýilşi ýaly, her bir ýurduň öz ýörelgesi, öz ýoly bolýar. Biz asudalyk ýoluny, bilime umyt baglamany saýladyk. Şol ýoldanam gyşarnyksyz alyp barýan ýurt baş tutanymyzyň daşyna barha jebisleşip, Bitaraplyk hemparahatçylyk ýylynda ýene-de uly üstünlikler gazanarys.

Medeni mirasymyzy gorap saklamakda uly işler edilýär. Gadymy merwiň türki dünýäsiniň paýtagty höküminde garalyp, oňa uly sarpa goýulmagy biziň üçin hormatdyr. Medeniýet äleminde gazanylýan üstünlikler döwletiň ruhy baýlygyny ýokarlandyrmaga uly goşantdyr. Bu ýylky bahar hem öňkiler ýaly gadymy hem müdümi türkmen ýurduna uly ýeňiş getirer.


Hudaýberdi Bäşimow
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

Okalan sany: 386   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12880 sek. ýüklenen baýt: 37302