Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri
Ýazylan wagty: 02 марта 2015 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri

Türkmenler dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri hasaplanýar. Uzak geçmişiň dowamynda Türkmenistanyň çäginde dürli döwletler bolupdyr. Türkmenler dünýä medeniýetine uly goşant goşan halk hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigini ýurduň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikler doly tassyklaýar. Häzirki wagtda olar Türkmenistanyň hem dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelýän alymlar tarapyndan öwrenilýär. Taryhy ýadygärlikleriň ýerleşýän ýerlerinde gazuw-agtaryş ве abatlaýyş işleri yzygiderli alnyp barylýär.

Soňky ýyllarda gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýadygärlikler toplumlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Mirasynyň sanawyna girizildi we ol ýerlere ýylyň-ýylyna dünýäniň dürli ýerlerinden alymlar gelýärler hem ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar.

Biziň eýýamymyzdan öňki üçünji müň ýyllykdan başlap, Marguş, Altyndepe, Parfiýa, Köneürgenç ýaly gadymy türkmen döwletleri kemala gelip başlapdyr we olar kuwwatly döwlet bolmak bilen medeniýetiň ösen derejesine çykypdyrlar. Gadymy Gök Türkmen döwleti bolsa, ägirt giň meýdany öz içine alan uly döwlet bolupdyr hem ýüpek ýoly arkaly Gündogar bilen Günbatary birleşdiripdir. Ýüpek ýoly alysdaky döwletlere uzapdyr, olar halkyň medeniýetiniň ösmegine hem döwletiň berkemegine we kuwwatlanmagyna täsir edipdir. 

Türkmenistanda milli taryhy-medeni mirasy goramak, olary dikeltmek hem wagyz etmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň çäkleriniň ähli ýerlerinde taryhy ýadygärlikler bar. Olara baryp görmek, syýahat etmek üçin yzak-uzak ülkelerden syýahatçylar gelýär.  

Türkmenistan taryhy-medeni ýadygärliklere baý mekan hasaplanýar. Medeni ýadygärlikleriň iň gadymy döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar hem özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Garaşsyz Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda taryhy-medeni ýadygärlik toplumlary ýerleşýär. Dehistan, Nusaý galasy, Amul galasy, Merw ýadygärlikler toplumynda haýran galarlyk täsinlikleri görmek bolýar. Aýratyn hem Maşat ata, Togalakdepe, Goňurdepe, Gökjükdepe, Mansurdepe, Namazgadepe, Ulugdepe, Altyndepe Ýylgynlydepe ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işleri geçirildi we geçirilýär. Ol ýerlerden tapylan taryhy tapyndylar özüniň gaýtalanmajak gurluşy bilen aklyňy haýran edýär. 

Mundan başga-da Yzmykşir, Köneürgenç, Ysmamyt ata, Aksaraýdiň Seýitjemaleddin metjidi, Sarahs galasy, Soltan Sanjaryň mowzаleýi ýaly başga-da birnäçe taryhy-medeni binalar Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklere juda baý ülkedigini subut edýär. Ýadygärlik binalaryň arhitektura gurluşy we ol ýerlerden  tapylan tapyndыlar biziň ata-babalarymyzyň juda sowatly, medeniýetli halk bolandygyny subut edýär.

Türkmen halky geçmişine sarpa goýýan halk. Gyzykly ýeri, her bir taryhy ýadygärlik bilen baglanyşykly bir giden rowaýatlar döräpdir. Şol rowaýatlar nesilden nesile geçip, biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. 

Okalan sany: 2087   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03426 sek. ýüklenen baýt: 32177