Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Bitaraplyk hem Parahatçylyk ýyly.
Ýazylan wagty: 03 марта 2015 Ýazan NEXTTM
Bitaraplyk hem Parahatçylyk  ýyly.

Türkmen döwleti 2015-nji ýyly Bitaraplyk hem parahatçylyk ýyly diýip yglan etdi. Asuda asmanly, il-güniň jebisligini gazanan Türkmen halky üçin ýene bir ajaýyp ýyllaryň biri başlandy. 

Türkmenistanň akyldar ogly, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pragynyň ýyly diýip yglan edilen 2014-nji ýyl biziň halkymyza üstünlik üstüne üstünlik getirdi. Magtymguly atamyzyň 290 ýyllyk toýy toýlandy., Gazakystan, Türkmenistan, Eýran ýurtlaryny birleşdirýän demir ýol ylgamy açyldy. Dünýädäki suw ýoluna gadam goýup, ençeme ýurtlara ýük daşajak äpet “Berkararlyk” gämisi satyn alyndy. Ençeme ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýulup, ilçihanalar açyldy, iki tarapyň hem bähbidini goraýan ykdysady we syýasy gatnaşyklary ösdürjek çäreler, şol sanda medeniýet günleri geçirildi.

Ýurt baştutanynyň orta atan umumy adamzat bähbidini goraýan teklipler ony dünýäniň  atly Liderlerininiň birine öwürdi. 

Indi her bir obada, her bir öýde ýetilen üstünlikleriň tarypy edilýär.  Hem owazly bagşylarymyz, folkýor toparymyz bu ýeňişleriň waspyny ýetirýärler. 
Gün-günden uzalyp, bat alýar ösüp,
Ülkämi gurşaýar bu demir ýollar.
Parran ýaryp çöli, derýany kesip,
Halklary dostlaşdyr bu demir ýollar.

Berkarar döwletim –Taňryň ýalkany, 
Dürli ýollar gurşap alýar ülkämi.
Derýalarda daşasalar ýükleri,
Deňizleri gulaçlar paromdyr gämi.

Howa ýollar barja ýollaň seresi,
Tizden-tiz aşyrar islän ýeriňe.
Baga besleip dur gara ýollaň gyrasy,
                Begenjiňe aýdym geler diliňe.
Hawa, bagşylaryň owazy belentden belent ýaňlanýar. Olar ýetilen derejeleri wasp edýärler. Barha ösüp barýan ykdysadyýetimizi, gurluşyk meýdanyna öwrülen ülkämizi,  onuň belent-belent ymaratlaryny, ajaýyp desgalaryny taryp edýärler. 
Gurluşyk mekany Türkmenistnym,
Günde tutýar täze binaň toýuny.
Ykdysadyýetim bitirip dur islänim,
Barha baýlaşdyrýär Türkmen aýyny.
Türkmen asyrlar boýy arzuwlan döwletine, Garaşsyz, Bitarap ýurda eýe boldy. Halklaryň nazary bize dikildi, olar bizden hemaýat isleýärler. Ak mermere bürelen Aşgabadymda, häli-şindi halkara maslahatlar geçirilip dur. 

Meniň ülkäm ülkeleriň seresine öwrüldi, ýolçy ýyldyz kemin töweregine ýol açýar. Ähli üstünlikleriň başynda-da ýurt baştutanynyň hut özi dur.
Owal başdan pederleriň isläni,
Magtymgulynyň päk kalbynda besläni.
Her işde daýanyp, ylyma-bilime,
Arkadag ösdürýär Türkmenistany.
Ylym atam, alym atam-minetdar,
Döretdiň üýtgeşik Türkmen ýoluny.
Her demde bolup, halka howandar,
Gülzara öwürdiň Türkmen çölüni.
Hawa, ýyllar ötüp barýar. Ýyllar täze ýeňişleri getirýär. Geljek ýyllar ýene-de täzelikler getirer. Ýöne esasy zat, adamzat aslynyň arzuwy-ýurt asudalygy, parahatçylyk kalplarda joşgun döredýär, täze üstünliklere ruhlandyrýar. 

2015-nji ýylda Türkmenistanyň Bitarap ýurt diýilip yglan edilenine 20 ýyl bolýär.  Birleşen milletler guramasynyň bu karary giňden goldap tapdy. Bitarap watanymyzyň halkara abraýy barha ösýär. Öňem belleýşimiz ýäly gözel paýtagtymyz Aşgabat halkara maslahatlaryň mekanyna öwrüldi. Ylmy maslahatlar, bäsleşikler, festwallar mekanyna öwrülen Türkmenistan, diňe bir sebitde däl, eýsem dünýäde tanalýar. Şu täze ýylda Mary welaýatynyň Türki dilde gürleýän halklaryň medeniýetiniň merkezi diýilip yglan edilmegi, ol ýerde Türksoýuň maslahatynyň geçmegi uly ýeňiş, uly ynam. Biz oňa guwanýarys. Watanmyza geljek myhmanlary mynasyp garşylarys. Geçen ýylda gazanylan üstünlikler bu ýyl has berkidiler. 

2015-nji ýyl Bitaraplyk hem Parahatçylyk ýyly bolup, halkymyza agzybirlik, asudalyk, jebislik getirer. Bu ýylda adamlar parahatçylygy berkitmäge uly goşant goşarlar.



H. Bäşimow 
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri. 

Okalan sany: 2917   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05252 sek. ýüklenen baýt: 38312