Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
NAÝBAŞY ARZUWYM-ÝAŞYL TUGRAMYZY BELENT PASYRDATMAK.
Ýazylan wagty: 03 апреля 2013 Ýazan NEXTTM
       Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň uçurymy, sambo boýunça halkara derejeli sport ussady Nasiba Surkiýewa halkara ýaryşlaryndaky şowly çykyşlary bilen tanalýar. Ol häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebinde tälimçi bolup işlemek bilen bir wagtda halkara ýaryşlarynagatnaşyp, ata Watanymyzyň sport abraýyny üstünlikli goramagyny dowam etdirýär. Golaýda tamamlanan sambo boýunça Orta Aziýanyň çempionatynda hem altyn medal gazanyp, Türkmenistanyň ýygyndysynyň umumytoparlaýyn ýeňşine mynasyp goşandyny goşdy. Hormatly janköýer agzalar biz, Nasiba Surkiýewa bilen duşuşyp, onuň bilen eden söhbetdeşligimizi size hödürleýäris.

     __ Nasiba, ilki bilen sizi Orta Aziýanyň çempionatynda gazanan ýeňşiňiz bilen gutlaýarys.
     __  Sag boluň! Bu üstünligimiz üçin biz-türgenler, hormatly Prezidentimize çäksiz hoşaldyrys.

     __  Size hem tälimçi, hem türgen bolmak gyzykly bolsa gerek?
     __  Elbetde. Tälimçilik öz şahsy tejribäňi ýaşlara öwretmek arkaly has kämilleşmäge mümkinçilik berýär.Ýaryşlar barada aýdanymda, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga-da, saýlap alan görnüşiň boýunça kämilleşmäge-de ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen türgenleriniň ýaryşsaýy kämilleşýändigine ýaňy-ýakynda tamamlanan Orta Aziýanyň sambo çempionatynyň dowamynda ýene-de bir gezek göz ýetirdik.

     __ Geçen ýyllardaky ýaly, bu ýylam sebitiň iň abraýly ýaryşynda çempion bolduňyz. Indi öňde geljekki wezipeler bardyr?
     __ Men şu günlerden 2017-nji ýyldaky Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görýärin. Her bir gatnaşýan ýaryşlarymda toplaýan tejribämiň bütin Aziýa yklymynyň sport baýramçylygynda ata Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp goramaga mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn.

   __  Siz indi ençeme ýyl bäri dürli ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip gelýäňiz. Türgen hökmünde şolaryň haýsy birinde has ýatdagalyjy wakalara şaýat bolandygyňyzy ýatlap bilersiňiz?
   __ Ýeňiji hökmünde hormat münberiniň çür başyna çykan mahalyň Döwlet baýdagyň belende göterilişini synlap durkaň başdan geçirýän ahwalatlaryňy hiç haçan ýatdan çykaryp bolmaýar. Şeýle pursatlara ençeme sapar şaýat bolmak miýesser etdi. Geçen ýyl Minsk şäherinde geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazanyp, hormat münberine çykanymda hem şeýle ahwalatlary başdan geçiripdim. Türgenleriň hemmesini birikdirýän bir naýbaşy arzuw bar. Olam döwlet Tuguňy dünýäniň öňünde belende götermek. Menem hemişe Türkmenistanyň sport abraýyny gorap orta çykanymda ýeňiji bolmagy maksat edinýärin. Türkmen türgenleriniň uly ýaryşlarda ýeňiş gazanmaga ukyplydygyny görkezip, ýurdumyzda gazanylýan ösüşlere öz goşandymy goşmak isleýärin.

   __ Nasiba, size hemişe üstünlikleriň we rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw edýäris! 
   __  Sag boluň! 

Okalan sany: 409   Jogaplar: ( 3 )

Garabeg
03 апреля 2013

Tüweleme,bular ýaly gepleşikleri gurnap ýetirýän bolsaňyz erbetdäl,haladym siz žurnalist bolaýmasaňyzshout

marala
03 апреля 2013

Nasiba Surkiýewa 2013ýylyň uçurumy bolsa, institutyň awraýyny galdyrjak başga bar bolsa bolýar, hakyky türgende

shutnick
03 апреля 2013

göz degmesin indi duşuşyk geçirip başlapdyrlar, bu işiňizä gowuja, good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11682 sek. ýüklenen baýt: 34038