Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
SENIŇ ADYŇDA
Ýazylan wagty: 06 марта 2015 Ýazan Shutnick
SENIŇ ADYŇDA

Dünýäň bar derýasy seniň adyňda,
Iňrigi, şapagy, ýagyşy, gary,
Meniň yhlas eden zatlarmyň bary —
Seniň adyňda,
Seniň adyňda.

Ýüzüni öpenim,
Tohum sepenim,
Bu dünýede ýitirenim, tapanym.
Topragym!
Gam-gussam seniň adyňda.

Sen bolmasaň, oňat bordy dogmanym,
Sen bolaňsoň, bu giň dünýä sygmanym,
Tylla gyryndysy edip ýygnanym
Namysym, mertebäm –
Seniň adyňda.

Seniň päk adyňda görki bu dünýäň,
Ylaýym sarsmasyn örki bu dünýäň.
Dünýäniň mukaddee ähln zadyny
Jemländen soň,
Seň ajaýyp adyňy
Bir ullakan wysal,
Uly ynam dek,
Doga kimin gaýtalaýan her gezek.
Okalan sany: 192   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,18657 sek. ýüklenen baýt: 34980