Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Barha batly badymyz
Ýazylan wagty: 03 апреля 2013 Ýazan Mayichka

    Golaýda kikboks boýunça erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Paýtagtymtzyň «Galkynyş» köpugurly sport toplumynda geçirilen bu bäsleşikler  hünärmenlere Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlaryna gatnaşjak milli ýygyndy toparymyzyň düzümini kesgitlemäge mümkinçilik berdi.


      Ýurdumyz boýunça ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenabatda geçirilen ýaryşlarda bolsa 13 ýaşly sport ussady Saparmyrat Atabaýew 1-nji orny eýeledi.Türkmenabatda şeýle hem 12 ýaşa çenli ýaşajyk küştçüleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda bäsleşikler geçirildi.Onda Muhammet Ezizow we Annagözel Mekanowa ýeňiji boldular.


      Aşgabatda guralan milli derejedäki ýaryşlaryä hatarynda badminton boýunça paýtagtymyzyň 24-nji orta mekdebinde geçirilen Türkmenistanyň çempionatyny agzamak bolar.Şol gün basketbol boýunça Türkmenistanda birinjiligi alan toparyň hem ady mälim edildi.Şeýle-de, paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň ugrunda welosiped sporty boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirilip, onda welaýatlaryň we paýtagtymyzyň türgenleri çykyş etdiler.


  Möhüm ýaryşlaryň hatarynda,ilkinji nobatda,suwda ýüzmek boýunça Türkmenistanyň birinjiligini görkezmek bolar.Bu bäsleşik Aşgabadyň suw sport toplumynda geçirildi. Ähli welaýatlardan gelen ýaş türgenler nobatdaky gezek 50 metrlik howuzda suwda ýüzmegiň dürli görnüşleri boýunça bäsleşdiler.


   Daşoguz welaýatynda 1999-2000-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda welaýatyň birinjiligi ugrundaky ýaryş diýseň özüne çekiji boldy.Aşgabatda bolsa 13 ýaşa çenli türgenler şäheriň birinjiliginiň çäklerinde grek-rim göreşi boýunça bäsleşdiler.


 Türkmenbaşy şäherinde erkin göreş boýunça şäheriň birinjiligi geçiridi. Şeýle-de, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde göreşiň irki görnüşi—“nusgawy” we erkin göreşleri boýunça ýaryşlar guraldy.


     Talyplar hem sagdyn durmuş ýürelgesini wagyz etmäge işjeň gatnaşýarlar.Paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň sport meýdançalarynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” hepdeligine bagyşlanyp sportuň birnäçe görnüşlerinden ýaryşlar geçirildi, hem geçirilýär. Hepdelik gyzgalaňly dowam edýär.


Okalan sany: 483   Jogaplar: ( 3 )

marala
03 апреля 2013

sag bol, maýiçka gyzykly maglumatlaryňyza, şu hepdede türkmenistanyň dürli künjeklerinde ýaryşlar geçirilýär,good 

Garabeg
03 апреля 2013

Ýaryş,Ýaryş,Ýaryş ýenede ýsryş, şu hepdeligiň özi sport bilen baglanşykly hepdeyahoo

shutnick
03 апреля 2013

sag boluň,sportdan başga mowzuk goýsaňyzam bolýan ýalyla, diňe sport barada maglumatlaryňywinkz


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06043 sek. ýüklenen baýt: 34852