Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
NAKYLLAR.
Ýazylan wagty: 03 апреля 2013 Ýazan Mayichka

 


                                     


     Bar-bar işden bar, işlemedik zada zar.


     Abraýly ýigide ýaraly keýik sataşar.


     Bagtlyny yzlama, bagt ýoluny yzla.


     Edep başy dil.


     Dil düwnüni diş çözmez.


     Dilde ygtyýary ýoguň ilde ähtibary ýok.


     Göz gyragy görer, akyl-ýüregi.


     Gyz gylygy bilen,ogul edebi bilen.


     Özüň özüňe baha berme, il saňa baha bersin.


     Serçe daga gonsa-da, dagyň ondan habary ýok.


     Syrçaly gabyň syrçasy gitse-de, sarpasy gitmez


     Goýunda erek eti, guşda barak eti.


     Bir sözle, iki diňle.


     Dil bilenler galadyr, dil bilmezler beladyr.


     Dil ýaňylar, dogrusyny diýer.


     Dili ötgür adam märekäniň öňünde daýanar.


     Jemala bakma, kemala bak.


     Senet- eliň altyn bizeligi.


     Ýüwürjim bar, ýedi ýegenim bar.      


                          


 


                        DIL  HAKDA.


 


     Haçan-da öz diliňde daşary ýurt dilindäki sözüň doly manysyny berip bilýän söz barka, ol söze derek özge dilden sulanmak sagdyn manyny we şirinligi äsgermezlik etmekdir.


    Biz soeatlylygy we dili aýrabaşgalaýarys, hakykatda welin, şeýle bölünişik ýokdur.


    Daşary ýurt dilleriniň, isleseň, ýüzüsinde gepleş, ýöne welin ene diliňi hiç wagt unutma.


    Dil pikirlenmegiň ýaragydyr.Düşünjämizde näme bar bolsa, olaryň ählisi dilimizde bardyr.Dilimizdäki sözler düşünjämiziň aňlatmasydyr.


     Adamyň dilini näme bilen deňeşdirip bolar? Ol hazynanyň açarydyr.Onuň gapysy ýapyk wagtynda içinde näme bardygyny__ gymmatbaha hazyna barmy ýa-da gerekmejek zatdan dolumy__ ony hiç kim bilip bilmeýär.


      Eger özüňe ýaramaýan zada derek başga bir zat teklip edip bilmejek bolsaň, diliňi dişläp otur.


      Adamzadyň ýaşaýşy dili bilen aýrylmaz baglanşyklydyr.


      Diliň wezipesi diňe habar bermek däldir, eýsem, göz öňüne getirmäni hem aňlatmakdyr.


      Men täze bir dil öwrenmäge girişenimde, oňa täze bir iş guralyny özleşdirýän ýaly çemeleşýärin.


      Gepleşigiň ýüze çykmagynyň özi diliň syrydyr.


      Biz, özara gepleşýänler üçin dil aralykçydyr.Dil biziň özümizi we gaýry zatlary aňlatmagymyza bize kömek edýän närsedir.


      Diliň açyklygy onuň gazanan uly ýeňşidir.


      Diliň güýji onuň sözleri aýdýanlygyndadyr.


      Uçgundan ýangyn döredip bilýän zat adamyň dilidir.


      Hakykaty isleseň, diliňi jylawlama.


      Erbet dil ýüregiň erbetliginiň alamatydyr.


      Hemişe adamyň dilinde bir zat, aňynda başga zat.


 


  

Okalan sany: 14125   Jogaplar: ( 5 )

marala
03 апреля 2013

Dilimiziň barlygyna şükirler edip dogry we manyly geplemegi başarmagam, öz ene dilimiza hormat goýdygymyzdyr, tüweleme Nakyllaryňyzy haladymgood, ýenede ýetirip duryň

NEXTTM
03 апреля 2013

Eger özüňe ýaramaýan zada derek başga bir zat teklip edip bilmejek bolsaň, diliňi dişläp otur. Howa käbir adamlar kim bilen nähili gürlemelidigini bilmän agzyna gelenini gürläberýär. goodsag bol

Garabeg
03 апреля 2013

Ol aýdýanlaryňyzama dogry,scratch_one-s_head

shutnick
03 апреля 2013

Öwrenäýmeli nakyllar, fool

Betman
04 апреля 2013

haladym esasy gerikli zerur zatlarymyzyň biri hem shout


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06221 sek. ýüklenen baýt: 46768