Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Ýaşaýyş maksatnamanyň netijeleri
Ýazylan wagty: 07 марта 2015 Ýazan NEXTTM

Ýaşaýyş maksatnamanyň netijeleri

Düýpli özgertmeleri amala aşyrýan ýurdumyzда ykdysady taýdan gülläp osüşiniň, halkymyzyň abadançylygynyň kuwwatly binýadyny tutýar. Adamlaryň abadançylygy her bir maşgalanyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary bolmagy, her bir adamyň öz döredijilik başlangyçlaryny, arzuw-islegleriniň durmuşa geçirmek mümkinçiligine eýe bolmagy Тüркменистаныň Президентиниň amala aşyrýan beýik işleriniň baş maksady.

Юрдымызда giňden durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň  we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde täze eýýamyň döredijilikli zähmetine beslenen işler giňden ýaýbaňlandyrylýar, etraplaryň obalary gözel görke girýär,etrap merkezi döwrebap özgerýär, ilatyň durmuş - ýaşaýyş  şertleriniň ýokary derejesi üpjün edilýär. 

Ykballary baky bagta ulaşýan ösüşlere sary bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşini görkezmäne  göz, taryp etmänе söz gerek.

Gysga wagtyň içinde ýurdumyzda birnäçe özgertmeler amala aşyrylýar, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlarynda, oba hojalygynda, saglygy saklaýyş ulgamynda, ulag aragatnaşyk pudagynda, gurluşykda mahlasy ýurduň ähli pudaklarynda gysga wagtyň içinde birnäçe asyrlara barabar işler amala aşyryldy. Häzir ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy çalt depginler bilen  alnyp barylýar.

Ýaşaýjylar üçin dürli hyzmatlary edýän desgalar bilen bir toplumda gurulýan täze oňaýly jaýlara eýýäm öý eýeleriniň ýüzlerçesi mynasyp baha berdiler. Bu jaýlarda aşhanalar döwrebap durmuş tehnikalary bilen üpjün edilen. Jaýlaryň töwereginde abadanlaşdyrylan dynç alyş zolagy ýaýylan, agaç nahallary oturdylan, gül aýmançalary, çagalar we sport bilen meşgullanmak  üçin meýdançalar gurulan.

 Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän ak mermerlere beslenen birnäçe desgalaryň, durmuş medeni maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy ugruna gönükdirlendir. Ol gurlup ulanylmaga berilen binalarda we ýaşaýyş jaýlarda dünýä ülňelerine gabat gelýän ähli mümkinçilikler we şertler döredilipdir. Şeýle durmuş medeni maksatly binalar we ýaşaýyş jaýlar, ak şäherimiz Aşgabatda däl eýsem welaýatlarda, etraplarda, obalarda gurulyp ulanylmaga berilmegi ildeşlerimiziň göwün  guşuny ganatlandyrýar.

 

 
Okalan sany: 202   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12317 sek. ýüklenen baýt: 32110