Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
TYMSALLAR
Ýazylan wagty: 03 апреля 2013 Ýazan Mayichka

                               .


                      Nokat we otur hakynda.


 


Bir ylymly adam owadan hat ýazýan şägirdine kitaby göçürmegi tabşyrypdyr:


 __ Kitap göçürmegem sungatdyr.Seniň owadan hatyň kitabyň manysyna don geýdirer – diýipdir.


      Şägirt bir gün kitaby göçürip bolandygyny aýdypdyr.


  Halypa:


  __ Sen ony bir laý täzeden barladyňmy?-diýipdirler.


  Şägir göçüren kitabynyň dürslügini barlamandygyny aýdypdyr.


  Halypa kitaby dogry göçürenini barlamagy tabşyrypdyr.


  Şägirt ýene bir gün kitaby barlandygyny aýdypdyr.Halypa:


  __ Nokatlaryny we oturlaryny ýerli-ýerine goýduňmy?-diýip sorapdyr.


Şägirt:


 __ Men şoňa üns bermändirin - diýipdir.


Halypa:


  __ Eý, oglum, nokatlary, oturlary ýerli-ýerinde goý.Olar manynyň öwüşgini, kitabyň nurudyr – diýipdir.


   


                                  ÖZÜŇI TANAMAK.


 


Bir gezek Jelaleddin Rumynyň şägirtleriniň biri:


 __ Pylany meniň gürrüňimi edipdir.Ýalançy,aýdan sözünde derek ýok – diýipdir.


Rumy:


 __ Sen şol adamyň aýdyşy ýalymy? – diýipdir.


 __ Ol:


Ýok, olar ýaly bolmakdan Alla saklasyn! – diýipdir.


 __ Onda gaharyň gelmesin, ol adam saňa ýene bir gezek özüňi tanamaga kömek edipdir.


                         


 


                                  IŇ YGTYBARLY DOST.


 


               Bir gezek Nejmeddin Kubranyň ýanynda bir ýaş ýigit özüniň dost tutmakda ýalňyşýandygyny, nähili adamy dost tutsa oňat boljakdygyny sorapdyr.


    Kubra şonda kitap okap otyr eken.Ol kitaby sypapdyr:


__ Iň ygtybarly dost kitapdyr.Köpräk oka, onsoň ol saňa durmuşda nähili adamy dost tutmalydygyny salgy bere – diýip jogap beripdir.


                   


Okalan sany: 730   Jogaplar: ( 3 )

Betman
04 апреля 2013

bir näçe wagtlap girip görmänsom, agzalar gatnaşyp başlapdyrlar, haladym good

NEXTTM
04 апреля 2013

Sag bol,gyzyklay wakalar we peýdaly maslahatlary paýlaşaňyz, bu jümleleri okan agzalar bir az özi hakda pikirlense gerek,scratch_one-s_head 

Jekson
04 апреля 2013

Özüňi aýna seredip tanaýmasaň bizä....rofl


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05677 sek. ýüklenen baýt: 42432