Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Täze oba” maksatnamasynyň çäginde Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda durmuşa geçirilýän işler barada.
Ýazylan wagty: 13 марта 2015 Ýazan NEXTTM
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Täze oba” maksatnamasynyň çäginde Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda durmuşa geçirilýän işler barada.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşi toplumlaýyn döwlet maksatnamalarynda, şol sanda sebitleriň ösüş maksatnamalarynda berkidilen ulgamlaýyn ýörelgelere esaslanýar. Her bir welaýatyň çäk aýratynlyklaryny we hususy kuwwatyny, olaryň hojalyk binýadyny, ulag-geografiki ýerleşişini nazara almak arkaly amala aşyrylýan döwlet sebit syýasaty sebitleri sazlaşykly ösdürmäge, olaryň ykdysadyýetini bazaryň talaplaryna laýyklykda düzümleýin üýtgedip gurmaga, ahyrky netijede bolsa, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. 


Дöwlet derejesinde birnäçe işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olara mysal hökmünde azyk, bilim, saglyk, medeniýet, gurluşyk, abatlaýyş işleriniň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde üns berilýän pudaklara öwrülendigini görkezmek bolar. Ady agzalan ulgamlarda gazanylan netijeler sanardan kän. Bu özgerişleri görüp, kalplary heýjana gelýän her bir türkmen raýaty buýsanmaga haklydyr. Şeýle hem bu ösüşler raýatlarymyzy ýurdumyzyň syýasy we ykdysady ösüşine saldamly goşant goşmaga borçlandyrýar. 


Ýaşaýyş jaýlaryny, toplumlaryny we obalary bina etmek, ýollary çekmek, kärhanalary gurmak, şeýlelikde, täze iş orunlaryny döretmek - bularyň hemmesi maýa goýum taslamalaryna degişlidir, olaryň durmuşa geçirilmegi sebitleri ykdysady taýdan ösdürmegiň täze nokatlaryny kemala getirmegi, olaryň işewürlik hem-de innowasion işjeňligini höweslendirmegi, ýurdumyzyň çäklerinde zähmet serişdelerini, hünärli işgärleri we ilatyň girdejilerini deňeçer paýlamagy maksat edinýär. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýaşaýyş jaýlary guruldy, gazgeçirijiler, elektrik ulgamlary, aragatnaşyk ulgamlary çekildi, awtomatiki telefon beketleri abatlandy, oba ýerleriniň durmuş we senagat düzümleriniň beýleki birnäçe desgalary ulanylmaga berildi. 


Lebap welaýatynyň Serdarabat etraby boýunça hem bellenilen işleriň ählisi amala aşyryldy. Iň aýdyň mysallaryň hatarynda etrabymyzyň çäginde gurlup, 2014-nji ýylyň 8-nji maýynda ulanylmaga berlen kuwwaty 149,2 megawatt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny aýdyp bileris. Bu häzirkizaman gaz turbinaly elektrik stansiýasy etrabyň ilatynyň diňe bereketli ojagyny däl, eýsem kalbyny hem nurlandyrýar. 


Halkymyz bu röwşen nurа bolan çäksiz mährinden özlerine ýeten paý hasaplaýar. 
2014-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda   Serdarabat etrabynyň çäginde häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan köpugurly söwda bazarynyň hem dabaraly açylmagy biziň buýsanjymyza buýsanç goşdy. Umumy bahasy 114 million manada barabar bolan bazar 50 gektar meýdany tutýar. Bu bazarda 680-den gowrak dükan, 1280 sany söwda bölümi işlmek bilen, bagtyýar raýatlarymyza ählitaraplaýyn hem bökdençsiz hyzmat edýär. Bu gündogar bazarynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öndürilen ýokary hilli harytlaryň dürli görnüşleriniň söwdasy guralýar. 


Bazarda azyk önümleri, hojalyk we senagat harytlary, egin-eşik we dokma önümleri, şeýle hem beýleki dürli harytlar ýurdumyzyň ilatyna elýeterli bahalardan hödürlenýär. Уlanmaga berilýän bu köpugurly bazaryň welaýatda ilata edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmaga we haryt bolçulygyny döretmäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirйäр  Ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek biziň alyp barýan syýasatymyzyň esasy ugrudyr. 


Şonuň ýaly-da Serdarabat etrabynyň bilim ulgamynda hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän mekdepler we çagalar baglary bina edilip, häzirki wagtda ýaşlara bilim-terbiýe bermekde möhüm orunlary eýeleýär. Has takygy, bilim ulgamyny ösdürmek barada 2012-nji ýylda etrabymyzyň “Dostluk” daýhan birleşiginiň “Pagtaçy” obasynda 640 orunlyk 38-nji orta mekdep ulanylyşa berildi. 2013-nji ýylda etrabymyzyň J.Hekimow adyndaky daýhan birleşiginiň “Gatyaryk” obasynda 640 orunlyk 39-njy orta mekdep, 2014-nji ýylda “Hojailli” geňeşliginiň “Ýeňiş” obasynda 640 orunlyk 40-njy orta mekdep ulanylmaga berildi. 


Etrabymyzda  mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi hem giň gerimde ösdürilýär. 2012-nji ýylda etrabyň “Guşçular” geňeşliginiň “Guşçular” obasynda 5-nji “Berkararlyk”, Gularyk geňeşliginiň “Uçbaş” obasynda 6-njy “Bägül” çagalar baglary körpeleri kabul etdi. 2014-nji ýylda “Boýrabap” geňeşliginiň “Baýdakçy” obasynda 160 orunlyk 7-nji “Kenar” çagalar bagynyň, N.Gutlyýew adyndaky geňeşligiň “Ýaşlyk” obasynda 8-nji “Serpaý” çagalar bagynyň, “Talhanbazar” geňeşliginiň “Gum” obasynda 160 orunlyk 9-njy “Köşek” çagalar bagynyň gurluşyklary üstünlikli tamamlandy we 2015-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, körpeleri kabul etdi. Etrabyň çäginde bina edilen binalaryň  hatarynda täze gurlan sport mekdebini hem bellemek bolar. Has takygy, etrabyň Guşçular geňeşliginde 1-nji sport mekdebi ulanylmaga berildi. Bu täze sport mekdebi häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen doly üpjün edilip, halkara ýaryşlarynda  ýurdumyzyň adyndan üstünlikli çykyş etjek ussat türgenleri taýýarlamakda möhüm ähmiýete eýe bolar. 


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikler döwletimize ilatyň durmuş derejesini iň ýokary derejelere götermäge mümkinçilik berýär. 

Okalan sany: 533   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05193 sek. ýüklenen baýt: 37288