Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
TÄLEÝNAMAŇYZA BAKYŇ !
Ýazylan wagty: 14 марта 2015 Ýazan Mayichka

Türkmen halky  gadymdan bäri maldarçylyk  bilen meşgullanypdyr. Goýun  malyny düşewüntli hasaplap, ony ýylyň-ýylyna köpeldipdir. Goýnuň etinden, ýagyndan, süýdünden, derisinden başga-da, ýaz yüňünden haly, palas önümleri dokalyp, güýz  ýüňünden  bolsa  keçe  edilipdir.  Garaz, goý­nun ýüňünden başlap, çörüne çenli yrýa zady bolmandyr.  


Milli müçenamamyza  ser salanymyzda, Bedew ýylyndan soň Goýun ýyly gelýär. şeýlelikde, 2015-nji yyl Goýun ýyly hasaplanyp, onun tebigaty — daragt, reňki gök, ýaşyl hasaplanýar. Munuň hem sebäbi Gündogarda müçenamalar tebigaty boýunça 5 topara bölünýär: ýer, suw, ot, metal, daragt. Hünärmenler tebigaty daragt  bolan goýun ýylynyň ygally bolýandygyny, ekerançylykda bol hasyl alynýandygyny aýdýarlar.


2015-nji ýyly – Goýun  ýyly berekede beslenip, iň gowy ýyllaryň biri hökminde Garaşsyzlygymyzyň taryhyna ýazyljakdygyna ynanýarys.


 


HAMAL (GUZY, 21.03 – 20.04)  Bu ýylda Hamallar diňe öz zehinine ynam etseler, onda örän uly netijelere ýetip bilerler. Bu ýerde olar durmuşda bolup geçýän wakalara şadyýanlyk, ýeňillik bilen garamalydyrlar. Hamallaryň zehini, maksadaokkunlygy olaryň  hünär  başarjaňlygyna ýol açýarlar. Eger-de bu adamlar öňki işini çalyşyp,  sungatda, döredijilikde  özlerini  synlap görmekçi  bolsalar, onda olar “gowy” günlere garaşman, arzuwlaryny berjaý etmeklige başlabermeli.


2015-nji ýylda Hamallar ýaltalyga ýol bermelidäldirler, olar diňe hereketde bolmalydyrlar. Çagalar bilen bagly işler bolsa bütin ýylyň dowamynda Hamallar üçin iň wajyp mesele bolup durar.


 


Sowur (ÖKÜZÇE, 21.04 – 21.05)  Sowurlar üçin 2015-nji ýyl dogan – garyndaşlary, maşgalasy, öýi, ojagy bilen baglylykda geçer. Olar täze mana, täze mazmuna eýe bolarlar. Diňe bu ýerden Sowurlar goldawa, hemaýýata garaşyp bilerler. Täze ýylda olarda maşgala agzalary bilen ýaraşmak, olar bilen täze gatnaşyklary açmak üçin mümkinçilikler dörär. Eger-de Sowurlar öňki ýyllarda dogan – garyndaşlaryndan daşrak bolan bolsalar, onda 2015-nji ýylda olar maşgalasynyň gujagyna dolanarlar. Bu ýerde olar öz sabyrlylygyny, hoşamaýlylygyny,  mylaýymlylygy doly göwrümde açyp görkezmeli.


Sowurlar üçin bu 2015-nji ýyl öýüň, masgalasynyň düýpli bejeriş işleri bilen baglydyr. Şeýle hem gozgalmaýan emläginiň, mülküň söwdasy  şowuna bolar.


 


Jöwza (EKIZEKLER, 22.05 – 21.06) Jöwzalar üçin 2015-nji ýyl iş bilen baglanyşykly aragatnaşyklar bilen bagly. Täze tanyşyklar, dostlyk gatnaşyklary  Jöwzalara maksatlaryna ýetmek üçin uly ýardam bererler. Täze gazanalan bilimler, täze maglumat size üstünlik getirer. “Men ähli zatdan habarly!” – bu şygyr siziň 2015-nji ýylda baş şygaryňyz  bolmalydyr.


Şeýle hem 2015-nji ýyl okaýan, bilim alýan Jöwzalar üçin örän şowly bolmaly. Olar öz hünär başarjaňlygyny ösdürmäge, bilimini giňeltmäge uly mümkinçilik edinerler.


 


Seretan (LEŇŇEÇ, 22.06 – 22.07) 2015-nji ýyl Seretanlar üçin maliýe ýagdaýyny gowlandyrmaga mümkinçilikleri döreder. Maýanyň ýetmezligini duýan Seretanlar baýamasalaram ýaşaýyş ýagdaýyny gowulandyryp bilerler. Bu ýylda maýany toplamak, ýygnamak mümkinçiligini elden sypdyrmaň, biderek pul sowmaň, geljekki durmuşyň aladasyny ediň! Siz üçin bu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmeli iň wajyp mesele – bu girdeýjini köpeltmek we çykdaýjyny azaltmak. Emma bu ýerde “Husyt iki tölär” diýen nakyly ýatdan çykarmaly däldir. Satyn alaňyzda diňe ýokary hilli zatlary almalydyr. Sizi bezejek, durmuşygyzy owadanlaşdyrjak zatlara üns beriň. Size hemmeleriň gözi gitmeli. Bu ýylyň ýazy we tomusy size täzelik getirer.


    2015-nji ýylda Seretanlar hem öz özlerine dogry baha bermeklige öwrenmeli. Öz mertebäňizi peseltmäň!


    


Eset (ÝOLBARS,  23.07 – 23.08) Esetler özüne göwünleri ýetýär, olar mydama özlerini ynamly alyp barýarlar. 2015-nji ýyl olaryň zehinleriniň açylmagyna giň mümkinçilikleri berer. Siz bir ýylyň dowamynda özüňizi görkezip, özüňiz barada töweregiňize “aýdyp” bilersiňiz. Özüňizi ynamly alyp baryň! Siz näçe tutanýerli, erjel bolsaňyz, şonça-da öz işiňizde haýyrly, peýdaly bolup bilersiňiz.


2015-nji ýyl – öz azsuwlaryňyzy durmuşa geçirmek üçin iň amatly pursat. Eger-de siz ýöregiňizde şu wagta çenli niýet edip ýören zadyňyz bar bolsa, onda şony aýtmak, berjaý etmek pursady ýetdi. Çekinjeňlige ýol bermäň!


 


Sünbüle (GYZ,  24.08 – 23.09) 2015-nji ýyl Sünbülelere dynç almaklygy, öz saglygyna seretmekligi, geçenler barada pikir etmeklige iň amatly pursatdyr. Olar bu wagty ýekelikde geçirmeli. Bu özüň üstünde işlemegiň, içki dünýaniň kämilleşmeginiň wagtydyr.  Täze ýylyň dowamynda siz geljekki durmuşyň binýadyny gurmaly. Geçen ýyllar we geljekki zatlar barada pikir etmek wagty geldi. Bolup geçen wakalary seljerip, siz täze durmuşy başlap bilersiňiz. Bu seljermäni diňe özbaşdak, kim-de biriniň köpegine ynanman geçirmeli.  


 


MIZAN (TEREZI,  24.09 – 23.10) 2015-nji ýyly Mizanlar dostlary, pikirdeşleri, ýaranlary bilen geçirmeli. Ýeke özüňiz hereket ediji bolmaň! Ösüşe diňe agzybirlikde ýerine ýetirilen iş alyp barar. Dostlaryňyz bilen el açyk, jomart boluň, olar hem size öz minnetdarlygyny beýan ederler.


Ähli täzeliklere, adaty bolmadyk zatlara üns beriň, öwrenmäge, öz üstüňizde işlemäge, ösmäge ýaltanmaň. Adamçylygyňyzy, mylakatlylygy,  mähirliligi elden bermäň. Tehniki, sosial, gumanitar täzeliklere ýol beriň. Olara öz kalbyňyzy açyň! Eger-de siz 93 ýaşanam bolsaňyz, agtygyzyň alyp beren telefonyň täze modelini öwreniň, ony ulanmaga çalyşyň.


2015-nji ýylda Mizanlara maşgala agzybirligi, rahatlygy garaşýar.


 


AKRAP (IÇÝAN, 24.10 – 22.11)  2015-nji ýylda Akraplar üçin hünär derejesini ösdürmek, kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikler garaşýar. Olar has-da salykatly, agras bolarlar, şeýle hem işlerine jogapkärli, yhlasly, erjel garap başlarlar. Bu ýagdaý täze ösüşlere, täze zähmet hakyna eltip biler. Ýolbaşçylar size üns berip, gadyryňyzy bilip başlarlar. Işdeş ýoldaşlaryňyzyň abraýyny gazanyp başararsyňyz. Şu wagt zähmet çekýän ulgamyňyzda ösüşe mümkinçilikler ýok bolsa, onda iş ýeriňizi üýtgetmek üçin jan ediň.


Üstünlik siziň hemraňyz!


 


KOWUS (KEMAN,  23.11 – 21.12)  2015-nji ýyl bilimiňizi, gözýetimiňizi, aňyýetiňizi giňeltmäge gowy mümkinçilikleri berer. Mysal üçin, okuwa girşek ýa-da iş ýerini üýtgetjek bolýan Kowuslar  öz maksadyna ýeňillik bilen ýeterler. Emma olar bu ýerde yhlas etmeli bolarlar. Ýaşuly Kowuslara hem öz üstünde işlemeklik maslahat berilýär. Siz  daşary ýurt dillerini öwrenip, hünäriňizi kämilleşdirip bilersiňiz.


2015-nji ýyl Kowuslar üçin ösmegiň, özgertmegiň wagty. Ýaltanmaň: çekseň zähmet, ýagar rehnet!


 


JEDI (OWLAK, 22.12 – 20.01) 2015-nji ýyl Jediler üçin ähli täzeliklere, özgertmelere ýol berilmeli wagty. Ähli täzeliklere, adaty bolmadyk zatlara üns beriň, öwrenmäge, öz üstüňizde işlemäge, ösmäge ýaltanmaň. Ähli köne zatlardan daşlaşmagy, olary ýatdan çykarmagy size maslahat berilýär.


2015-nji  ýylyň  birinji  üç  aý siz üçin iň kyn döwür bolar. Emma soň bolsa siň täzelige “gapyňyzy açyp”  başarsaňyz, size uly üstünlik garaşýar.


 


DALUW (GOWA,  21.01 – 19.02) 2015-nji ýyl Daluwlar üçin bagtly duşuşyklaryň, täze tanyşlyklaryň ýyly. Başga biriniň durmuşy  siz üçin gowy nusga bolup biler. Bu ýyl siz üçin ýaryňyzy tapmak, bagtly bolmak üçin iň amatly pursat. Täze tanyşyklar, dostlyk gatnaşyklary  Daluwlara maksatlaryna ýetmek üçin uly ýardam bererler. Täze gazanylan bilimler, täze maglumat size üstünlik getirer.


Ýoluňyz ak bolsun!


 


HUT (BALYK,  20.02 – 20.03) 2015-nji ýyl Hutlara üstünlik wada berýär. Olaryň durmuşynda ýeňillikler, aňsat ýol bilen ähli meseleleriň çözüljegine ýyldyzlar wada berýärler. Olara kömek etjekleriň sany hem artýar.


Olaryň öýlerinde bolelinlik höküm sürýär. Olar täze öý enjamlaryny (kir ýüwýän maşyny, gap-gaçlary ýüwýän enjamy) satyn alarlar. Şol sebäpden olaryň boş wagty artar, olar maşgalasynyň arasynda dynç alarlar, gezelençe çykarlar.


2015-nji ýylda Hutlar öz saglygyny berkitmek barada hem alada etmeli.


Okalan sany: 733   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
14 марта 2015

Tâleýnamany terjime edip ýazsamam ýazdym welin okujylarymyzyñ göwnüne ýararmyka.

Krassavchik
16 марта 2015

mayichka yarady, sagbol gyzykly maglumayna!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04154 sek. ýüklenen baýt: 63509