Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
GALKYNÝAR,GÜLLEÝÄR GARABEKEWÜL
Ýazylan wagty: 16 марта 2015 Ýazan NEXTTM
GALKYNÝAR,GÜLLEÝÄR GARABEKEWÜL

Garabekewül etraby hakda gürrüň açylanda ilki bilen diňe bir garabekewüllileriň däl, eýsem tutuş türkmen halkynyň guwanjyna öwrülen, Watan topragynyň her daban ýerini şirin janyna deňäp, eli kesgir gylyçly, dili joşgunly goşguly goran watançy şahyryň sesi asyrlaryň jümmüşinden gulagyňa eşidilen ýaly bolýar:
Watan üçin çykdym gyr at üstüne,
Tä janym çykynça,dönmenem,begler.
Dikdir serim, düşmen duşman astyna,
Sil deý aksa, gandan ganmanam, begler.

Türkmenabat-Atamyrat awtoulag ýoly bilen gaýdyp, Garabekewül topragynyň çägine aralaşanyňda belent gyryň üstünde bedew atyndan düşüp, öz dogduk diýarynyň özgeren keşbini guwanç bilen synlap duran
şahyryň bürünç heýkelinde gözüň eglenýär. Ýadygärligiň bäş-on ädim gapdalynda, belent gyryň günorta ýapgydynda-da sahyryň dosty, söweş
egindeşi Soltanýaz begiň galasynyň diwarlary seleňläp otyr.

“Gürrüňiň üstüni gürrüň açar” diýlişi ýaly galalar hakynda gürrüň edilende Garabekewül etrabynyň öz çäginde ýerleşýän galalaryň, häzirki döwürde üstünden telim asyrlaryň geçmegi bilen öňki gala suduryny ýitiren beýik depeleriň (Gökdepe, Kekreli depe, Legleňňe depe, Sazakly depe, Häzärek depe...)  sany boýunça welaýatda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Bu bolsa Amyderýanyň orta akymynda ýerleşýän etrabyň uly söwda ýollarynyň ugrunda ýerleşip, baryp biziň eýýamymyzdan öňki döwürlerde-de köp ilatly ösen sebitleriň biri bolandygyny aňladýar. Muny geçen asyryň 80-90-njy ýyllarynda arheologlaryň, taryhçy alymlaryň etrabyň çäklerindäki taryhy ýadygärliklerde geçiren gzuw-agtaryş işleri mahalynda tapylan kümüş we altyn pullar,dürli iş gurallarynyň galyndylary, şaý-sep esbaplary-da aňry ýany bilen subut edýär.

Etrabyň ýaşaýjylary-da ähli türkmen halky bilen bilelikde özleriniň hakyky bagt ýyldyzyny şanly Garaşsyzlygymyzdan soň tapdylar. Ençeme asyrlap garaşylan Garaşsyzlyk türkmen halkyny öz milli baýlyklarynyň hakyky eýesine öwürdi. 2007-nji ýylyň ahyrynda kabul edilen we 2008-nji ýyldan başlap üstünlikli durmuşa geçirilip başlanan “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şerttlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin milli Maksatnamasy”  bolsa munuň aýdyň subutnamasy boldy.

Şu Maksatnamanyň çäklerinde Garabekewül etrabynda 2010-njy ýylda etrap merkezinde 365 orunlyk sport mekdebi, 2011-nji ýylda ýylda etrabyň Aşgaly obasynda Saglyk öýi, Seýdi daýhan birleşiginiň Saltyk obasynda 100 orunlyk çagalar bagy, 2012-nji ýylda  ýokarda ady agzalan daýhan birleşigiň Şorly obasynda 100 orunlyk çagalar bagy, etrap merkezinde sport desgasy gurlup ulanylmaga berildi. 

2014-nji ýylda hem etrap merkezinde 75 orunlyk çagalar bagynyň, Yslam geňeşliginiň Gumakly obasynda 192 orunlyk orta mekdebiň, Akgala geňeşliginiň Kekreli obasynda 200 orunlyk orta mekdebiň, Ärsarybaba geňeşliginiň Haýran obasynda 90 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy tamamlanyp ulanylmaga berildi.

Şeýle hem etrap merkezinde 624 orunlyk orta mekdebiň  Akgala geňeşliginiň Kekreli obasynda gurlan 90 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy tamamlanyp barýar.Olarda binalaryň içinde we daşynda boýag, inženerçilik ulgamlaryny çekmek işleri alnyp barylýar. Häzir etrap merkezinde Medeniýet öýüniň gurluşygyna hem badalga berildi.

Etrabyň Zelili geňeşliginde  şu Maksatnamanyň çäklerinde  täze döwrebap obanyň gurluşygyna girişilenine şeýle bir köp wagt geçmese-de, eýýäm bu ýerde gurulýan  geňeşligiň edara binasynyň, 600 orunlyk orta mekdebiň, 140 orunlyk çagalar bagynyň, 280 orunlyk Medeniýet öýüniň,ýaşaýyş jaýlarynyň gün-günden beýgelýän binalary gözüňi dokundyrýar.

Bu etrapda esasy önümçilik pudagy bolan oba hojalyk ulgamy hem batly depginler bilen ösýär.Geçen ýyl etrapda pagtanyň we dänäniň ýokary hasyly kemala getirildi we isripsiz ýygnalyp alyndy. Bu ugurda etrabyň esasy suw geçiriji arteriýasy hasaplanýan Garabekewül kanalynyň ähmiýeti örän uludyr. 1929-njy ýylda  gurluşygyna girişilip, ýurdumyzda ilkinji gezek el güýji bilen gazylan bu kanal iňňän gysga möhletde gurlup, oňa eýýäm 1930-njy ýylda Amyderýadan suw goýberilýär. Bu kanalyň umumy uzynlygy şol döwürde 50 kilometre golaý bolupdyr. Onuň gurluşygyna ýurdumyzyň beýleki etraplaryndan hem adamlar kömege gelipdirler. Bu kanalyň gurluşygy barada şol döwürde gysgajyk dokumental kino hem surata düşürilipdir. Häzirki döwürde kanalyň suw geçirijilik ukyby başlangyç döwründäkisine seredende ençeme esse köpeldi. Onuň hanasy giňeldilip, uzunlygy-da ençme menzil artdyryldy. Kanalyň ugrunda täze inženerçilik desgalary bina edildi. Garabekewülliler häzirki günlerde bu desgany özleriniň ata-babalaryndan galan miras hökmünde aýawly saklaýarlar we oňa guwanýarlar.
       
Garabekewül şäherçesi hem ýýlsaýyn özgerýär we gözelleşýär. Soňky ýyllarda şäherçäni ikä bölüp geçýän Seýdi köçesiniň durky täzelendi. Köçede awtoulaglaryň ikitaraplaýyn gatnawynyň otasynda dürli güller we saýaly agaç nahallary ekilen bezeg zolajygy döredildi. Köçä gijelerine töwerege üýtgeşik nur çaýýan täze çyralar oturdyldy.Bu köçäniň iki gyrasyna soňky ýyllarda bina edilen owadan jaýlaryň hatary görk berýär.

Okalan sany: 413   Jogaplar: ( 1 )

Krassavchik
17 марта 2015

etraplarymyz obalarymyz shaher4ellemiz goy gullesin ozgersin Allajan!!!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05359 sek. ýüklenen baýt: 36206