Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Lebap welaýat kitaphanasy
Ýazylan wagty: 17 марта 2015 Ýazan NEXTTM
Lebap welaýat kitaphanasy

Amyderýanyň boýunda ýerleşen gadymy Lebaby bu gün görmäge göz gerek. Welaýatyň obalary, şäherleri has gözelleşdi. Bu ýerde geçen ýyl Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty bolup geçdi. Maslahatyň öňüsyrasynda Türkmenabat şäherinde Lebap welaýat kitaphanasynyň döwrebap binasy gurlup ulanylmaga berildi.

Bu ajaýyp kitaphana Garaşsyzlygyň beren bagtynyň, gör, neneň uludygyny, ylhamlara ganat bagladýan güýjüniň beýik gudratyny aýdyň görkezýär. Kitaplar hazynasynyň binagärlik keşbi bolsa örän özüne çekijiji bolup ruhuňa örän oňyn täsir edýär. Kitaphanada bolan adam özüni şeýle bir ruhubelent duýýar. Amyderýany alkymlap oturan, günsaýyn gözelleşýän gadymy şäherde asman jisimlerine syn etmek üçin teleskopy, baý kitap gory bilen üpjün edilen döwrebap kitaphananyň gurulmagy diňe bir şäheriň däl, eýsem bütin welaýatyň ýaşaýjylarynyň ruhuny galkyndyrdy.

Türkmen topragynda gadymda hem baý gorly ajaýyp kitaphanalar bolupdyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe adamy täze belentliklere galkyndyrýan, ruhuny belent edýän, adamzat nesilleriniň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar.

Biziň ýurdumyzda ylym-bilime, okamaga bolan isleg-arzuwlara uly hormat goýulýar. Ýurduň çäginde medeni-durmuş maksatly döwrebap binalaryň gurluşyklary giňden ýaýbaňlandyrylýar. Lebapda olaryň ýüzlerçesi ilata gurlup berildi.

 

Okalan sany: 454   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14643 sek. ýüklenen baýt: 30199