Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Mydama juwandyr bziň zenanlar.
Ýazylan wagty: 17 марта 2015 Ýazan NEXTTM

Mydama juwandyr bziň zenanlar.

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda öz aýal gyzlaryna uly hormat goýup, olary başlaryna täç edipdirler. 

Soranmyş bir wagt Aý güne bakyp,
“Dünýäniň görki ne aýdyp bersene?”
Gün hem diýenmiş nuryny döküp,
“Dünýäniň bar görki Enedir Ene!”

Zenanlara şeýle hormat goýan halklar barada ajaýyp aýdymlary, sazlary, rowaýatlary, goşgylary, nakyllary.... döredipdirler. “Asylly zenan öýüňi bezär, kelpaz zenan boýuny ”, “Gyrasyny görde bizini al, enesini gör-de gyzyny al”. Ilki-ilkiler döwlet başy ogul hasaplanyp, gyz maşgala ikinji orunda görülen bolsa, durmuş ol kesgitlemä öz düzedişini girizipdir.

Diýerler:”-Ogydyr döwletiň başy,”
Geliň, düzedeliň köne ýalňyşy:
Tapawut ýok oglan-gyzda bu zaman,
Ikisem perzentdir, ikisem ynsan.
Oglan gyzça ýokdyr bolsa görümsiz,
Kändir akylly gyz ýigide berimsiz.

Pederlerimiz öz gelin-gyzlaryny mahabatlandyryp, olary wasp edip, atlaryna aýdymlar döredipdirler. “Aýjemal”, “Ýandym göteriň sandygy”, “Ogulmeňli”.... 

Zenanlar özleriniň ajap häsiýeti wepadarlygy, işeňňirligi, inçe sungaty bilen töweregi aňk edipdirler. Keşdelenen egin-eşikler, ajap keçeler, sungatyň ýokary derejesine ýeten halylar görenleri haýran edipdir. 

Şeýle, bir rowaýat bar. Bir patyşa türkmen zenanynyň inçe sungatyna haýran galyp, oňa özi üçin dünýäde deňi-taýy bolmadyk halyny dokamagy buýurýar. Haly taýyn bolýar. Halaýyk bu sungata haýran galýar. Patyşa bolsa: “Goý, şeýle sungat gaýdyp döremesin” diýip, ony dokanyň gözlerini oýdurýar. Şonda-da ol halkyň ganyna siňen sungaty öldürip bilmeýär. Täze eserler ýene-de dünýä inýär. Täze eserleriň döreýşi ýäly, zenanlarymyz öz hüwdilerini täzeläp, döwre görä üýtgedip durýarlär. 

Kompýuter dulumyzda,
Noutbuk bardyr elimizde,
      Ýalan ýokdyr sözümizde,    
Dürli diller bilýäs-diýip läle kakýan gyzlaryň waspyny, eneler şeýle sözler bilen bezeýärler.

Çaga durmuşyň güli,
Enesiniň bilbili,
Senden tamamyz uly,
Guwandyr sen eneňi.

Aýlanaýyn boýuňdan, 
Her gün örgin öýümden,
Sähetli gün toýuňdan
Omaça ber eneňe.

Ogul-gyzlaram eneleriň waspyny ýetirip, şeýle jümleler düzüpdirler.
Maşgalada uly işler bitirin, 
Gijesini biynjalyk ötüren,
Çagalykdan şu günlere ýetiren,
Eziz enem, bolsam seniň gurbanyň,

Türkmeniň atly gelin-gyzlary Burla hatyn, Altynjan hatyn, Güljemal han, Sülgün han,... ýaly edermenleriň yzyny belli sungat hadymlarymyz Suraý Myradowlar, Annagül Annagulyýewa, Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa dagy alyp göterýärler. Ajaýyp oýunlarda, kinolarda, operalarda çykyş edip, aýdym sungatymyza uly goşant goşup, adyny äleme äşgär eden bu zenanlaryň ençeme şägirtleri, bu gün olaryň ýollaryny dowam etdirýärler. Gelin-gyzlarymyzyň uly jemgyýetçilik işlerini alyp baryşlary ýaly döwleti dolandyrmakda hem işeňňirlik görkezýärler. Kärhanalaryň zawod-fabrikleriň işiniň göwnejaý bolmagyna ýolbaşçylyk edýärler. Deputat höküminde täze kanunlaryň döremegine gatnaşýarlar. Biziň milli Parlamentimiziň başynda hem maşgalanyň durýandygyny aýtsak, olara bolan söýgümizi beýan etdigimiz bolar. 

Ene bir gudratdyr, hiç bolmaz taýy,
Çeşme deý şildiräp gandyrar seni,
Arzuwda geçirip ol dokuz aýy,
Bu ýagty jahana indirer seni.

Eziz gör Eneňi, gara apatdan,
Daşda sakla kemsitmeden, gybatdan, 
Äpet hasap eýle ony Äpetden,
Birje pursat hem unutma Eneňi.

Hawa, Eneňi gora. Ony watana deňe. Watany eý görüşiň ýaly, başyňa täç et.

Ene ynjamasa sagat bor nesil,
Çagaň baş saglygy baglydyr Enä,
Eneden geçýändir perzende asyl,
Enäni aglatmak aýyglanç günä.

Ata Watan, Ene toprak diýilýär. Ene durmuşyň akabasy, sakasy, çeşmesi hasaplanýar. Enäni diňe watana deňäp bolar, ony watany söýüşiň deý söýmeli.

Biziň ýurdumyzda zenanlara uly hormat goýulýär. Her ýyl bahar baýramy bilen bir hatarda Halkara zenanlar güni bellenilýär. Döwlet tarapyndan zenan maşgalaň ulusyna-kiçisine sowgat ýapylýar. Enäniň mukaddesligi Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe uludan hatyralanyp bellenilip geçildi.

Hudaýýberdi Bäşimow.
Türkmenistanyň at gazana medeniýet işgäri.

Okalan sany: 377   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14688 sek. ýüklenen baýt: 39216