Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Bagtyýar zenanlaryň ýürek buýsanjy.
Ýazylan wagty: 18 марта 2015 Ýazan NEXTTM

Bagtyýar zenanlaryň ýürek buýsanjy.

Halkara zenanlar güni mynasybetli, her ýyl bolşy ýaly çagalar baglaryna gatnaýan körpe uýalarymyzdan başlap, kümüş saçly enelerimize çenli pul baýraklarynyň berilmegi, 8 we şondan köp çagany dünýä inderip, ösdürip ýetişdiren enelere «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda janypkeşlikli zähmeti bilen abraý gazanan zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylmagy, köp çagaly maşgalalara belent ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň berilmegi Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen durmuşa geçirilýändigine, “Meniň ilkinji nobatda ähli aladam halkym bolar!” diýen dana paýhasynyň iş ýüzüne geçirilýändigine doly şaýatlyk edýär. 

Eden işi em ýaly diýdirýän, zybanyndan dür, ellerinden gül dökülýän, kalby nurana arzuwlar bilen joş urýan gyz-gelinlerimiziň özlerine goýlan beýik sarpanyň hözirini görüp, öz agtyk-çowluklarynyň bagtyna guwanýan enelerimiziň nurana ýüzleri mähirden, gözleri guwançdan püre-pür. Olar özlerini dünýäde iň bir bagtyýar zenanlar hasaplaýarlar. Munuň aňyrsynda umman ýaly giň many-mazmun bar. Ähli beýik tutumlary, belent özgertmeleri, täze başlangyçlary ene hem perzent bagtyýarlygyndan, maşgala mukaddesliginden gözbaş alýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen we berilýän desgalaryň agramly böleginiň otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan has oňaýly ýaşaýyş jaýlary bolmagy, täze döwletli öýleriň gapysyndan “Bissimilla!” bilen mübärek gadamyny basmagy, täze jaýdan öý alan maşgala agzalary bilen duşuşmagy muny doly tassyklaýar. 

«Häzirki wagtda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady ösüşinde zenanlaryň orny barha artýar. Olar ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Şonuň üçin hem, berkarar Watanymyzda gülden näzik gyzlarymyzyň, asylly gelinlerimiziň, güneş kimin mähirli enelerimiziň sylag-sarpasy, abraý-mertebesi örän belentdir» diýýän döwlet Baştutanymyzyň döwletli çözgüdi bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli 7-nji martda paýtagtymyzdaky otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan has oňaýly 13 gatly belent ýaşaýyş jaýyndan ahli amatlyklar bilen üpjün edilen öýleriň köp çagaly eneleriň birnäçesiniň maşgalasyna muzdsuz berilmegi maşgala mukaddesligine döwlet derejesinde goýulýan hormat-sarpanyň ýokary derejesiniň aýdyň nyşany boldy. 8 we şondan köp çagany dünýä inderen we ösdürip ýetişdiren zenan hökmünde «Ene mähri» diýen hormatly adyň eýeleri, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary – ýokary amatlykly täze öýe göçüp barmak bagtyna miýesser bolan, bagtyýarlykdan ýüz-gözleri gülüp duran eneleriň milli Liderimize alkyşly sözlerini sena öwrüp gaýtalaýan, olaryň gursagy arzuwly çagalarynyň bolsa şatlykdan, begençden uçar guşa öwrülen, bökjekleşýän pursatlary biziň hakydalarymyza hemişelik ornady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynsanperwer döwletimiziň sahawaty bilen geçen ýylda bu beýik jaýdan öýli bolan köp çagaly eneleriň alkyşly sözleri gulagymyzda ýaňlanyp gitdi. Şonda ene ýürekleriniň köp çagaly maşgalalara goýýan belent sarpasy, edýän sylag-serpaýy üçin hormatly Prezidentimize alkyşdan püre-pürlenýändigine ýene bir gezek göz ýetirdik. Göwni bahara-ýza deňelýän mährem enelerimiziň bagtyýarlygy, ýüzleriniň aladasyz ýylgyryp durmagy ýurt Baştutanymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen dana paýhasynyň doly suratda iş ýüzüne geçirilýändiginiň aýdyň alamaty hökmünde hemmelere ruhubelentlik bagyşlaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nesil öndürmek, çagalary mähirli aladalar bilen gurşap almak, olary ylymly-bilimli, hünärli adamlar edip ýetişdirmek, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen ýurdumyzyň belent özgertmelerine mynasyp goşant goşýan zenanlarymyzyň, kalby kiriňsiz çagalarymyzyň ähli arzuwlary hasyl bolýar. Çaga arzuwynyň, ene alkyşynyň gudrat-keremine bolsa hiç bir zat deň gelmez, ony hiç bir zat bilen ölçemek hem asla mümkin däl! 

Şol nurana alkyşlar gyş gününi ýaz eýleýär, derdi-belalar dep bolýar. Maşgalanyň söýesi, onuň agzybirliginiň, bagtyýarlygynyň esasy sütüni hasaplanýan eneler maşgala mukaddesligi, nesil terbiýesi bilen baglanyşykly alnyp barylýan işlere hemmelerden öňürti seslenýärler. “Biziň mährem enelerimiz, edep-ekramly, mylaýymzada gelin-gyzlarymyz türkmen durmuşynyň gülleridir, türkmen toýlarynyň bezegidir, ojaklarymyzyň alawy, öýlerimiziň çyragydyr” diýen milli Liderimiziň başlangyçlaryna, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşmak üçin döredilýän mümkinçilikler olaryň kalbyny heýjana salýar. 

Alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler, maşgala mukaddesligine goýulýan belent sarpa, bu günki ýaş nesilleriň geljekde hemmetaraplaýyn amatly şäher nusgaly obalarda ýaşamagy, bagtyýar ömür sürmegi, önüp-ösüp, nesil ýetişdirmegi, öz göwün söýen hünärini edinmegi barada edilýän aladalary we döredilýän giň mümkinçilikleri, şeýle-de enelere uly sylag-hormaty üçin öz ogul-gyzlarynyň bagtyna guwanýan käbelerimiz ýurt Baştutanymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.
Okalan sany: 210   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04104 sek. ýüklenen baýt: 34641