Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Dostluk çemeni.
Ýazylan wagty: 24 марта 2015 Ýazan NEXTTM
Dostluk çemeni.

Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanymyzyň halkara abraýy barha artýar. Dünýäniň öňdebryjy ýurtlary biz bilen gatnaşygyny mäkämleşdirmegiň ugrunda. 

Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe respublikasyna sapary bolan bolsa, bu gün Eýran yslam respublikasynyň Prezidenti Türkmen halky gyzgyn garşylady. Olara garamazdan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa Döwletine hem saparyny dowam etdirip geldi.

Uzak gündogarda ýerleşýän bu ösen döwlet barada oýlanyp otyrkam, meniň ýadyma bir waka düşdi. XX asyryň altmyşynjy ýyllaryň ahyrlarynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine bir hat gelip gowuşdy. Ony Daşkent şäherinde ýerleşýän A.Ostrowskiý adyndaky teatr-çeperçilik senseý inistitutynyň ýolbaşçylary ýazypdyrlar. Özbekstanda teatr ugrundan okaýan artistçilik bölüminiň türkmen  topary Ýapon dramaturgynyň eserini goýmaklygy meýilleşdiripdirler. Onuň üçin olar Kinesitonyň “Durna elekleri” atly eserini saýlapdyrlar we şol dramany türkmen diline terjime etdirip bermeklerini sorapdyrlar. Ýapon halk ertekisiniň esasynda ýazylan bu eseriň gysgajyk mazmuny şundan ybarat.Ýohýo San diýen bir ýigit ýaralanan durnany halas edýär. Durna tiz ara bäri bakyp başlaýar. Ýöne ol adaty bir durna däl ekeni, jadylanan ekeni. Ol gijelerine, adam ýok ýerinde äşgär bolýär. Gündiz owadan gyz, gijelerine durna bolýan Su atly gyz Ýahýo Sany gowy görýär. Oňa ajaýyp matalar dokap berýär. Ol parçalaryň owadanlygy oňa durna ýelekleriniň goşulmagy bolýar. Su öz ýeleklerinden peýdalanyp, geň-enaýy matalary dokaýar. 
Atlanalyň gozaga, 
Dek durmasyn mäkimiz.
Çekdirmäliň uzaga,
Ötgür bolsun päkimiz.
Şu tätelli aýdym bilen gyz-durna taryň başyna geçýär. Ýaramasa-da öz halasgäri Ýohýo San üçin parçalar dokaýar. Açgözlere uçran, aýalyna syryny açan garyp ýigit baýap başlaýar. Şäher söwdegärlerine owadan-owadan matalary satýar. Durna bolsa barha beterleşýär. Endamyndaky ýelekleri mata dokamaga harçlaýar we oýnamaga çagyrsalaram, soňa-baka oýundan ýüz öwürýär. Ahyrynda-da ýaraly durna söýgüli ärini taşlap, asmana göterilýär. 

Açgözlige, bedinebislige garşy ýazylan bu dramany türkmen diline geçirdik. Talyp artistler ony diplom işli höküminde goýdular.

Ol Oglan-gyzlar Aşgabada gelenlerinden soň, oýna tomaşa eden sungat işgärleri “Durna ýelekleri” Ýaş tomaşaçylar teatrynda goýmaklygy maslahat berdiler.  Teatrda goýulan oýun hem şowly boldy.

“Durna ýeleklerini” Türkmen döwlet medeniýet inistitutynyň talyplary hem goýdylar. Baý plastika eýe bolan spektakly goýan Kurmatkan Meläýewe soňra ol oýuny telim gezek gaýtalap goýdy. Ol ony şu günler hem Medeniýet inistitutynyň talyplary tarapyndan oýnalýar. Hat-da welaýat tomaşaçylaryna-da hödür edildi.

“Durna ýeleklerine” özümiň hem goşandymyň bardygyna diýseň begenýän. Sebäp diýseňde, ony rus dilinden türkmençä özüm terjime edipdim.

Bu oýnyň şowlulygynyň bir sebäbi bar. Şeýle erteki başga halklarda–da bar. Olaryň käbirinde gyz gurbaga käsinde owlajyga, türkmen ertekisinde bolsa ýylana öwrülip bilýär. Düýp mazmuny halkdan alynan eser bolsa hemişe gyzgyn garşylanýar.

Ýapon durmuşyndan goýulan oýunlaryň sanawy diňe şunuň bilen gutarmaýar. Lewap welaýat teatrynda režesser Öwliýaguly Hojagulyýew tarapyndan goýulan Ýapon dramaturgy ABE Kobeniň “Tozanlykda tozan” oýny, festiwalda ýeňiji boldy. Başga mysallar hem az däl.

Diňe oýunlar däl, ençeme ýapon filimler türkmen diline geçirildi. Hekaýalar, goşgular we başga eserler hem türkmençä terjime edildi.

Türkmen halky bilen ýapon halkynyň dostlugy barha artýar berkeýär. Ol gitdigiçe-de öser. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponýa döwletine eden sapary hem iki döwletiň dostlugyny hasam berkider. 


Hudaýberdi Bäşimow
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

Okalan sany: 289   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04466 sek. ýüklenen baýt: 34410