Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
arhiwimden
Ýazylan wagty: 29 сентября 2012 Ýazan Aurora
1. bir adam ýarygije ylgap ýörmüş, näme üçin? Ukusy gaçypmyş, şony kowalaýarmyş
2. bir adam öýlenensoň bagtsyz bolupdyr şonuň üçin özüni içgä beripdir.. bir gün agşam serhoş bolup öýüne gelende gapyny açyp-açmanka ölüpdir. Näme üçin? Aýaly gözüne iki bolup görnüpdir.
3. bir adamyň agramy ýeňil bolsa-da ýatan krowaty döwülýämiş. Näme üçin? Ukusy agyrmyş
4. bir adam elinde sagady bolmasa-da sagadyň näçedigini bilýärmiş. Nädip? Diwar sagadyna seredip
5. serhoşlar haýsy alym hakynda “şolam bizdendi” diýýarler? Dünýäniň aýlanýandygyny birinji aýdan Galileo hakynda
6. bir gara saçly adam 18 etažly bir jaýdan aşak gaçyp ýere düşende saçy ýok eken, saçlary bolsa 2-3 sagatdan soň aşak gaçypdyr. Näme üçin? O saçyň düşmesini gijikdirýän şampun ulanýan eken
7. aýallar haýsy zady özlerinde bolsa-da ýoldaşynyňkyny alyp ulanýarlar? Familiýa
8. bütin dünýädäki adamlar haýsy kanuna islese-islemese-de uýýarlar? Grawitasiýa kanunyna
9. haýsy kapitanlar gämisi batanda gämini terk edýärler? Ýüzüp bilýänler
10. bir adam harby dabara bilen gömülmegi üçin nähili bolmaly? Öli
11. biri şkafyndan güpürdi eşidip açypdyr. Näme görüpdir? Eşikleriniň modasy geçip barýamyş

 12. doktorlar näme üçin ellik geýýärler? Hassa ölse barmak yzy galmasyn diýip

13. iň baý guş haýsy? Baýguş

Adamlara üçe bölünýärler: sanap bilýänler we sanap bilmeýänler
• Daşky görnüş meň üçin möhüm däldir, rentgen çekdirip getiriň!
• Bu lift bozuk, iň ýakyn list garşy binadadyr.
 • Gözlenýär!!! İň pes bahasy 4 bolan, dersde gürleşmäge, birinji sapakda uklamaga rugsat berýän, iň pes 4 derejeli äýnekli mugallym gerek 
• Telefon nomerimi ýatdan çykarypdyryn, seňkini alsam bolýarmy?
• Bir bakyşda söýgä ynanýamyň ýa daşaryk çykyp gaýtadan gireýinmi?
• Nämä seredýäň, men men, seň telefonyň, jübiňde, garaňkyda ýatyp ýadadym, çykaranyň üçin sag bol
• Gaýnenemi ýitirdim, görenleriň görmediksirän bolmaklaryny haýyş edýärin
• Eý sen! Meni söýýändigiňi näme üçin aýdaňok? Hemme ýere bile gidýäs, hemişe bile bolýas, agşamlaram ýanyňda men. Wepaly bolgunyň bolýamy? Başga telefony gowy görýämiň ýa?
• Ertir ertirlik edinip bilemak, sebabi seni pikir edýärin, öýlänlik edinip bilemak sebabi seni pikir edýärin, agşam nahar ýip bilemak sebabi seni pikir edýärin, gijelerine-de ýatyp bilemak sebabi men aç!
• Sürün! Ölene kadar sürün! Annen de sürünsün baban da! Karde$in bile sürünsün!Sülalen hep sürünsün!Ölene kadar sürünün!Hepiniz sürünün!ARKO KREM sürünün (muny terjime edip bolmady)
• Sizde bit şampun-a ýokdyr? Kirledi janawerler
• 1960-njy içilen çaýlaryň srogy gutardy, duýdurylýar!
• Aýda 25 million alasyň gelýämi? Onda aýa git

Okalan sany: 346   Jogaplar: ( 3 )

HEZRET
29 сентября 2012

drinks

Arantes
29 сентября 2012

roflroflroflroflroflroflroflroflroflroflroflroflrofl

Molnia
02 октября 2012

Gaty gowy bolupdyrrofl


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08038 sek. ýüklenen baýt: 33229