Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Ýaranjaňlyk – kim oňarýar, kim oňaranok
Ýazylan wagty: 28 марта 2015 Ýazan NEXTTM

Ýaranjaňlyk – kim oňarýar, kim oňaranok

Zannyňda bolmasa, ýaranyp gün görmek örän kyn. „Işiň bitýänçä doňuza daýy diýmegi” ýa-da haýsy tarapa sypalasaň, şol ýana ýatyberýän „towşantüý” bolmagy öwredýänlerem bar, ýöne bu eýýäm ikiýüzlülik bolýar. Her gezek ýumşuňy bitirtmek üçin beýle mekirlige ýüz ursaň, ol ýaramaz endige öwrülýär we oňlanylmaýan häsiýetiň özüňi ymykly eýeländigini duýman galýarsyň. Bizem meseläniň başga çözgüdiniň bolup biljekdigi hakda känbir kelle agyrtman, köpleriň ýol alan ugruna görä gopubermegi eý görýäris. Ýöne „ussatlarça” bolup bilemzok, başaramzok. Beýle ýüki ýüregiňe agram salman gerdeniňde götermek üçinem üýtgeşik adam bolup dogulmaly ýaly, ýaňy bir şelaýynlyk edip, söze başladym diýersiň welin, ýa ýüzüň dartylyp durandyr, ýa ýüregiň yzyna dartyp durandyr. Ýasama şelaýynlyk zanny pägiň ýüregine ynjalyk salmaýar, gaýta onuň rahatlygyny alyp, aladasyny artdyrýar. 

Adamlaram hil-hil, käbiri bar, özünden haýyş edilmegini, il-günüň nazarynyň özünde jemlenmegini, diňe özüne „sen-sen” diýlip durulmagyny isleýär. Özüniň söýen adamsynyň söýülmegini, ýigrenen adamsynyň ýigrenilmegini isleýär. Şolaryň hörpünden gopmasaň, sen olara şumluk ýa-da basdaş bolup görünýäň. Mesele çözgüdine ilteşigi bolan beýle näzirgeýän adamlar bir bolsa, ýene ýagşy, ýaman ýeri ýaz kömelegi ýaly olaryň ösüp-örňäp gidýänliginde. Häsiýet ýaly ýokaşagan zat ýok. Gowy adamlar bilen gatnaşyk etseň ýüregiňem ala-ýaz, göwnüňem göçgünli, görýäniňem şowhun-saz. Söhbetdeş boldugyňsaýy olaryň dünýäsine gatylýarsyň welin, asla ol ýerden dolanasyň gelenok, şeýde-şeýde olara mahsus häsiýetler kem-kemden özümize siňip başlaýar. Sebäbi görýänimizem şol, duýýanymyzam, eşidýänimizem hakykat, diýýänimizem. Üstesine-de, olar bizden juda akylly, mertebeli, giň düşünjeli, ýöne päli pesligi bilen, uçmah köňli, ýumşak göwni bilen söze başlar welin, ýüregiňde her kime rowa görmeýän sözleriňem, syrlaryňam öz-özünden dil açar durar. Ýumşuň bolsa, minnetsiz bitirerler. Olar her bir ýagşylyk üçin Taňryň ýalkajakdygyny bilip durkalar, „taňryýalkasyn” aýdylmagyna hem mätäç däl, ýöne şol sözi eşitmekden uly mertebe bardyram öýtmeýälrer.

Ine, ýaman adamlar bar. Olaryň göwnünde diňe nägilelikler, çagalygyndan bäri köşeşmedik kineler, amatyna garaşylyp ýörlen arlar we ahmyrlar, durmuşyň mazasyny duýdurmaýan müňkürlikler, özüni gökden inen adam hökmünde görkezýän gedemlikler we gopbamlyklar, „taýsyzlyk”, „tapylgysyzlyk” äleminde başyny sämedýän tekepbirlikler... bar. Bular bilen duz-emek bolup, gatnaşyk etseň, iş salyşsaň, bu dünýä zulmatdan garaňky, görüň içinden dar, baly zakgundan ajy, her bir dostluk – duşman, ähli ýoluň soňy petik... Beýle pisint adamlaryň dünýäsinde kyýamat köwsarlaýar. Onsoň ol ýerde, ol ýakada jennet hyýaly-ha beýlede dursun, süýjülik, ýagtylyk, ýagşylyk sözi hem ýadyňa düşmeýär. Gözüne çaň düşüp, gyýyk baksa-da, göwnüňe ýaranok, „kese bakýar” diýip kine edýär. Dişini ýuwjak bolup, agzyny açsa-da, maňzyna batanok, „üstümden güljek bolýar” diýip kabul edýär. Ömüralla ýatlamaýan adamlar bar, aladasyna çümüp, ähmiýet bermeýän çaglarynda „hondanbärsi” diýip at dakyp galýarys, bolmasa ol görgüli bizi owalam ýatlap baranok. Ine, şeýdip her bir adaty zadyň hökman bir gara tarapyny görmäge, terse ýormaga çalyşýarys, jan edýäris. 

Durmuşyň çöwre ýüzüni öz ýüzüniň perdesi etmäge synanyşýan adamlar özüne ýaranylmagyny, her kimiň işiniň düşüp duraryny isleýär, sogapdan beter şunuň ýaly sebäplere garaşýar. Möhlet ötüberse, möhüm salynmasa, özi döretmäge synanyşýar. Käwagt maksadyna ýetýär, käwagt ahmyr edýär. (Sebäbi durmuşda diňe ýaranjaňlaryň ýa-da ýaramazlaryň işi paşmaly diýen kanun ýok). Entegem adam ykbalynyň Alladan çözülýändigi gowy, şeýle adamlara bir işiň düşende ýüregiň ýüz lerzana gelýär, ömür boýy ýaranjaňlyk edip, gün görjek bolsaň, ol häsiýet zannyňda hem ýok bolsa, namysdan ýaňa ýüregiň çat açmagy mümkin. Hernä her ýerde gowy adamlar bar. Olaryň ýüzüni göreniňde hem öten günleriň örtenmeleri ýuwlup aýrylýar. Ýaşaýyşa söýgiň möwjeýär, gowulyga gopasyň gelýär, umyt uçgunlary ömür peltesine ot salyp, ruhy dünýämizi ýagtyldýar. Ýasamalyk ýa ýaranjaňlyk etmänem, ýüregiňi ýaňzydyp bolýandygyna, seniň dünýäňe we diýýäniňe düşünýändiklerine begenýärsiň. Onsoňam, hoşniýetlilik we hoşamaýsözlülik bilen ýasamalyk we ýaranjaňlyk düýbünden aýra zat. Bu häsiýetleriň birinjisinde galplyk garyndysy ýok, ählisi arassa ýürekden çykýar. Ýüz tutan ýumşunda, iň bolmanda, bähbidiň özüne, uçursyz sogabyň saňa barýandygyndan ugur alýar. Özüni oňarjak bolup, seniň bähbidiňi unutmaýar. Anyk aýdýar, aýdyň ýaňzydýar. Aňyrsynda bet päl, ýaman niýet ýok. Gussasyny gizlese-de, şatlygyny deň paýlaşasy gelýär. Başarjakdygyňa bil baglap, ynam edip, ýüz tutýar.

Ýasamalar ilki bilen öz bähbidini ileri tutýar. Süýjüsi ýetik sözleme şeker baryny goşup, bilbil bolup saýraýar, ýalbarýar, ýakarýar, ýaňraýar. Göwnüňden turjagyny bilse, halamaýan biriňe töhmet atýar, ýamanlaýar. Eýdýär, beýdýär, maksadyna ýetýär. Olar öz işleriniň biterini bilýär. Ýöne bu ýagdaýda kim-kimden üstün, kimiň hötjetligi ýokary, kimiň içki matlabynyň hasyl bolandygy mälim däl. Ussat şahyrlaryň biriniň şygyr setirlerindäki bir manyny söze geçirip aýtsaň: „Olar-a bizi oýnajak bolýar, bizem özümizi oýnadan bolýas. Biz özümizi oýnadan bolup, olaryň özlerini oýnaýas” diýen sözlerine barýar. 

Her bir asylly maksada arassa ýürekden ugur alsaň, barha bereketi artýar. Hökman ýaranjaňlyk däl, ýürekdeşlik bilenem işleri hasyl edip bolýar. Nesibe-de bar bolsa, bitmän galmaz, ýazgytda bar bolsa, ýetmän galmaz. Ýöne, ahyr bitjek amaly peslik bilen gazananyňdan, minnete meýilli adamlary bu häsiýete öwrenişdireniňden we köpleriň kösenmegine ýol açanyňdan, Hudaýa bil bagla, özüňden bitýäni ýerine ýetir, galanyna Hakyň özi bir sebäp döreder, oýlamaýan ýeriňden yş açylar, işiň biter. Hudaýyň berenine böwet bolup biljek adam ýokdur. Munuň üçin ýüregiňe-de agram salmarsyň, Hudaýyň halamaýan işinem etmersiň, üstesine-de bagtly ertiriňe we bagtyýar nesliňe müýnsüz garaýyşlar bilen garaşarsyň. 

Ýagşynyň haýyrly, gündiziň ýagty, agyň tapawutly tarapyny bilmek üçin elmydama olaryň garşylygy gerek. Belki, şeýle adamlar ýagşylaryň gadyryny bilmegimiz üçin zerurlykdyr, ahyrky ýagdaýyny gözümiz bilen görüp, many almagymyz, netije çykarmagymyz üçin gerekdir. Her kim öz hereketinden, häsiýetinden hoşal. „Özi oňaranok, at dakýar” diýenem tapylar. Oňarmaýandygymyzy ýokarda hem ýaňzydypdyk. Ýöne oňaryp biljegem şony oňlamasa gowy. Her bir erbet häsiýet edil haşal ot ýaly, tohumy ýere döküldigi, öz-özi örňäp gidýär, artykmaç yhlasam gerek däl. Ýöne haşal otuň köplenç hapa ýerlerde, idegsiz goýlan ýerlerde bitişi ýaly, ýaramaz häsiýet hem hapysa ýüreklerden dömüp çykýar. Ýaranjaňlygy oňarmak üçin pes häsiýetli bolmaly. 

Maksatlarymyzyň hasyl bolmagyny mertebe pesligi bilen gazanmaly etmäwersin, Hudaýym!

Okalan sany: 300   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03829 sek. ýüklenen baýt: 38986