Pasyllaryň çalşygynda howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy çaga bedenine belli bir derejede täsir edýär. Aýratyn hem, ýaş çagalaryň bedeniniň gowşaklygy olaryň dümewlemegine sebäp bolýar. Dümew näsag adam asgyranda, üsgürende, gürleşende howa-damja ýoly bilen sagdyn çagalara geçýär.
Çagalarda dümewleme alamatlary nemli bardalaryň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokary galmagy bilen ýüze çykýar. Dümew çagalarda has agyr geçýär. Öýken sowuklamasy, dem alyş ýetmezçiligi ýüze çykýar. Dümewlän çaga köpçülik ýerlerine barmaly däl.
Dümewlän çaganyň hossarlary hökmany ýagdaýda maşgala lukmanyny öýüne çagyrmaly we lukmanyň maslahatyny doly we dogry berjaý etmeli. Hiç haçan çagalary özbaşdak bejermek bolmaýar. Dümewlän çaganyň bedeniniň gyzgyny kadalaşýança düşekde ýatyrmaly. Uly ýaşly çagalara limonly, bally çaýy, gyzgyn süýdi, itburundan, çopatelpekden taýýarlanan suwuklygy köpräk bermeli. Näsag çaganyň bolýan otagynda mikroblary ýok etmek üçin ýüzärligiň tüssesiniňem peýdasy uludyr. Derman serişdelerini lukmandan birugsat ulanmak maslahat berilmeýär.
Uly ýaşly çagalary dümewden saplamak üçin biziň öz topragymyzda ösýän dermanlyk otlardan taýýarlanan melhemler ulanylsa haýyrly bolar. Buýan kökünden taýarlanan çaýlar dümewi bejermekde giňden ulanylýar. Çaganyň bolýan otagynda sogan bilen sarymsagy dograp goýmaly. Çaganyň bolýan otagynyň içini arassa saklamaly we mümkin boldugyça, otagyň penjiresini açyp ýelejiretmeli. Dümewiň öňüni almakda bedenterbiýäniň, sportuň orny uly.
Sport bilen meşgullanýan çaganyň bedeni taplanyp, ýokanç kesellere garşy göreşmek ukyby ýokary bolýar. Şu berlen maslahatlary ýerlikli ulansaňyz, çagalary dümewden gorap bilersiňiz.
05 апреля 2013
peýdaly maslahatçylaryňyz üçin sag boluň,
05 апреля 2013
Häzirki wagt howanyň her hili öwüsýän wagty çagalara-da has täsirli bolýar,howanyň üýtgemegi bilen bahar pasly geldi, howa salkynlaşýar diýip özüňi howa aldatmaly däl sebäbi ýaz paslynda çagalar daşarda köpiräk oýnaslary gelýär şonuň üçin ene-ata öz çagalaryna bolan ünsi has artdyrmaly,
haladym gowy
peýdaly maslahatçylaryňyz üçin sag boluň,