Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Degişmeler
Ýaşy bir çene baryp oýlenmedikler uçin. Degisme gornuşinde gosgy...
Ýazylan wagty: 01 апреля 2015 Ýazan Marala
Ýaşy bir çene baryp oýlenmedikler uçin.
Degisme gornuşinde gosgy... 

Ýaşym ýetik, boýum ýetik, kemi ýok,
Ynamym bar akylymyň goruna.
Indi meniň öňümdäki mesele
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Dellekhana barsam dellek degişýär:
"Basymrak öýlen-how, seň saçyň düşýär".
Düşüp gutarmanka bu gara saçlar,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Gyzlar ýüzlenende dilinde "aga",
Entek "agalykdan" daş etsin! Toba!
Dili duzlyragy diýmänkä "baba",
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Ejemem igenýär: "Ýüzüň ýok seniň
Gyza söz aýtmaga. Barmy ýa kemiň?"
Igenjinden dynmak üçin ejemiň
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Sebäp bar ejemiň nalap ýörmegne,
Gyzlaň ýanda dilim gidýär damagma.
Baha berip ýörmän görki-görmegne,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Birine söz aýtsam, "Okajak" diýýär,
Başgasy "Men sizden kiçijik" diýýär.
Garaz, maňa galsa gapyşýar dünýä,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Elbetde, okamak gowy zat weli,
Degmedimikä şu güne çen eli?!
Ýaşyna seretmen kiçimi, uly?!
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.

Men küýsäp duramok bir kemsiz ýary,
Kemsiz gözel eli boşlaň hyýaly.
Uludan toý tutup dostlarym ýaly,
Kim bolsa-da öýlenmeli birine.


Okalan sany: 2230   Jogaplar: ( 1 )

Krassavchik
01 апреля 2015

gaty ajayip gowy goshgyeken!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05017 sek. ýüklenen baýt: 31463