Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Sport ussatlary
Ýazylan wagty: 05 апреля 2013 Ýazan NEXTTM
«Galkynyş»  sportsagaldyş toplumynda 1997 – 1998-nji ýyllar aralygynda doglan oglanlaryň arasynda kik-boksing boýunça  Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty geçirildi.   Ähli agram derejelerde Aşgabat we Türkmenabat şäherinden türgenleriň arasynda bolup geçen tutluşyklar tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Şu çempionatda türgenler boks ringiniň içinde taýýarlyk hem-de ussatlyk derejesini görkezmegi başardylar. 
        
Eminleriň baha bermegi esasynda:
42 kilogram agram derejesinde Mekan Ataýew,
45 kilogram agram derejesinde Eziz Amanow,
48 kilogram agram derejesinde Ruslan Myradow,
51 kilogram agram derejesinde Perman Azymberdiýew,
54 kilogram agram derejesinde Halmyrat Saparlyýew,
57 kilogram agram derejesinde Hajy Geldimämmedow,
60 kilogram agram derejesinde Muhammet Öwesähedow,
63,5kilogram agram derejesinde Erişbaý Abdyllaýew,
67 kilogram agram derejesinde Eziz Mämmedow,
71 kilogram agram derejesinde Muhammet Gurtgeldiýew  dagylar 1-nji orny eýelediler.
 
        Çempionatyň ýeňijilerine Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kik-boksing milli merkeziniň 1-2-3-nji derejeli medallary gowşuryldy.

      Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň we Türkmenistanyň Kýokuşinkaý karate milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Aşgabat» sport-sagaldyş toplumynda 1996—1999-njy ýyllar aralygynda doglan oglan-gyzlaryň arasynda kýokuşinkaý karate boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiligi geçirildi. 
Ýaryşyň netijeleri boýunça oglanlaryň arasynda:
35 kilogram agram derejesinde Döwrän Annaberdiýew,
40 kilogram agram derejesinde Döwlet Atabaýew,
45 kilogram agram derejesinde Batyr Halow,
55 kilogram agram derejesinde Grigoriý Garajaýew,
55 kilogram ýokary agram derejesinde Merdan Aşyrbaýew,
60 kilogram agram derejesinde Dmitriý Halylow,
60 kilogram ýokary agram derejesinde Kasym Annaýew,
A derejesindäki 50 kilogram agramda Wepa Jumabaýew,
B derejesindäki 50 kilogram agramda Rüstem Sopyýew,
W derejesindäki 50 kilogram agramda Didar Kerimow,
A derejesindäki 60 kilogram agram derejesinde Atamyrat Goçkulyýew we gyzlaryň arasynda,60 kilogram agram Anora Saidowa, 60 kilogramdan ýokary agram derejesinde Weronika Timofeýewa, A derejesindäki 60 kilogram agramda Sewaza Ýakubowa dagylar çempion bolmagy başardylar.
Okalan sany: 282   Jogaplar: ( 2 )

HEZRET
05 апреля 2013

goodtüweleme ýeňijiler,yahoo

Mayichka
05 апреля 2013

sporta gatnaşan ähli türgenleriň gazanan üstinlikleri bilen gutlaýaryn, diňe öňeyahoo


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,17449 sek. ýüklenen baýt: 32649