Kirpikleriñ okdur gashlaryñ keman Sòzle shirin sòzùñ janyma derman Seniñ gùl keshbiñe seredip doýman Ÿùrek joshup gazal aýdýan Gòzelim.
Sòz berýàrin bu gùn men saña garap Gezerin men seni sòýgùlim gorap Gara saçlaryñy boýnuma orap Bu gùn gujagyma dol sen Gòzelim.
Yshkdan doly ýyly gujagyñ gerip Bal lebiñden gyzgyn posalar berip Ashyk oglanyñ gòwnùn gòterip Bu gùn gujagyma dol sen Gòzelim.
Mawy gózli Ashyk boldum dostlarym Mawy gózli bir gyza. Bu gùn shonuñ waspyny Ÿetirýàrin men size.
Gyldan inçe bili bar Shirin sòzli dili bar Mawy gòzli nàzli ýar Meniñ sende gòwnùm bar.
Seýl edeli baglarda Bu ajaýyp çaglarda Okuwmyzy tamamlap Toý tutaly baharda.
Kirpigiñ ok,gashyñ ýaý Gijelerne dolan aý Mawy gòzli názli ýar Tapylmaz hiç saña taý. Gysh ýatlamasy
Bu gùn sàher bilen ýagan akja gar, Seni ýada saldy ýùrek ynjaýar Gechen gùnlerimi ýada salamda Ÿùrek chydam etmàn lerzana gelýàr.
Gysh pasly mydama seni yatladyp Meni ýanyp duran oda tashlaýar. Yagýan garlar ol ýangyny òchùrmàn Gaytam ýalyn bolup ùstùme ýagýar.
Saña bolan sóýgim gapyp garagmy Saygaryp bilmàndim agy-garany Pelek dushurmazmy bizi ýenede Shol oñkije ýerde gar ýagan gùni...
Armanly ýùrek Ykbal bizi dushurypdy bir ajaýyp gysh gùni, Sóýgimize nyshan bolup shol gùn akja gar ýagdy. Arman aýap saklamadyk ol ajaýyp gùnleri Sòýgimiziñ ody òçùp ýùreklerde kóz galdy.
Bile eden arzuwlarmyz bu gùn basha barmady Sensiz maña bu giñ jahan gòrùnýàrle dar indi Seniñ shirin sózleriñe ýùrek intizar indi "Nirede sen ilki sòýgim?" diýen bir owaz galdy.
Nirede sen ilki sòýgim?Daglardamy,dùzlerde Deñizdemi,derýadamy ýa gaýgyly sòzlerde Belki gizlenensiñ sen shirin owaz sazlarda Ÿùregimde diñlenmedik bir ajap mukam galdy.
Ÿùregimiñ her urgusy mukam bolup ýañlanýar Ol mukama diñ salamda naçar gòwnùm gamlanýar Dùshùn ahyr sensiz durmush gòz òñùme gelmeýàr
Sen gidipdiñ seretmàni gózden akýan ýashyma Ýogsam olar meñzeýàrdi ýazda çagbañ ýagshyna Mundan artyk ezýet berme kùlpet salma bashyma Saña ýoluñ açyk bolsun bagtly bol diýmek galdy.