Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
ALAMBERDARYŇ KÜMMETI
Ýazylan wagty: 03 апреля 2015 Ýazan NEXTTM
ALAMBERDARYŇ  KÜMMETI

(Atamyrat şäherindäki Döwlet taryhy-medeni goraghanasy XI-asyr arhitektura ýadygärligi)

Kümmet Atamyrat-Türkmenabat gara ýolunyň 12-nji km-de Astanababa geňeşliginiň çäginde  ýerleşýär. Ýerli ilat oňa Alamberdaryň ýa-da Alamberdar tugçynyň– baýdak göterijiniň mazary diýip atlandyrýar. Taryhy çeşmelere görä bu ymarat samanitler neslinden bolan, samanitler döwletiniň (IX-X asyrlar) iň soňky dolandyryjyşy Abu-Ybraýym Ysmaýyl Muntasyryň kümmetidir.

Orta asyr taryhçysy Abu Nasyr al Utbynyň işinde 1003-1004-nji ýyllaryň wakalary beýan edilipdir. Şonda Abu Ybraýym Muntasyryň elden gidiren häkimiýetini yzyna gaýtaryp almak üçin 4 gezek synanyşyk edipdir. Emma hemmesinde-de ýeňlişe sezewar bolup, Amyderýanyň çep kenaryna gaçyp geçmäge mejbur bolupdyr. 1004-nji ýylyň ahyrynda Amul bilen Zemm aralygynda göçme araplar tarapyndan öldürilipdir we Zemmiň Maýmarg şäherinde jaýlanypdyr diýip aýdylýar.

Kümmetiň bina edilen wagty XI asyryň başyna degişli. Planynda taraplary 10,35 metr inedördül bolan bu uly ymarat taraplary 27 sm, galyňlygy 4,5 sm, ölçegdäki bişen kerpiçlerden nagyşlanyp örülipdir. Binýady 4-hatar kerpiçden ybarat bolup, onuň üstünden örülen diwarlarynyň beýikligi 4,2 metrdir. Daşky diwarlaryň dört tarapy hem üçe bölünip, olaryň içi arkalar bilen bezelip örülipdir. Binanyň 4-burçy goşalandyrylyp örülen sekiz burçly sütünler bilen berkidilipdir. Diňe gündogar diwaryň orta bölegi giňräk goýlup onda portally girelge ýerleşdиrilipdir. Diwarda ulanylan nagyşly kerpiçleriň aglabasy,  çig wagty nagyşlanyp soňra bişirilipdir. Binanyň gurluşygynda  14 görnüşli  nagyşly kerpiçler ulanylypdyr.
Alamberdaryň kümmetiniň çyzgysy
Şondan soňra arkaly paruslaryň kömegi bilen sekizburçluga geçilen we onуň üstünden gümmez bina edilipdir. Öň tarapynda  çaklaňja portaly bar. XI-asyra çenli portal diňe köşklerde, saraýlarda, medreselerderde gurlupdyr, emma kümmetlerde (mawzoleýlerde) gurulmandyr. Alamberdaryň kümmeti orta Aziýada portally kümmetleriň iň gadymkysydyr. Kümmetde XVI–asyrda düýpli    rejeleýiş işleri geçirilipdir. Onuň günbatar diwary täzeden örülipdir we  ortasynda kümmetlere mahsus bolmadyk mährap gurlupdyr. Kümmetiň  arka tarapyndaky iki sekizgranly sütünler güldesse bilen gurşalyp alynan. Günorta diwarynda kiçiräk girelge gurlуpdyr. Kümmetde ahyrky rejeleýiş işleri 1987-1991-nji ýyllarda geçirildi we şol wagt onuň weýran bolan nagyşly örümleri, arkalary, portaly doly rejelendi. Güldesseler sökülip, sekizgranly sütünler açyldy. Gümmezi doly sökülip, bütinleý gaýtadan örüldi. Daş-töwereginde abatlaýyş işleri geçirildi. Häzirki wagtda binanyň dört burçuny sekizburç edilip, jübütlenip örülen sütünler bezeýär.

Alamberdaryň kümmeti XI asyr arhitekturasynyň iň oňat nusgalarynyň biridir. Şunuň ýaly geçmişiň janly şaýady bolan arhitektura ýadygärligini aýawly gorap, abat saklamak üçin 1992-nji ýylyň дekabr aýynda Atamyrat şäherindäki taryhy-medeni goraghanasy tarapyndan hasaba alyndy we döwlet  tarapyndan  goralýar.  Ýadygärlikde abadanlaşdyryş, onuň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmek işleri yzygiderli alnyp barylýar.
Okalan sany: 205   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13473 sek. ýüklenen baýt: 32517