Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Astanababa orta asyr binagärlik toplumy
Ýazylan wagty: 04 апреля 2015 Ýazan NEXTTM
Astanababa orta asyr binagärlik toplumy
             
Bu orta asyr binagärlik toplumy Atamyrat şäheriniň merkezinden 10 km günbatarda Astanababa obasynyň çäginde ýerleşýär.

Astanababa obasyndaky ýadygärlikler ençeme syýahatçylaryň, alymlaryň  ünsüni özüne çekipdir.
Astanababa orta asyr binagärlik toplumy arhitektura ýadygärligi bolup, onuň ilkinji binýady ХII asyrda desgalandyrylypdyr. Orta asyr binagärlik toplumynyň dürli döwürlerde gurlup, häzirki görnüşe gelendigi 1948-nji ýylda professor G.A.Pugaçenkowa tarapyndan anyklanypdyr. Onuň iň gadymy ymaraty metjidiň jaýydyr. Metjit bolsa  ХII asyrda ýagny, Seljuklar soltanlygynyň döwründe bina edilipdir. Diwanahana hem metjit bilen bir wagtda gurlupdyr. Bu binagärlik  toplum gadymy Zemiň Maýmarg şäherinde bina edilip, ol açyk dälizden, howlujykdan, portaldan, ýapyk dälizden, dört sütünli dokuz gümmezli zaldan, metjitden, Zeýd Alynyň we Zubeýd Alynyň guburhanasyndan, diwanahanadan, üsti ýapyk geçelgeden we Gyzlarbibi aramgähinden ybaratdyr.
Gyzlarbibi aramgähi ansamblyň has giçki bölegidir. Ol dürli ölçegdäki, ähtimal, ikinji gezek peýdalanylan kerpiçlerden bina edilipdir.

Dürli döwürlerde alymlar bu ýerde bolup, ylmy-barlag işlerini geçiripdirler. Türkmenistanyň Prezidentiniň permany esasynda „Atamyrat“ taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň döredilmegi bilen taryhy mirasymyz kanun esasynda gorag astyna alyndy. Bu ýadygärlik ylmy taýdan öwrenilip, onuň abat saklanmagy üçin degişli işler geçirilip durulýar.   
  
Rowaýat
Bu ýadygärlik barada ýerli  ilat arasynda aýdylýan rowaýatlar kän. Şolaryň birinde şeýle diýilýär:
Geçen zamanlarda  Balhyň Çar welaýatynyň hökümdary bolan Ibn Aly Nur ogly özüniň ýekeje perzendi Zubeýdany Kerki-Çärjew (häzirki Atamyrat-Türkmenabat) aralygyndaky halkyň hökümdaryna durmuşa çykarýar. Durmuş gurandan soň, köp wagt geçmänkä-de ol aradan çykýar. Bu habary eşiden Ibn Aly Nur ogly özüniň ýalňyz, söýgüli gyzynyň hatyrasyna onuň mazarynyň üstüne ajaýyp bir bina gurmagy makul bilipdir. Merwden, Samarkantdan ady belli ussalary çagyrypdyr we uly-ili haýran  galdyrar ýaly owadan bina gurmagy buýrupdyr.

Bina salnyp gutaryberende ol bir gijäniň içinde ýykylypdyr. Bu ýagdaý üç gezek gaýtalanypdyr. Bu ýagdaýa gaty gamgynlanan Nur oglunyň  düýşünde bir goja binany Mekgeden getirilen toýun bilen suwdan garyp gurmagy maslahat beripdir. Gyzynyň ölümi sebäpli gam-gussadan halas bolmadyk Aly ibn Nur ogly şeýle hem edipdir. 

Palçygy Mekgeden getirilen  gumdan edipdirler, suwy bolsa getirip bir guýa  guýupdyrlar we palçyk etmek üçin suwy şondan alypdyrlar. Şeýlelik-de bina gurlupdyr we Nur ogly ölende ony hem şol kümmetde, gyzynyň mazary bilen goňşulykda jaýlapdyrlar.

„Astana“ arap-pars sözi bolup, ol bosaga manysyny aňladýar, „Baba“ sözi bolsa „Ata“, „Hoja“ manysyny berýär, ol „mukaddes bosaga“, „mukaddes öwlüýä“ diýmekdir.

Astanababa orta asyr binagärlik toplumy „Atamyrat“ taryhy-medeni döwlet goraghanasy tarapyndan hasaba alyndy we döwlet tarapyndan goralýar. 



Astanababa orta asyr binagärlik  toplumynyň  çyzgysy.    1. Açyk däliz     2. Açyk howly. 3. Portal 4. Üsti ýapyk däliz 5. Dört sütünli dokuz gümmezli jaý. 6. Metjit 7. Zeýd Aly we Zubeýd Aly kümmeti 8. Diwanahana, 9. Demirgazyk däliz 10. Gyzlar Bibi kümmeti.





      
   
                                                                                                               






Okalan sany: 514   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12801 sek. ýüklenen baýt: 34679