Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Sport hepdeligi
Ýazylan wagty: 05 апреля 2013 Ýazan Mayichka
Güneşli diýarymyzda  jemgyýetimiziň  sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, milli sportumyzy dünýäniň ösen derejelerine çykarmak, köpçülileýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmak barada alnyp barylýan giň möçberli tagallalardan ugur alyp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň yglan eden «Bagtyýarlygyň we sagdynlygyň ýurdy, jan Watanym –Türkmenistan!» atly bäsleşiginiň çäginde bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz-ündew etmek maksady bilen, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işçi-gullukçylaryň arasynda sportuň woleýbol, kiçi futbol we stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça ýaryşlar tapgyrlaýyn geçirilýär.

     Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşiginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň binýadynda geçirilen bäsleşige hem pudaklaryň welaýat merkezindäki edara-kärhanalarynyň işçi-gullukçylaryndan düzülen ýygyndy toparlaryň 16-sy gatnaşdy.

 Sagdyn durmuş ýörelgesiniň bir ülşüni düzýän bäsleşik örän täsirli hem-de çekeleşikli geçip, ezberleri öňe saýlady. Woleýbol boýunça erkekleriň arasynda medeniýet, syýahatçylyk, sport we jemgyýetçilik guramalarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalaryndan düzülen topar  ýaryşyň  ýeňijisi boldy . 

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenabat şäheriniň Nebitgaz senagaty toplumynyň  woleýbolçylary degişlilikde ikinji we üçinji orunlary eýelediler. 

Zenanlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde bolsa medeniýet, syýahatçylyk, sport we jemgyýetçilik guramalarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalaryndan düzülen topar birinji orny eýelemegi başardy.
   
Çekeleşikli geçen ýaryşda ylym we bilim işgärleriniň Türkmenabat şäher geňeşiniň topary 2-nji, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň topary 3-nji orny eýelediler.

 Kiçi futbol boýunça erkekleriň arasynda geçirilen bäsleşikde  medeniýet, syýahatçylyk, sport we jemgyýetçilik guramalarynyň kärdeşler  arkalaşygynyň agzalaryndan düzülen futbol topary birinji orny, saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň topary ikinji orny, «Türkmenabatagyzsuw» önümçilik birleşiginiň futbol topary hem üçünji orny eýeledi.

 Stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça geçirilen ýaryşda medeniýet, syýahatçylyk, sport we jemgyýetçilik guramalarynyň kärdeşler arkalaşygynyň topary birinji orna, saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň we ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň toparlary hem ikinji we üçinji orunlara mynasyp boldular.

 Ýokary guramaçylyk we ruhubelentlik ýagdaýynda örän gyzykly geçen ýaryşlarda üstün çykanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşiginiň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şonuň ýaly-da ýeňiji bolan toparlar «Bagtyýarlygyň we sagdynlygyň ýurdy, jan Watanym – Türkmenistan!» atly bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. 

Basketbol sport mekdebiniň sport zalynda 18 ýaşdan ýokary oglan-gyzlaryň arasynda basketbolyň 3x3 görnüşi boýunça Türkmenistanda birinjiligi almak ugrunda ýaryş geçirildi. Basketbolyň halkara drejesinde ykrar edilen şu görnüşiniň düzgünlerine görä, her topardan üç türgen meýdançanyň diňe bir tarapyndaky basketbol halkasyna toplary salmaly.  Basketbolçy türgenler ýaryşda ussatlygyň gitdigiçe artýandygyny  subut etdiler. 

Gyzlar toparlarynyň arasynda çekeleşikli duşuşyklar bolup geçdi. Netijede, 3-nji orun üçin duşuşykda Lebap-1 we Aşgabat-2 toparlary özara güýç synanyşdylar. Şol duşuşykda Lebap-1 topary Aşgabat-2 toparyny 7:3 hasaby bilen ýeňdi.

 Final duşuşykda Aşgabat-1 bilen Lebap-2 toparlaryň arasynda örän çekeleşikli oýun boldy. Final duşuşygy 19:6 hasabynda  Aşgabat-1 toparynyň peýdasyna tamamlandy. Şeýlelikde, Aşgabat-1 topary 1-nji orny, Lebap-2 topary 2-nji orny, Lebap-1 topary 3-nji orny eýelediler. Oglan toparlaryň arasynda 3-nji orun üçin bolup geçen duşuşykda Lebap-1 topary Mary toparyndan 17:15 hasaby bilen üstün çykdy.  

Okalan sany: 300   Jogaplar: ( 2 )

HEZRET
05 апреля 2013

Sag bol gyzykly maglumatlaryňyzagoodyahoo

asmandakebelejik
05 апреля 2013

sport hepdeligi gyzykly depginde geçirilýär


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12984 sek. ýüklenen baýt: 33733