Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Dаýhаtyn kеrwеnsаrаýy
Ýazylan wagty: 07 апреля 2015 Ýazan NEXTTM

Dаýhаtyn kеrwеnsаrаýy

Ýurdumyz özüniň özbaşdaklygyna eýe bolmagy bilen türkmen milletiniň gadymy halkdygyny, taryhy kökleriniň Oguz han atamyzdan gaýdýandygyny, dünýä ýüzüne subut  etdi. Daşary ýurtly dünýä belli alymlaryň gatnaşmagynda Halkara ylmy-amaly maslahatlaryň, konferensiýalaryň geçirilmegi bilen türkmen topragynyň taryhy-medeni ýadygärliklere örän baýdygy  we gadymy siwilizasiýany öwrenmeklikde uly ähmiýetiniň bardygy bellenildi. Şeýle hem entek öwrenmeli ýadygärlikleriň köpdügi aýdylýar.

Türkmenistan diýarymyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly Lebap welaýatymyzyň çäginde hem öwrenilýän we öwrenilmeli ýadygärlikler örän köp. Ine şeýle ýadygärlikleriň  biri welaýatymyzyň Seýdi şäheriniň Gabakly geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýydyr.

Ilkibaşda kerwensaraýyň daşky galyň pagsa diwarlary 112 h 125m. ölçegdäki rabaty IH asyrda bina edilipdir. Şol döwürde oňa Tahiriýa (Tahyryň rabaty) diýilýän eken. Bu at bolsa, öz döwürleriniň belli taryhçysy Ýakutyň pikirine görä, Tahyr ibn al-Huseýniň ady bilen baglanyşyklydyr. Rabatyň içinde gurlan kerwensaraý bolsa alymlaryň pikirine görä HI -HII asyrlarda bina edilipdir.

Kerwensaraýyň diwarlary çig kerpiçden bina edilip, daşy we içi  bişen (28h28h5,5sm) kerpiçden ussatlyk bilen utgaşdyrylyp örülipdir. Şeýle usulda örülmeginiň çig kerpiçleriniň geçirijiliginiň (ýylylygy) pesdigi nazarda tutulandygy, jaýlaryň gyşda ýyly, ýazda salkyn bolmagyny üpjün edýändigi bilen düşündirmek bolar.

Onuň taraplary 53h53 inedördül mеtr görnüşinde gurlup, 23 sany ululy-kiçili jaýlardan ybarat bolup, olaryň öňi üsti ýapyk eýwanlar bilen sepleşip gidýär we howlusunyň taraplary 30 h 30 metre barabardyr.


 Daýahatyn kerwensaraýynyň plan çyzgysy.

Howlynyň çar tarapynda bir meňzeş gaýtalanýan eýwan sütünleri, arkalary nagyşly kerpiçler bilen bezelip örülendir. Şeýle hem onuň  esasy belent girelgesi we ululy-kiçili içki jaýlaryň arkalary, dört burçundaky diňleri özboluşly owadanlyk berýär.

Onuň esasy girelgesi, derwezesi demirgazyk-gündogar tarapynda ýerleşýär. Kerwensaraý ylmy çeşmelerde Daýahatyn, ilat arasynda bolsa Baýhatyn ady bilen bellidir. Daýahatyn sözi –„daýa“ arap sözi bolup „Mülk“, „oba“, „bejerilen ýer“, hatyn (puşty dilinde gatyn) sözi bolsa „daş“, „daşdan edilen“ diýen manyny berýär. „Baýhatyn“ diýen adyň döreýşi barada bolsa ýerli ilatyň arasynda şeýle rowaýat bar:

„Bir baý söwdagäriň owadan aýaly bolupdyr. Aýalyň äri argyşa gidýär. Dostlarynyň biri onuň aýaly barada myjabatly gürrüň ýaýradýar. Äri aýaly baradaky myjabatly gürrüňleri eşidip, maly-mülküni, maşgalasyny, bar baýlygyny taşlap pukara eşigine girip, öýünden çykyp gidýär. Ärini tapmagy ýüregine düwen baý aýal ähli ýurtlara çapar ýollap, özüniň kerwensaraý gurdurýandygyny we oňa işlemäge talabanlaryň gerekdigini jar etdirýär. Talabanlyga äri hem gelýär. Töhmetli gürrüňleriň üsti açylýar, baý aýal adamsyna gowuşýar. Adamlary hatara duruzyp, Merwden çekilen kerpiçlerden gurlan kerwensaraýy hem baý aýalyň ady bilen baglanyşdyryp Baýhatyn kerwensaraýy diýip atlandyrýarlar “.

Arkalaryň, gümmezleriň ussatlyk bilen bina edilendigi, diwarlaryň ýüzüne ýonulyp, haşamlanyp sap bişen kerpiçlerden örülen nagyşlaryň, oýmurlaryň, keşdeleriň biri-biri bilen utgaşyp gitmegi netijesinde dörän owadan arhitektura ansamblyny göreniňde şol döwürde hem biziň ata-babalarymyzyň binagärçilik sungatynyň aňry-baş ussatlygyny görkezip, naýbaşy nusgawy binalarynyň birini  gurandygyna göz ýetirýärsiň.

Kerwensaraý öz döwründe Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda Amul-Horezm aralygynda kerwenleriň esasy düşelgesi bolup, HVI asyra çenli hyzmat edipdir. Türkmenistan döwletimiziň öz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra Daýahatyn kerwensaraýy döwlet ähmiýetli ýadygärlik hökmünde döwlet gözegçiligine alyndy.

Häzirki döwürde Daýahatyn kerwensaraýynda Lebap welaýatynyň Atamyrat şäherindäki döwlet taryhy-medeni goraghanasy tarapyndan howply ýerlerinde berkitme, rejeleýiş, konserwassiýa işleri geçirilýär, ýadygärligi dolulygyna dikeltmek üçin smeta-taslama resminamalary taýýarlamak işleri alnyp barylýar.


Okalan sany: 321   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04766 sek. ýüklenen baýt: 37665