Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Ak şäherimiziň gözelligine gözellik goşalyň!
Ýazylan wagty: 27 апреля 2015 Ýazan NEXTTM

Ak şäherimiziň gözelligine gözellik goşalyň!

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň her bir obasy, şäheri günsaýyn ösýär,  özgerýär we gözelleşýär.  Watanymyzyň paýtagty bu gün ösüşiň şäýoluna düşüp, batly gadamlar bilen öňe barýar-baş şäherimiziň binagärlik keşbi barha gözelleşýär. Diňe geçen ýylda “Ak şäherim Aşgabat” monumenti, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumy, “Brkarar” söwda-dynç alyş merkezi, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana, “gaýragoýulmasyz tiz kömek” merkezi, zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän zawod, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi, täze Halkara howa menziliniň ýolagçy terminaly we “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň täze edara binasy, Halkara gümrük terminaly, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň merkezi edarasynyň we Serhet institutynyň binalarynyň toplumy, Halkara awtoterminaly, otaglarynyň ýerleşişi gowulaşdyrylan köpsanly ýaşaýyş jaýlary, suw çüwdürimleri gurlyp ulanylmaga berildi. 

Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 2 müňden hem köp iri desgalaryň gurluşygy alynyp barylýar. Aşgabat şäherini ösdürmegiň 2015-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasynda Paýtagtymyzyň tutýan çaginiň giňelmegi, onda bina edilýän desgalaryň gurluşygynda innowasiýa tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň giň gerim bilen ösmegi göz öňünde tutulan. Şol bir wagtyň özünde öňden bar binalaryň 3600-den gowragynyň durkuny täzelemek meýilleşdirilen. Şäherimiziň görküni artdyrmak üçin elektrik toguny geçiriji asma simleri hem ýer astyndan geçirmek işleri ýola goýulýar.

Aşgabat şäherini ösdürmegiň 13-nji we 14-nji tapgyrlarynyň çäklerinde gurlup ulanylmaga berlen we gurluşygy dowam etdirilýän  binalar we desgalar häzirki zaman binagärlik  sungatynyň talaplaryna laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem olar gurlyş we ýerleşiş taýdan ulgamlaýynlygy bilen tapawutlanýarlar. Gün-günden özgerýän Aşgabadymyzda gurlan desgalaryň biri däl, eýsem birnäçesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Häzirki wagtda gözel Paýtagtymyz parahatçylygy, howpsuzlygy we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek we berkitmek boýunça dünýä ýurtlarynyň we halkara guramalarynyň gatnaşmagynda maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi.
        
Ýokarda aýdylanlar ak mermerli baş şäherimiziň mundan beýläkde has batly ösjekdigine we gözelleşjekdigine şaýatlyk edýär. Ýöne gynansak-da, şeýle gözellik bilen sazlaşmaýan ýagdaýlara, has takyygy binalara ýanaşdyrylyp özbaşdak gurulýan bassyrmalara we jaýjagazlara, emeli diwarlara we başgalara hem duş gelmek bolýar. Olar diňe bir binanyň gözelligini bozmak bilen çäklenmän, eýsem ýaşaýjylar üçin hem amatsyzlyklary döredýärler. Tiz kömek, ýangyn söndüriji we beyleki gayragoyulmasyz gulluklaryň ulaglarynyň bina golaý gelmegine päsgel berýärler. Şäheriň binagärçilik keşbine şikes ýetirýän
Okalan sany: 227   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14516 sek. ýüklenen baýt: 32112