Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Gyrat we edebiýat.
Ýazylan wagty: 28 апреля 2015 Ýazan NEXTTM


Gyrat we edebiýat.

Türkmen halky öz bedewini jandan söýýär. Ene-atasy deý eý görýär. “Irden turda ataňy gör, ataňdan soň atyňy ” diýipýöne ýere aýdylanok. Şonuň üçin öz bedewine hormat bilen garaýan türkmen, ýylyň-ýylyna bedew baýramçylygyny belleýär. Şol tý mynasybetli, bizem edebiýätymyza gaýtadan göz gezdirmegi, onda bedew hakda ýazylan käbir goşgylary, jümleleri, nakyllary ýatlasymyz geldi. Söhbetimizi Gorkut atadan başlasak kem bolmaz.

“Gorkut ata” şadessanynyň “Baý Bugra beg ogly Bamsy birek” bölüminde Birek öz atyny şeýle taryplaýar.
Açyk-açyk meýdana meňzär seniň alynjygyň,
Iki şeb çyraga meňzär seniň gözjagazyň,
Ibrişime meňzär seniň ýaljagazyň,
Iki goşa gardaşa meňzär seniň gulajygyň,
Äri myrada ýetirer seniň arkajygyň,
At diýmezden saňa, gardaş diýerem,
Gardaşymdan eg,
Başyma iş geldi ýoldaş diýerem, Ýoldaşymdan eg,

Bedewiň gadry  diýseň belent tutulýar. At diýmän saňa gardaş diýjek, gardaşymdan, ýoldaşymdan ileri tutjak diýen manyny berýän setirler, ata bolan söýgi, hormat bu eserde köp ýerde getirilýär. 

Bedewi taryp edýän, bedewiň öwgüsini ýetirýän gahrymanlaryň birem Göroglydyr. Ol öz atyndan aýra düşüp, ony küýseýär. Onuň gözlegine çykyp, tapanda begenip, şeýle diýýär.
Seni diýip, geldim Çandybilimden,
Isledigim, soradygym, Gyratym!
Dört aý boldy aýrylanma inimden,
Isledigim, soradygym, gyratym!

Seni münüp, dag-düzlere çykardym,
Mes bolup, ganyma gyýa bakardym,
Duşmanyň gözünde otlar ýakardym,
Isledigim, soradygym, gyratym!

Görogly beg Gyratynyň sarpasyny gaty belent tutýar, oňa ýoldaşy deý ýüzlenýär. 
Aýaklaryň galdyryp, nalyň kakaýyn,
Dyzyňdan aşagyna hyna ýapaýyn,
Agşam imiň berip, ertir bakaýyn,
Gyrat, meni Çandybile sen ýetir!

Bedew tarypyny nusgawy edebiýatymyzda çeperçilik bilen edilýär. Magtymguly atamyz:
At gazanan goç ýigidiň,
Owal bedew aty gerek-diýip belleýär.
Magrupy şahyr:
Kakdyryp nalyn kümüşden,
Iýmiti dürli iýmişden,
Ýüwrüşi artykdyr guşdan,
Bahar öwsen batdyr bedew-diýip onyöwsüp barýan ýele ele meňzetseSeýitnazar Seýdi:
Dal bedew ýigidi ýetir myrada,
Ajap hoş görkezer, ýakyna ýada,
Bilseňiz, ýaranlar, öter dünýäde,
Döwletli döwrandyrüsti bedewiň- diýip nygtaýar.

Liriki şahyr Mollanepes aty gaty içgin synlan bolmaly. Ol bedewe ýokary baha berýär, ynsana meňzetýär.
Ata-babaňy aýtsam, düldüliň öz ogly sen,
Ene-mamaňny aýtsam, jennetiň reýhan güli sen,
Häsýetiňni aýtsam, söýetiň söýeni sen,
Akly adam, jynsy haýwan, keseri dana bedew.

Mätäji şahyr aty diýseň söýüpdir. Bedewi utanjaň, uýaljaň gyza meňzedip, behisdi haýwan diýip, hasap edipdir.
Pelläge barsaň meger, gyzdan gylykly duruşyň, 
Ýör-hä-ýör bolsa ene towşan kimindirturuşyň,
Mysaly bady saba, baryndan burun baryşyň,
Zal ogly Rüstem münen, esbi raks, synly bedew.

Bedew sarpasy, bedewe söýgi biziň Berkarar döwletimizde belentden tutulýar. “Halk atşynasy” diýen hormatly adyň adyň döredilmegi muňa şaýatdyr. Bedewiň iň ýakyn howandarynyň birem ýurt Baştutan, gahryman Arkadagdyr. Ol bedewleriň aladasyny belent tutup, olar hakda kitaplar ýazdy, olaryň şanyna ajaýyp sözler aýtdy.

Türkmenistanyň nusgawy şahyrlaram, şu güniň döredijilik işghärlerem ajaýyp ahalteke atlarynyň tarypyny ýetirýärler. Ol atlara söýgi, ol bedewlere hormat Bagtyýar döwrümiziň adamlarynda näçe diýseň bar. 

Ol söýgi hiç haçan öçmesin!
H. Bäşimow
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.

Okalan sany: 294   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04133 sek. ýüklenen baýt: 40014