Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
DÖWREBÄP ÖZGERTMELER HALKYŇ BÄHBIDINI NAZARLAÝAR
Ýazylan wagty: 05 мая 2015 Ýazan NEXTTM

DÖWREBÄP ÖZGERTMELER HALKYŇ BÄHBIDINI NAZARLAÝAR

Dünýäniň islendik ýurdunda şäheri abadanlaşdyrmak, köne binalary we ýollary abatlamak, şäheriň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanan döwlet maksatnamalary hereket edýär. Bu maksatnamalar binagärler, bilermenler we hünärmenler tarapyndan içgin taýýarlanyp, olaryň durmuşa geçirilmegi üçin döwlet serişdelerinden maddy we maliýe kömekleri goýberilýär. Her bir iş amala aşyrylanda raýatlaryň bähbidi göz öňünde tutulýar, adamlara oňyn şertleri döretmek nazara alynýar.

1991-nji ýylda döwlet garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soň, Merkezi Aziýanyň iň asuda we parahat ýurdy bolan Türkmenistanda hem şäherleri we obalary abatlamak we abadanlaşdyrmak, paýtagt Aşgabady dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine öwürmek üçin döwlet maksatnamalary işlenilip taýýarlandy, bu ugurda degişli kararlar kabul edildi, millardlarça dollarlyk maýa goýumlary goýuldy. Özüniň 25 ýyllyk Garaşsyzlyk toýunyň bosagasynda, Köpetdagy etekläp oturan ak şäherimiz Aşgabat indi özüniň owadan keşbi bilen dünýä halklarynyň dillerinde dessan boldy, halkara konferensiýalaryň we forumlaryň, halkara sergileriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şeýle hem Aşgabat Aziýada olimpiýa oýunlaryny geçirmäge, dünýäniň çar künjünden geljek myhmanlary taýýarlamaga giňden taýýarlyk görýär.
 
Görülýän taýýarlyklaryň çäginde Aşgabatda we onuň eteklerinde täze desgalary gurmak, gara ýollary abatlamak, paýtagtyň ulag-aragatnaşyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, söwda merkezlerini döretmek we durmuş maksatly beýleki ugurlary dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen üpjün etmek üçin degişli kararlar kabul edildi. Şäher gurluşygy we abadanlaşdyryş boýunça geçirilýän ähli işler döwre görä sazlanýar. Mysal üçin, iki taraplaýyn hereket üçin niýetlenen uly ýollar giňeldilip we ikä bölünip, bir taraplaýyn ýol hereketine görä sazlanýar. 20-nji asyryň ikinji ýarymynda şäheriň köçelerinde tramwaý tok geçirijileri sallanyp duran bolsa, häzir bu ýagdaý düýpgöter özgerdilip, tramwaýlaryň ornuna ekologiki taýdan arassa hereket edýän awtobuslar geçdi, tramwaý tok geçirijileri bolsa aradan aýryldy. Ýörite taslamalar çyzylyp, durmuş maksatly elektrik geçirijileri ýeriň astyna geçirilip başlandy. Ýollaryň ortarasynda duran lagym lýuklary çete geçirilip, ýollaryň gyrasyndaky kisoklar we kiçeňräk dükanlar awtobus duralgalaryna ornaşdyrylýar. Ilatyň söwda etmegi üçin amatly bolan we arassaçylyk düzgünleri doly berjäý edilýän söwda merkezleri we bazarlar gurulýar. Çatryklarda döwrebap ýol yşyklary oturdylyp, sürüjiler sanly görkezijiler bilen üpjün edilýär. Gelim-gidim köp bolan ýerlerde bolsa pyýada ýolagçylar üçin ýerasty geçelgeler döredilýär, bu bolsa ýol hereketiniň howpsuzlygyny kepillendirýär.

Geçirilýän abadanlaşdyryş işleriniň hataryna möwriti öten çanak antenna ulgamlaryny we ýaşaýyş jaýlarynyň sowadyş enjamlaryny dünýäniň ösen ýurtlarynda ulanylýan ulgamlar bilen çalyşmak hem girýär. Nýu-Ýork, London, Moskwa, Pariž ýa-da Günbataryň islendik ösen şäheri bolsun, ýaşaýyş jaýlaryndan sallanyp duran çanak antennalaryny, analog antennalary ýa-da sowadyş enjamlaryny görmek 21-nji asyrda mümkin däl. Olaryň ählisi merkezileşdirilen ulgam, mysal üçin IP ulgamynyň üsti bilen çekilen HDMI telewizion kanallary, enjamlary görünmeýän ýerde ýerleşdirilen sowadyş ulgamlary bilen üpjün edilýär. Şu ösen tejribelere eýerip, Aşgabatda hem bu ulgamlaryň döwrebaplaşdyryş işleri geçirilýär.

“TürkmenTelekom” döwlet aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan Aşgabatda IP ulgamynyň üsti bilen halka hödürlenýän telewizion hyzmatlary ýerli teleýaýlymlaryň ählisini, şeW
Okalan sany: 318   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07196 sek. ýüklenen baýt: 32890