Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Kartoşka-geroý (Hekaýa)
Ýazylan wagty: 08 апреля 2013 Ýazan Krassavchik
Aman daýym giçlik myhmançylyga geldi. 
– Gel-geç, daýy, saçak başyna! – diýen mürehedimi göwünjeň kabul etdi. Öňünde goýlan kartoşka owmajyny işdämenlik bilen iýip oturyşyna:
– Şu gün-ä hem ýadaw hem aç – diýip, soňam şähere näme maksat bilen gelendigini düşündirdi: – Uruşa gatnaşan weteranlary ýygnaga çagyrdylar. Ýogsam bolmasa, men öýden kän bir çykybam ýöremok. Aýaklarda agyry bar bolansoň, dynç oturanym kem däl. Ýylda bir gezek bizi hem ýatlan boilýarlar, şoňa-da şükür. Düýbünden ýatlamasalaram, etjek alajyň ýok. Ýygnakda sowgat berdiler, alkyş aýtdylar, sag bolsunlar. 
Ýöne ýaňy takside size gelýän wagtym bir aýal bar keýpimi gaçyrdy. Meniň döşümdäki orden-medallaryma göwnüýetmezçilik bilen seredip:
– Ýeňiş siziň ýeňşiňiz däl – diýýär. Ýeňiş türkmen halkynyň ýeňşi däl, ol rus halkynyň ýeňşi. Meniň halkymyň ýeňşi – diýýär. Ýaş, owadan rus aýaly. Ýüregi welin, tutaçdanam gara bolarly. Türkmenistanda ýaşap ýörse-de, türkmenleri äsgermeýän eken, ýüreginde-de ýigrenç toplap bilipdir. Belki, nämedir bir zada gahar edip ýörenlerdendir, belkämem, düşünjesi şeýleräkdir, bilmek kyn-da adamyň ýüregini. Menem oňa söweşlerde gurban bolan ýoldaşlarym barada gürrüň berdim. Diňläb-ä oturdy, belki näme, soňluk bilen pikirinem üýtgedäýedi-dä.
Men:
– Daýy çekilme, iýip-içip otur – diýdim. 
Ol:
– Iýdim, bereket bersin. Tagamly kartoşka eken. Biler bolsaň, nemisi ýeňen kartoşkadyr. Uruşda bizi aglaba kartoşka bilen naharlardylar. Uruşmaga güýç-gurbat berenem kartoşkadyr. Kartoşka – geroýdyr! – diýdi.
Okalan sany: 656   Jogaplar: ( 5 )

Betman
08 апреля 2013

sag bol gyzyklyja hekaýa,goodgeliň onda kartoşka iýeliň Kartoşka 

shutnick
08 апреля 2013

Kartoşka intek intek öz geroýlygyny gaçyrmaz, iň bolmanda kartoşkany günde bir gezek iýmeýän barmyka, manä günde iýän, süji we peýdalygood

Garabeg
08 апреля 2013

gooddogrudanam atam pahyr aýdardy uruş döwri olar üçin kartoşkadan bişirilen nahar iň gowysy bolupdyr, 

Mayichka
08 апреля 2013


Her hili gyzyklyja hekaýa tapýaňyz. Dogrudanam kartoşka biziň ähli naharlarymyzda diýen ýaly bar. Çagalara kartoşka fri berseň başga zat gerekdäl.

asmandakebelejik
09 апреля 2013

haladym gyzykly hekeýa, dogrudanam yza ser salsaň bir näçe adamlary kartoşka halas edendir


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05961 sek. ýüklenen baýt: 35162