Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Köpetdag – açyk asmanyň aşagyndaky „muzeý“
Ýazylan wagty: 08 апреля 2013 Ýazan Shutnick

Gadym zamanlarda Demirgazyk Afrikadan başlap Gara deňzine çenli örän uly giňişliklerde gadymy Tetis deňzi ýaýylyp ýatyrdy. Deňiz yza çekilýänçä müňlerçe ýyl geçdi, ýer gatlagynyň yzygiderli hereketi bolsa, dürli görnüşli dag jynyslary bilen örtüp, Köpetdagyň dag gerişleriniň emele gelmegine getirdi. Dag gerişleri, kert we darajyk jülgeler, daglaryň aralaryndaky dereler, eňňitler geologiki ösüşiň we daglaryň ösüşini göz-görtele mälim edýär. 



Eger-de Týan-Şan dagalryny sähra daglary diýip atlandyrylýan bolsalar, onda Köpetdagy çöllükdäki dag diýip hasap edip bolar. Bu ýerde örän gurak howa bolýar, tomsuna yssy, gyşyna sowuk bolýar. Tomsuna dag eteklerindäki düzlükde howanyň gyzgynlyk derejesi 40-dan gem geçýär, iki müň metr dag belentliklerinde bolsa gyş aýlary howanyň sowuklyk derejesi 30-a çenli ýetip bilýär. Gyş aýlarynda daglaryň çür başyndan başlap eteklerine çenli gara bürenýär. Bu ýagdaý käwagtlar mylaýym bahar paslynyň ahyryna çenli saklanyp bilýär. Ýazky ýagyşyň hasabyna Köpetdagyň ätiýaçlyk çyglylygnyň üsti ýetirirlýär. 


Tebigat Köpetdaga derýajyklary we çeşmeleri peşgeş beripdir. Olaryň töwereginde bolsa elmydama, aýratyn hem howanyň yssy günlerinde durmuş gaýnap-joşýar, mundan hem başga onuň bereketli topragyny däg derýajyklary we çeşmeleri, çal we çemenzarlyk toprak bilen üstüni ýetirýär. Bu ýerde 12 million ýyl mundan ozal, Köpetdagyň ösümlik dünýäsi emele geldi. Olaryň käbir görnüşleri relikt hökmünde biziň günlerimize çenli gelip ýetdi. 


Şeýlelikde, Guryhowdan şäherçesiniň töwerkelerindäki ownuk çagylly toprakda ýaz aýlary Atabaýew güberçeginiň sary-benewşe güllerini, Şamly şäherçesiniň golaýlarynda bolsa, türkmen popowiolimonynyň köküniň ýanyndaky ösüntgileri, Gurtsuw obasynyň töwereginde bolsa – dünýäni hiç bir ýerinde ösýändigi hasaba alynmadyk melewşe reňkli Köpetdag krylotyçinnigini görmek bolýar.


Dag ýerleriniň irki toprak howa şertlerinde dürli belentliklerde ösümlikleriň müňden gowrak görnüşi ösýär. Olaryň köp sanlysy bolsa – bu çylşyrymly güllüler maşgalasyna degişli, däneli we kösükli ösümliklerdir. Özi hem Köpetdagyň otjumak ösümlikleri gyrymsy we bag ösümliklerinden ep-esli köpdür. 

Ýokary endemiki häsiýete eýe bolmagy (20 %) ýerli ösümlik dünýäsiniň häsiýetli aýratynlygydyr. Şeýle aýratynlyk Orta Aziýa dag ösümlik dünýäsiniň hiç birinde gabat gelmeýär. Ösümlikleriň köp gürnüşiniň tikenli bolmagy geň galdyryjydyr. Bu ýerde, gurak daşly-çümegen dag sährasynda, gurak howa durnukly ösümlikler özlerini öňaýly duýarlar. Olar tikenini, baldagyny, çybygyny ýapraga öwürmäge ukyplydyr. 


Köpetdag – gapma-garşylykly häsiýetli mesgendir. Sebäbi bu ýerde eräp barýan garlaryň arasynda ýabany giasintiň, ak-melewşe reňkli korkusy we agymtyl-gyzylymtyl iki ýaprakly güli, gök-benewşe we bägül gladioluslary, Ewbankyň açyk sary-ak irisini we Raddeniň turaçynyň hoşboý ysly gülleri birden gabat gelýär. Örän näzik ak, ak-bägül, goýy gyzylymtyl we açyk-gyzyl reňkli çigildemleriň, olaryň toplumynyň hakyky owadanlygyny görmek bolýar. 

Pürli we uzak ýaşaýan türkmen arçasy dag ösümlikleriniň esasy hasap edilýär.Ony ýerli ösümlik dünýäsiniň hiç biri çalşyp bilmeýär. Onuň bu gymmatly tarapy nämeden ybarat? Jogap örän ýönekeý. Arça – dag ösümlikler toparynyň ählisiniň gurluşygynyň esasy özeni hasap edilýär. Arçanyň aýry-aýry baglary 600 we ondan hem köp ýaşaýar. Arçanyň ýok ýerinde köp sanly ýaz otlarynyň güýçli ösmegine zyýan ýetirýän gurak ýowşan düzligi agdyklyk edýär. Olaryň köpüsi bolsa dermanlyk görnüşleridr ýa-da ýabany medeni ösümliklere ýakyn ösümliklerdir. Uzak ýaşaýan arçalaryň köki topragyň çyglygyny saklamak bilen, şonuň bilen birlikde ýerli ösümlik dünýäsiniň köp sanlysynyň boýy we ösmegi üçin şertleri döretmek bilen, topragy we dag eňňitleriniň kompozisiýasyny asyrlar boýy saklaýar. Hut şonuň üçin hem türkmen arçasy Köpetdag dag toplumynyň easy ösümligi hökmünde Tebigaty goramagyň halkarasanawyna goşuldy. Arça tokaýlygy – diňe bir dag durnuklylygynyň görkezijisi bolman, eýsem düzlük ýer ekoulgamynyň hem görkezijisidir. Mundan hem başga, güri bolmadyk arça tokaýlygy dag howasynyň bejerijiligini emele getirýär we dag howasynyň mikroplardan hapalanmagynyň öňüni alýar. Ony öz pürleriniň ysy bilen töweregini doldurmak bilen, ol örän berk bolup, diri gurluşy bilen zaýalamagyna ýol bermeýär. 


Köpetdagyň ösümlik dünýäsinde ýabany miweli baglar bolan alça, alma, rýabina, armyt, beýi, böwürslen, ýemşen, üzüm ösýär. Olar jülgeleriň düýbi boýunça tebigy tokaý zolagyny emele getirýärler. Özi hem subtropiki Günorta-Günbatar Köpetdagda ösümlik dünýäsiniň ösümlikleriniň „fragmentleri“ Merkezi Köpetdagdaka garanyňda köp bolýar. Has çygly eýýamyň gadymy görnüşi bolan gündogar çynary, grek hozy ýabany ösýän adaty nar bolup durýar. Türkmen almasynyň mündan öňki görnüşleri bu ýerde biziň eýýamymyzdan öňki V-IV asyrlarda Parfiýa imperiýasy döwürlerinden başlap ösdürilip ýetişdirilipdir. Üzümiň köp sanly gadymy ýerli görnüşleri – parfiýa ekinleriniň görnüşleriniň nesilleridir. Olaryň öz nobatynda, şu günler hem gabat gelýän ýabany üzümlerden gelip çykandygy täsin ýagdaýdyr. Adaty injiriň ýetli görnüşiniň ilat tarapyndan ýabany ýagdaýdan medeniýetleşdirilendigini botanikaçylar belleýärler. 


Köpetdagyň gurak eňňitleri boýunça klýondan, badamdan we parnolistnikden ybarat bolan ýaprakly agaçlaryň tokaýlygy has ýaýran görnüşleridir. Olar iri massiwleri emele getirip, sawannalar görnüşi boýunça ösýärler, Şeýle hem genofond hökmünde uly ähmiýete eýe bolan bagrýanikler, ýemşenler, kiziller we pisseler fragmental bölünşige eýedir. Şeýle hem bu ýerlerde enolit döwründen bäri adaty ösümliklere öwrülen garagaçlardan, karkaslar, derekler, derekler we dagdanlardan ybarat bolan tugaý tokaýlygy hem uly gymmatlyga eýedir. Bu günki gün olar geçen eýýamlaryň diri şaýatlarydyrlar. 

Köpetdagyň ösümlik örtüginiň aýratynlygy diýip onuň arça topbaklyk tokaýlygyndan ýokary galýan dag delelik-tipçak sähralygyny hasap etse bolar. 

Özüniň görnüş düzümi we ösüş şertleri boýunça dürli-dürli bolan Köpetdagyň ösümlik dünýäsi biziň ýurdumyzyň bahasyna ýetip bolmajak tebigy serişdesi hem-de türkmen halkynyň mili gazananlary bolup durýar.
Okalan sany: 1098   Jogaplar: ( 5 )

shutnick
08 апреля 2013

teswirleriňize garaşýan

Garabeg
08 апреля 2013

men bu owadanlygy Garrygala obasyna gidenimde gördim ýöne men gidenimde bir zaz howa sowuk bolan soň daglar edil bahar paslyndaky ýaly däldi emma men dagdan akýan uly çeşmäni görip haýran galdym, türkmenistanda bular ýaly ajaýyplyklaryň barlygyny bilmändimgoodsag bol ňwtor

Mayichka
08 апреля 2013


Teksti surat bilen gowy bezäpsiňiz. Umuman türkmen tebigatymyzyň ähli ýerleri dagam, düzem, çölem, deňzi derýasam gözel. Tomus rugsadyna çyksam gidäýmegim gaty ahmal.

marala
08 апреля 2013

haladym gyzykly bilmeýän zatlarymyz gowy

asmandakebelejik
09 апреля 2013

wah derdimi gozgadyňz, gidip görmeli ýerler edil häzir gitseň şeýle owadandyr daglar


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08233 sek. ýüklenen baýt: 47271