Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Aşgabat - Watanymyzyň buýsanjy.
Ýazylan wagty: 27 мая 2015 Ýazan NEXTTM


Aşgabat - Watanymyzyň buýsanjy.

Hemişelik Bitarap Watanymyzyň paýtagtynda amala aşyrylýan giň gerimleri işleri dünýä ýaýmak, döwletimiziň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeniýet merkezi hökmünde Aşgabat şäherimiziň ornuny has-da ýokarlandyrmak, sebitde iri ylalaşdyryjy, işewürlik we medeni merkeze hem-de Aziýanyň merjen şäherine öwrülen paýtagtymyzyň  abraýyny has-da belende galdyrmak maksady bilen her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününi belläp geçmek baradaky karar Hormatly Prezidentimiz tarapyndan  2013-nji ýylda  kabul edildi. 
  
Her ýylyň 25-nji maýynyň «Aşgabat şäheriniň güni» diýlip yglan edilmegi paýtagtymyzyň medeni ösüşinde möhüm waka öwrüldi we ak şäherimiz Aşgabady ösdürmek bilen bagly täze, has uly wezipeleri öňde goýdy. 

«Aşgabat şäheriniň güni» biziň mähriban Watanymyzda gazanylan ösüş-özgertmelerimizi, şäher gurluşygynda gazanan uly üstünliklerimizi, binagärlikde ýetilen belent derejelerimizi dünýä aýan edýän ajaýyp baýramdyr. 

Şu ýylyň 25-nji maýynda ähli watandaşlarymyzyň söýgüli baýramyna öwrülen bu baýramçylyk ajaýyp paýtagtymyza bolan buýsanç we watansöýüjilik ruhuna beslenip,  ikinji gezek giňden we dabaraly bellenip geçildi.


Gurbangeldi  Nepesow

Okalan sany: 182   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04078 sek. ýüklenen baýt: 30320