Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“Google” gürleýän krossowka hödürledi
Ýazylan wagty: 08 апреля 2013 Ýazan Garabeg
“Google” şereketi Ostine-de geçirilen Tehas ştaty “SXSW Interactive” tehnologik maslahatynda ýaltaçylyk bilen göreşmäge we sport bilen meşgullanmaga ýardam berýän “gürleýän” krossowkalary hödürledi.

 
Işläp düzüjiler ony “Adidas” şereketi bilen birlikde işläp düzdüler. Inženerleriň pikirine görä,  “Akylly” köwüş sport bilen meş­gul­lan­ma­ga we diwanda azrak ýatmaga maýyl etmelidir. Hakykatdanda, bu krossowkalar onuň eýesine passiw durmuş obrazy üçin hüňüdäp ýa-da tersine işjeň hereketleri üçin dürli ýol bilen ruhlandyryp bilýärler.

Krossowkada ädim hasaplaýjy, giroskop we akselemetr oturdylypdyr. Içinden oturdylan dinamika täze abzala onuň eýesi bilen habarlaşmaga, tälimçisi hökmünde çykyş etmäge we dürli buýruklar bermäge ukyplydyr. Bulardan başgada krossowkalary “Bluetooth” aragatnaşygynyň ýardamy bilen smartfona ýa-da “Google Glass”-yň “üsti hakykat bilen doldurylan” äýneklerine birikdirip bolýar.     

Hakykatda bolsa, şereket bu krossowkalary köpçülikleýin çykarmagy niýet edinmeýär. “Biziň maksadymyz – ýaşlary özleriniň şahsy modellerini dö­ret­mä­ge ruhlandyrmakdan ybaratdyr: munuň üçin biz öz saýtymyz­da krossowkanyň ähli syrlaryny açýarys we isleg bildirýänler öz “akylly krossowkalaryny” döredip bilerler” diýip, “Google”-niň wekili gürrüň berdi.
Okalan sany: 547   Jogaplar: ( 4 )

permann
08 апреля 2013

hay her zat tapjaklarow 

marala
08 апреля 2013

goodahyr bir günä tehnikanyň yzyndan ýeterler onsaň näme çykararlarka. sag bol awtor

asmandakebelejik
09 апреля 2013

bu krassowkany çykarany bilen satuwda bolmajak bolsa haýry näme, bize onuň peýdasy ýok, 

Mayichka
09 апреля 2013


Geň zat oýlap tapypdyrlar, ýakyn günlerde özi ýöredýän aýak gabyny oýlap tapsalar has gowy bolardy.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05860 sek. ýüklenen baýt: 32282