Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Zyýanly endik
Ýazylan wagty: 29 мая 2015 Ýazan NEXTTM

Zyýanly endik.

Adamzadyň durmuşynda ustunliklerem bolýar, ýetmezçiliklerem. Ynsan hemişe gowy ýaşamaň, durs ýaşamaň arzuwynda bolýar. Ýöne özi bilmezden gödek ýalňyşlaram göýberýär, ýaramaz endiklere ýüz urýar. Şolaryň birem neşekeşlik, arakhorlyk, çilim çekmek, nas atmakdyr.

Ýaş nesil hemişe uly bolmagy arzuw edýär. Ol ulylara öýkenmegi halaýar.  Biz ulylar bolsa, käte olara ýaramaz endikler görkezýäris. Olaryň ýanynda temmäki serişdelerini ulanýarys. Onsoň, diňe bir öz saglygymyza däl, ösüp barýan körpe nesiliň saglygyna zeper ýetirýäris.

Temmäki önümlerini ulanýan adamlar töwereginiň tämiz howasyny zaýalap, diňe bir öz saglygyna däl, beýleki adamlaryň saglygyna howp salýar. Ýaş ýetginjekler  bilesigelijilikden, ulylara öýkenmek isläp, çilim çekip, soňra nas atyp başlaýarlar.

Şu ýerde Türkmen halkynyň akyldarlarynyň biri, nusgawy şahyrlarymyz Magtymguly atamyzyň bir goşgusyny ýatlasym gelýär. “Ölmesden burun” goşgusynda ol şeýle ýazýar:
Saglygyň gadryn bilgil, hasta bolmazdan burun,
Hastalyk şükrüni kylgyn, täki ölmesden burun.
Düz ýerniň gadryn bilgil, derýaga dolmasdan burun,
Gämide hüşgär oturgyn, girdaba gelmesden burun.
Ýaşlygyň gadryn bilgil, tä ulalmasdan burun.
Şahyr adamlara asylly bolmagy, saglygy, hüşgär bolmagy maslahat berýär.
 Maý aýynyň başyndan ahyryna çenli ýurdumyzda temmäkä garşy  göreşmek boýunça biraýlygyň yglan edilmegi, döwletiň öz halkynyň saglygy baradaky aladalarynyň ýene biriniň bolandygyny görkezýär. Her bir adam öz maşgalasynyň agzalarynyň sagdyn bolmagyny islese, ol çagalaryny zyýanly endiklerden gorap saklamalydyr. Temmäki önümlerini ulanmak şol ýaramaz endikleriň barypýatanydyr.
Kuwwatyň kemelder, güýjiň azdyrar,
Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar,
Süňňüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar,
Bir nyşana budur sende, çilimkeş.

El götergil beýle nahak talaşdan,
Puluň koýer, janyň ýanar bu başdan,
Erte garnyň doldurarlar ataşdan,
Zähmi çykmaz, galar janda, çilimkeş.
Paýhasdan paýyny alan zehinli atamyz, bu ýigrenji käri paş edýär. Baş goşan işiňden el göter, onuň zaheri, agyrysy seni heläk eder diýip belleýär. 

Çilim çekmek-bu adamzadyň iň howply, zyýanly, töwerek üçin erbet göreldeli endikdir. Çilim awydyr. Her gezek oňa baş goşanda öz tenine, göwresine nikatin zäherini göýberýär. Şeýdip, şeýdip, uzak wagt çilim çeken adamda, temmäkä bolan zerurlyk döreýär. Ol saňa baka zyýanly kärinden ýüz öwürip bilmeýär. Gaýta töweregindäkilere, iň ýamanam çagalaryna ters görelde görkezýär. Onsaň olaram bu zyýanly käre baş goşup başlaýarlar, bu endiklerden dynmak, wagt geçensoň kyn bolýar. Eger siz şol zyýanly endikden dynmak kararyna gelen bolsaňyz, onda ol iş size hökman başardar we ol siziň durmuşdaky uly ýeňişleriňiziň birine öwrüler. Ol siziň saglygyňyzy, maşgala agzalaryňyzyň, töwerekdäki golaý adamlaryňyzyň saglygyny goramak ugrynda edilen aýgytly we üstünlikli ädimiňiz bolar. 

Haçanda siz şol ädimi ädip, ir turup, ylgamak, ýöremek, ertirki maşklary ýerine ýetirmek, dogry iýmitlenmek, işdämen iýmek ýoluna düşseňiz, bedeniňizde ýeňillik duýarsyňyz. 

Temmäki önümleriniň birem nasdyr. Adam oňa ýüz ursa, saglygyny bir ýitirer, üstesine üsti-başyny hapalap abraýdan düşer. Şu ýerde ýene-de Magtymguly şahyra ýüzleneliň.

Göýä bu dünýäge geldiň-gelmediň,
Köp aglar sen mydam işiň, nas atan.
Şerigät ýolundan habar almadyň,
Galar dowzah içre läşiň, nas atan.

Bir adamy görseň, gizläp gaçar sen,
Burnuňdan dem gelmez, agzyň açar sen,
Keýpi gelse, ogul-gyzdan geçer sen,
Haýran bolar oba goňşy, nas atan.
Sarpaly Prezidentimiz, biziň saglygymyzy, temmäkä garşy göreşmegiň ugruna çykmagy, zyýanly kärlerden daşda bolmagy bize ündeýär. Ynsan gylyklarynyň gowusyny özümizde jemlenmegimizi isleýär. Daşky gurşawyň abadan bolmagy, saglygyň goragynda durmak üçin köp çäreler geçirýär. Biz saglygymyzyň gadryny kesellemezden öň bilmeli. Dogry terbiýe almak, ýaramaz gylyklardan daşda durmakdyr. Geliň şol ýeňiş bilen temmäkä garşy göreşe bilimizi guşap gatnaşalyň.


Hudaýberdi Bäşimow.
Türkmenistanyň at gazanan 
Medeniýet işgäri.
Okalan sany: 526   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11626 sek. ýüklenen baýt: 37408