Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
“ÖÝÜM BAR-ÜLKÄM BAR”.
Ýazylan wagty: 09 апреля 2013 Ýazan NEXTTM
Türkmen halky öýüne, ojagyna keramat, mukaddeslik hökmünde garaýar, öýüne hemişe bela-beterden, gözden-dilden goramaga çalyşýar. Täze öý tutunmak maşgalanyň durmuşynda möhüm waka bolup, ol uly dabara beslenýär. Geçmişde ak öýüň süňňüni ýasamak bilen baglanşykly birnäçe yrymlar bolupdyr. Meselem, ak öýüň süňňüni ýasaýan ussa-gerekçi hiç haçan öýüň gabsasyny ýasamandyr. Türkmen öýüniň bosagasy, söýeleri bolsa dagdan agajyndan edilipdir. Güýji ýeten adam hatda gapylaryny hem dagdandan edipdir. Gapylary dagdan agajyndan bolan öýe göz degmeýär diýip ynanypdyrlar.

Ata-babalarymyz öýüň süňňüne sarp edilýän zatlaryň ählisiniň halal bolmagyny gazanypdyrlar. Halal soýlan düýäniň boýnagyndan edilen inçejik tasmany tärimiň agaçlaryny daňmak üçin ulanypdyrlar. Eger-de haram ölen malyň dersinden tasma edip, ony öýüň bir ýerinde ulansaň, şol öýüň içi tüsseli bolýar diýip ynanypdyrlar.
         
Türkmenlerde jübüt sanlar gowy görlensoň, öýüň täriminiň sany hem jübüt edilipdir. Ene-mamalarmyz hem öý dulunyň  ýükünde hökman iki, ýagny goşa artmak goýupdyrlar, tärimden asylýan çuwallaram jübüt bolupdyr. Häzirki wagtda-da jübüt  sanlaryň ähmiýeti saklanyp galýar tükmen taýlaryna çörek jübüt eltilýär, atgulak jübüt asylýar.

Geçmişde türkmenler tam, kepbe salanlaryň ýowar edipdirler. Tam gurjak adam kerpiçlerini guýup, taýýar edensoň, sähetli güni saýlap, obadaşlaryna, garyndaşlaryna öý gurýandygyny aýdyp, olary ýowara çagyrypdyr. Bellenilen güni ýakyn garyndaşlary, goňşulary gelip, jaýyň gurluşygyna kömekleşipdirler. Iş tamamlanansoň goýun soýup, sadaka edipdir we ýowara gatnaşanlary hezzetläpdir. Täze öýüň ilkinji kerpijini obanyň döwletli adamlaryna goýdurypdyrlar we şol öýüň rysgaly, döwletli bolmagyny arzuwlapdyrlar.

Türkmenler islendik bir işiň başyny sähetli güni başlapdyr. Halk arasynda sähetli güni Zöhre ýyldyzynyň haýsy tarapdan dogandygyny bilip, kesgitläpdirler. Hijri-kamary ýyl hasaby bilen her aýyň 9-na Zöhre ýyldyzy ýerde bolupdyr, şonuň üçin şol gün täze öý dikmek, jaýyň düýbüni tutmak, gurluşyga başlamak üçin bisähet hasaplanylýar. Halk arasynda “Sekizi güni sekme, dokuzy güni ýere gazyk kakma” diýen nakyl hem döräpdir.

Türkmenler hemişe duza uly sarpa goýupdyrlar, onuň keramatly güýjüne ynanypdyr. Eger-de bir sebäp bilen öý eýeleri sähetli güni täze öýe göçüp bilmeseler, onda şol  öýe duz we çörek eltipdirler. Türkmenler öýi dikmek üçin ýer saýlanlarynda, şol ýeri bela-beterden arassalamak üçin duz sepipdirler.

Ýaşaýyş jaýlary bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň ýene biri-öýüň gapysynyň belli bir tarapa bakdyrylmagydyr. Merw türkmenleriniň öýleri bir hatara düzülip, olaryň ählisiniň gapysy günbatara bakdyrylypdyr. Gapynyň günbatara bakdyrylmagyny ýaşulular oazisde şemalyň köplenç göndogardan öwüsmegi bilen düşündirýärler. Sarahsda öýüň gapysy köplenç günorta-günbatar, Tejende günorta ýa-da günorta-günbatara, Ýolöten we Pendi sebitlerndäki öýleriň gapysy bolsa günorta tarapa bakdyrylypdyr.

Türkmençilikde öýlenýän ýigide ak öý gurup beripdirler. Edmond Donowan nerw türkmenleriň gelin toýunyň toýlanyşyny beýan edip, şeýle belleýär: «...täze öý ýa-da ak öý ýigidiň hossarlary tarapyndan galdyrylýar. Munuň özi (ak öý diýlip atlandyrylmagy) entek üçegiň keçe örtüginiň ojagyň tüssesi bilen zaýalanmandygyny aňladýardy. Ýaşlar hossarlaryň ugratmagynda bu öýe girýärler».Täze gurlan öýüň şanyna «ak öý toýy» toýlanypdyr. Etnograf G.Wasilýewa «merw türkmelerinde ak öý toýy ýaşlaryň durmuş toýundan dört-bäş günden soň toýlanypdyr» diýip ýazýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Janly rowaýat» atly kitabynda türkmen öýüniň haly bezeglerine salynýan nagyşlaryň öýi goramak manysynyň bolandygyny belläp, «toýtutulýan ak öýi bezemekde ulanylýan akýüp bagjygy öýi aýratyn bezegli görkezipdir. Bu ýerde gorag we isleg-arzuw edilýän nagyşlar: «sagdak», «tegbent», «gülýaýdy», «dogajyk», «keýikokara», «daragt agajy», «sekiz goçak», «dagdan» we başga göller ýerleşdirilipdir» diýip ýazýar.

Ak öý toýy uly dabara bilen toýlanypdyr. Öýüň agaç böleklerini dikip alyn uklaryny we gapysyny dakmazdan öň, tüýnükden owadan ýaglyklary, mata böleklerini asyp, ýaglyga towusmak oýununy oýnapdyrlar. Barly adamlar göreş tutdurypdyrlar, at çapyşygyny gurnapdyrlar. Gulibef de Blokwil merw türkmenleriniň tam toýuny toýlaşy barada şeýle ýazýar:  «Täze öý tutulan adam tam toýuny edýär. Ol toý tutjakdygyny aýdyp, birnäçe gün öňünden dost-ýarlaryna we goňşularyna oba aýlanyp çykýar. Syrygyň ujunda ýaglyk asyp goýýalar, ony diňe örän ýokary towsup alyp bolýar. Toýa çagyrylanlaryň ählisi ýygnanansoň, olar öýe girip, ony synlaýarlar. Her kim öýüň gowy tarapy barada-da, kemçiligi barada-da öz pikirini aýdyp bilýär, öýi synlaýanlaryň has çakganlary syrygyň ujundaky ýaglygy aljak bolup towsar. Alyp bilseň, ýaglyk seniňkidir, ol seniň öz türgenligiňi görkezeniň üçin baýragyňdyr. Soň göreş tutulyp, at çapdyrylýar, tüpeňdir sapançada nyşana ok atyşmakda bäsleşik guralýar. Bu şüweleňli oýunlardan soň, toý märekesine nahar çekilýär.

Şular ýaly toýlarda mal soýlup, gelen mähelläniň hemmesine bol-telki ýeter ýaly palaw taýýarlanýar. Şu meýilli üýşmeleňler çaý içişlik we aýdym-saz diňlemek bilen soňlanýar. Özem aýdym-saz şol täze tutulan öýüň içinde ýerine ýetirilýär...»

Täze gurlan öý bilen baglanşykly bir gyzykly dessur barada Ç.Ýazlyýew şeýle ýazýar:»Tejen we murgap türkmenleri täze öý guranlarynda, tüýnük ýüpünde hiňňilik uçupdyrlar. Oglanlara hiňňilikde uçmaga urgsat berilmändir. Bu däbiň manysy näbellidir.» Ýaşulylaryň gürrüň bermegine görä, bu däp öýüň berk bolmagy üçin edilipdir. Tüýnük ýüpünde hiňňilik uçulanda uklar tüýnüge has oňat girip, has berk bolupdyr.

Türkmençilikde öýüň bosagasy bilen baglanşykly hem birnäçe dessur bar. Bosagada oturmak günä hasaplanýar. Öýi gözden-dilden goramak üçin gapynyň bosagasyna zynjyr, atyň naly kakylypdyr. Bosaganyň agzyna gara boz keçe ýazylypdyr.Türkmenler göz degýän adamyň ähli ýaramaz güýji şol gara keçä siňýär diýip ynanypdyrlar.
  
Däp boýunça, türkmen öýüniň sag duly aýallaryň, çep duly erkekleriň tarapy hasaplanypdyr. Bu tertip hiç haçan bozulmandyr. Öýde ýaşaýan maşgala agzalary yzygiderli betbagtçylyga  uçrasa, ýarawsyzlyk bolsa, ýaş çagalary durmadyk ýagdaýynda bu däp bozulyp, erkekler bilen aýallaryň orny çalşylypdyr. Halkymyz ähli betbagtçylyklar şeýtandan gelýär, eger-de öýüň içindäki tertip üýtgedilse, şeýtany aldap bolar diýen ynanç bolupdyr.

  Türkmenler öýe hemişe sag aýagy bilen «Bissimilla» diýip, salam berip girýär. Edepkadalarynda öýüň içinde hiç kim bolmasa-da, hökman salam berilýär. Bu barada Gulibef de Blokwil şeýle ýazýar: ”başga biriniň öýüne baranlarynda, türkmenleriň halys endik bolup galan, üýtgewsiz ýörelge-kadalaryndan çykmaýar. Türkmenler ýat öýe baranlarynda, işigiň eňsisini emaý bilen galdyrýarlar-da, biraz eglibräk,içerik ätleýärler. Biraz saklanyp, kaddyny dikeldýärler, bir meýdan demini dürsäp, gögüne garap, diňşirgenip  durýarlar-ähtimal, bu säginmek aýallara ýaşynmak üçin pursat berildigidir-öýüň içine göz gezdirip çykýarlar-da, öýe salam berýärler.»

Görşümiz ýaly, türkmenlerde ýaşaýyş jaýlary bilen baglanşykly birnäçe yrym-ynançlar, däp-dessurlar bolupdyr. Bu däp-dessurlaryň köpüsi biraz özgeren häzirki wagtda hem halkymyz tarapyndan ulanylyp gelinýär. Türkmenleriň ýaşaýyş jaýlary bilen baglanyşykly däp-dessurlary, yrym-ynançlary halkymyzyň ruhy medeniýetiniň möhüm bölegidir. Her bir türkmeniň, aýratynam ýaş nesliň asly halal ata-babalarymyzyň gylyk-häsýetlerine eýe bolmagy olaryň düýpli üwrenilmegi örän wajypdyr. 
Okalan sany: 958   Jogaplar: ( 2 )

asmandakebelejik
09 апреля 2013

gyzykly öwrenaýmaly goodhaladym awtor

marala
09 апреля 2013

gyzykly maglumatlar tapýaňyz käbir zatlary bilmän ýören ekenik, sag bol


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07737 sek. ýüklenen baýt: 39083