Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da bäs­le­şik
Ýazylan wagty: 02 июня 2015 Ýazan NEXTTM
Aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da bäs­le­şik


Ger­ma­ni­ýa­nyň aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­la­ry 2020-nji ýy­la çen­li dün­ýä­niň iň öň­de­ba­ry­jy şe­re­ke­ti bol­mak üçin öz ara­la­ryn­da bäs­leş­ýär.
 
 Bu ugur­da­ky bäs­deş­lik ka­şaň aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­riň ara­syn­da has gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär. Soň­ky wagt­lar­da “Mercedes-Benz” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň sa­tuw­la­ry 10 gö­te­rim­den ýo­ka­ry ösüş ga­zan­dy. Bu bol­sa, “Da­im­ler” BMW we “Audi” bi­len ara­syn­da­ky ta­pa­wu­dy azalt­dy. Bir ýyl ozal bu ugur­da bi­rin­ji bo­lan BMW bi­len “Mercedes”-iň ara­syn­da­ky sa­ty­lan aw­tou­lag­la­ryň sa­ny 62 müň bo­lan bol­sa, hä­zir­ki wagt­da bu gör­ke­zi­ji 23 müň çen­li aza­lyp­dyr. “Volks­wa­gen”-yň (VW) ga­ra­ma­gyn­da­ky “Audi” bi­len ta­pa­wut 13 müň çen­li aza­lyp­dyr. BMW kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Nor­bert Reýt­ho­fer ge­çen go­laý­da be­ren be­ýa­na­tyn­da bu ýyl ka­şaň ulag­la­ryň sa­tu­wyn­da bi­rin­ji­li­gi do­wam et­dir­jek­dik­le­ri­ne ynan­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. BMW ge­çen ýyl sa­tu­wy­ny 9,5 gö­te­rim art­dy­ryp, 1 mil­li­on 800 müň ulag ýer­läp­di.

“Audi” bol­sa, bu ugur­da ge­çen ýyl 10,5 gö­te­rim 1 mil­li­on 740 müň ula­gy müş­de­ri­le­re ýe­ti­rip­dir. “Mercedes-Benz”-iň sa­tan aw­tou­lag­la­ry­nyň sa­ny 1 mil­li­on 650 mü­ňe ýe­tip, bu ba­bat­da 13,5 gö­te­rim ösüş ga­za­nyp­dyr.

“Mercedes”-iň ulag­la­ry­na bo­lan is­leg şu ýy­lyň il­kin­ji dört aýyn­da 13,9 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lup, ol 578 müň ula­gy aly­jy­la­ra ýe­ti­rip­dir. BMW kom­pa­ni­ýa­sy de­giş­li dö­wür­de 5,5 gö­te­rim ösüp, 600 müň ula­gy ýer­läp­dir. Bu dö­wür­de “Audi” fir­ma­sy­nyň ulag­la­ry­nyň sa­tu­wy 5,2 gö­te­rim köp bo­lup, 591 mü­ňe ýe­tip­dir. Aň­ry­baş ulag­la­ry ön­dür­mek­de iş alyp bar­ýan bu üç kom­pa­ni­ýa öz kla­syn­da bi­rin­ji bol­mak is­le­ýän­dik­le­ri­ni mä­lim edip­di.

Okalan sany: 247   Jogaplar: ( 1 )

Krassavchik
04 июня 2015

gaty gowy awtoulageken!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13324 sek. ýüklenen baýt: 31605