Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ýeliň dogulýan ýerinde - Badhyzda
Ýazylan wagty: 09 апреля 2013 Ýazan Asmandakebelejik
Badhyz — Türkmenistanda ýerleşýän ýedi goraghananyň biri — Merkezi Aziýanyň iň günortasynda ýerleşýän goraghanadyr. Bary-ýogy 90 müň gektar meýdana eýe, göräýmäge kiçiräk ýerde, Owganystan we Eýranyň serhetleriniň birleşýän ýerinde, Ortaýer deňziniň ýurtlaryna mahsus düzlük çölleriň we aram guşak belentlikleriň täsin görnüşlerine syn etmek bolýar. 

Badhyz «ýeliň turýan ýeri» diýen manyny berýär. Hakykatdan-da, bu ýerde tutuş ýylyň dowamynda öwsüp dur. Goraghananyň özboluşly tebigy relýefi, ýagny belentli-pesli bolmagy hem hut şu ýeller bilen baglanşyklydyr. Bu ýeller kämahal has güýçlenip, gahar gazaba münüp, çaňly tupanlara hem öwrülip bilýärler. Ýöne adatça bu uzaga çekmeýär. Ýylyň köp böleginde Badhyzda howa ýumşak we çygly bolýar. 

Şu ýyl Badhyz goraghanasynyň düýbüni tutmak baradaky meseläniň orta atylan gününe 72 ýyl dolýar. Bu goraghana 1941-nji ýylyň dekabrynda Moskwanyň eteginde aldym-berdimli söweş gidip durka döredilýär. Onuň öňünde goýlan wezipeleriň esasylary gulanlaryň baş sanyny köpeltmek we dikeltmek, pisselikleri we gazylyp alynýan ösümlik baýlyklaryny gorap saklamakdy. 
Badhyzyň ösümlik dünýäsi öz içine daglyk we çöllük ýerleriň ösümliklerini alýar, ol baý we köpdürlidir. Bu ösümlikleriň köpüsi şu ýere endemik hasaplanýar, ýagny olara dünýäniň başga hiç ýerinde duş gelinmeýär. Öz döwründe ösümlikleriň onlarça görnüşi aýratyn goralmaga mynasyp görlüp Gyzyl kitaba girizilipdir. Badhyz ýylyň ähli pasyllarynda gözelligini saklaýar, emma iň gözel möwsüme bahar paslynda, eňňitleriň we düzlükleriň gül açýan ösümlikleriň halysy bilen örtülýän mahaly tomaşa etmek bolýar. Şol halynyň esasy reňki gyzyldyr. Bu gyzyl güller gülälekler we týulpanlardyr. Badhyzyň bezegi hasaplanýan Guşgy týulpanlarynyň gül ýapraklary 12 santimetr uzynlyga ýetip bilýär. Bu gözüňi dokundyrýan gyzyl reňkler Gyzyljar kanýonynyň ýaşyl kenarlarynyň arasyndan akýan gyzyl derýany emele getirýän ýaly... 

Badhyzyň ýene-de bir bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy hem goraghananyň günbatar böleginde agdyklyk edýän pisseliklerdir. Botanikler bu ýerleri Gündogar Afrikanyň sawannalaryna meňzedip «pisse sawannalary» diýip atlandyrýarlar. Iň uly pisse tokaýlyklarynyň biri Pullyhatyn pisseligi bolup — ol tutuş kontinentde iň uly tebigy pisse tokaýlyklarynyň biridir.
Pisse — köp ýaşaýan agaçdyr. Goraghanadaky pisseleriň käbirlerine 500 ýaş berilýär. Hormatly ýaşlaryna garamazdan, pisse miwe bermegini dowam etdirýär. Agaçlygy berk bolany üçin öňler pissäni gurluşyk materialy hökmünde hem ulanypdyrlar. Häzirki wagtda ol ýörite goralmaga degişlidir.

Goraghananyň haýwanat dünýäsi hem örän baýdyr. Eger ylmy däl atlar ulanylmaly bolsa, bu ýerde süýrenýänleriň arasynda hažžyklar, zemzenler, ýylanlar bar. Olaryň arasynda iň howplulary efa, Merkezi Aziýa kepjebaşy we gýurzadyr. Bu ýerde gyrgy, laçyn we beýleki guşlara hem duş gelinýär. Ýer ýüzünde gezýän haýwanlardan dürli kirpileri, ýer syçanlaryny, tilkileri, ýabany pişikleri, ala syrtlanlary we möjekleri agzamak bolýar. Awçylykdan halas boljak bolup çytraşýan haýwanlaryň arasynda ýekegapanlar, ýabany goýunlar, keýikler we Badhyzyň bezegi hasaplanýan gulanlar bar.

Gulan — ýeketoýnaklylaryň arasynda demirgazyk Ýewraziýada saklanyp galan, ýabany atlaryň we eşekleriň seýrek duş gelýän garyndaşydyr. Tebigy gurşawda gabat gelýän gulan-onagryň ýeke-täk populýasiýasy diňe Badhyz goraghanasynda bar.

Goraghananyň dörediljek bolnan döwründe olaryň sany tas ýiteňkirläpdir, bary ýogy 200 sany bar hasaplanýar ekeni. Olaryň goralyp saklanmagy we köpeldilmegi üçin geçirilen çäreleriň netijesinde Badhyzda häzirki wagtda 5 müňe golaý gulan ýaşaýar. Badhyzyň bu çaparlary özlerine ýaşamak üçin tebigy zolagyň demirgazyk çäklerini saýlap alypdyrlar, onuň ady hem "gulan düzlügi" diýlip bilinýär. Bu ýerden goraghananyň tutuş meýdany eliň aýasynda ýaly görünýär.

«Gulanly düzlüginiň» ýanynda Badhyzyň ýene bir baýlygy — meşhur Ýeroýlanduz çöketligi ýerleşýär. Namazşor gatlasy bilen bilelikde olar Merkezi Aziýanyň dag etekleri üçin özboluşly landşafty emele getirýärler. Mukaddes kitaplarda beýan edilen Nuhuň tupany döwürlerinde planetanyň her ýerinde bolşy ýaly bu ýerlerde hem deňiz jandarlarynyň daşlaşan galyndylary we mollýuskalaryň balykgulaklary gabat gelýär. Deňiz gurandan soň, çöketlik gury ýere öwrülýär we ösümlikdir haýwanat dünýäsi üçin başlangyç döreýär. Millionlarça ýyl öň ýüze çykan Ýeroýlanduz çöketligi gadym zamanlarda ony örten subtropik tokaýlaryň we taryhdan öňki haýwanlaryň ýatlamasyny özünde saklaýar. Olaryň yzlary, gadymyýetden alnan surat ýaly bolup, daşlaryň üstünde galypdyr. 

Deňiz giden hem bolsa, suw gatlanyň düýbüni ýapýar. Elbetde, suw deňiziňki däl... ýöne ol şor. Bu Ýeroýlanduz şor kölüniň suwydyr. Köldäki duzuň mukdary şeýle bir ýokary welin, ol şypa beriji köl bolmak bilen çäklenmän, eýsem nahar duzunyň çeşmesi hökmünde hem ulanylyp bilner.

Ine, ýeliň turýan ýeri bolan Badhyz mekany kiçiräk ertekidäkä meňzeş ýurtdyr.
Okalan sany: 765   Jogaplar: ( 4 )

asmandakebelejik
09 апреля 2013

kim halan bolsa teswir ýaznagy unutmaň

marala
09 апреля 2013

sag bol awtor, haladym bathyza 3 ýyl boldy gitmeýänim ýatlatdyňyz sag bol

Meret
09 апреля 2013

Шейдин хов, Туркменистанын овадан ерлери барада айдалын, тэсин ерлер...

Mayichka
09 апреля 2013


Beýleki zapowednikler barada hem ýazaýyň, bilseňiz.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,15943 sek. ýüklenen baýt: 37632