Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Şypahana-dynç alyş ulgamy saglygyň hyzmatynda.
Ýazylan wagty: 09 апреля 2013 Ýazan Krassavchik
Türkmenistanyň baý rekreasion serişdeleri şypahana- dynç alyş işini güýçli depginler bilen ösdürmäge şertleri döredýär. Soňky ýyllaryň dowamynda bu ulgamyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde öz mümkinçiliklerini we serişdelerini ep-esli ýaýbaňlandyrdy. 

Bu günki gün ýurtda halkara derelerine laýyk gelýän köp görnüşli hyzmatlary hödürleýän ajaýyp şypahana-dynç alyş edaralary, dynç alyş öýleri, sagaldyş merkezleri işleýär. Türkmenistanyň tebigy-bejeriş baýlyklaryny öwrenmek we netijeli peýdalanmak boýunça ylmy-gözleg işleri dowam etdirilýär. 

Türkmenistanyň şypahana-dynç alyş işi ulgamynda we tebigy bejeriş serişdelerini we şepahanalary öwrenmek, peýdalanamak, ösdürmek we goramak babatda „Şypahana-dynç alyş işi hakynda“ Türkmenistanyň Kanuny kesgitleýär we sazlaşdyrýar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň „Türkmenistan – melhemler mekany“ atly kitaby Türkmenistanyň tebigy-bejeriş baýlyklaryny öwrenmek we netijeli peýdalanamk boýunça ylmy-gözleg işi nukdaý nazardan ýurduň dynç alayş mümkinçigi bilen giňişleýin tanyşdyrýar. 

Türlmenistanyň häzirki zaman şypahana-sagaldyş hazynasy „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagy bolup durýar.Bu ýer täze köp ugurly hyzmat ediş desgalaryny ulanmaga bermek arkaly her ýyl ýokary derejeli hyzmat ediş ugurlary giňeldýär. 

Türkmenistanyň çäklerinden hem daşarda meşhur bolan mineral çeşmeli we bejeriji palçylky „Mollagara“, „Arçman“, „Baýramaly“, „Ýyly suw“, „Berzeňňi“, „Farap“ ýaly şypahalara biziň ildeşlerimiziň we daşary ýurtly myhmanlaryň gyzyklanmasy barha artýar. 

„Mollagara“ şypahanasy Balkan welaýatynyň merkezinden uzak bolmadyk ýerde ýerleşýär. Şunuň ýaly şypahana başga-da diňe israiliň golaýynda Öli deňzinde we Gara deňziň kenarynda ýerleşýän Ukrainanyň Saki şäherinde bar. „Mollagara“ şypahanasynyň inžemerçilik-tehniki we binagärlik taýdan durky doly täzelenenden soňra bu şypahana aýranyn meşhurlyk gazandy. Germaniýanyň, ABŞ-niň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi netijesinde, bu ýerde bejeriş-dikeldiş hyzmatlaryny we keselleri anyklamak boýunça uly mümkinçilikler döredilendir. 

„Arçman“ balneologik şypahanasy hem bütindünýä meşhurlygyna eýedir. Düzüminde Mendeleýewiň tablisasynyň 24 elemenleri bolan bu şypahananyň suwunyň bejerijilik ähmiýeti örän ulydyr. Arçmanyň suwy kükürtli. Azminerallaşdyrylan we subtermaly derejesine degişlidir. Mundan hem başga, bu şypahananyň ýokary ionly howasy özüniň bäjäriş täsirini ýetirýär. Medisina ylymynyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen täze bejeriş binalary mşbu ýere gelýänler ýokary hyzmatlary etmäge mümkinçilikleri berýär. 

Ýurduň iň meşhur şypahalarynyň biri hem Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň çäklerinde ýerleşýän „Ýyly suw“ şypahanasydyr. Bu ýeriniň howasy we mineral suwy bu şypahananyň esasy bejeriji serişdeleridir. Ýeriň astyndan çykýan gyzgynlygy 46 derejede bolan kükürtli suw dürli keselleri bejermäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem „Ýyly suwda“ bejerişiň refleks- we fitoterapiýa ýaly usullary ulanylýar.Şypahananyň fizioterapewtiki bölüminde ilkinji sapar Türkmenistanda ornaşdyrylan ulanmaga giň spektri bolan kroterapiýa (sowuk bilen bejermek) üçin enjam oturdyldy. 

Baýramlaynyň böwrek şypahasy hem uly meşhurlyga eýedir. Bu ýeriniň ajaýyp ýerli howasy esasy bejeriji bolup hyzmat edýär. Lukmançylyk terapiýasynyň ölçegleri lukmançylygyň ylmy we tehniki taüdan soňky gazananlary esasynda düýbünden täze häsiýetlere eýe boldy. Bu şypahana dünýäde meşhur firmalaryň iň soňky öndüren anyklaýyş we fizoterapiýa enjamlary bilen üpjün edilendir. Bu ýerde balneologiýa giňden peýdalanylýar. 

Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän „Berzeňňi“ şypahanasynyň mineral suwy gadymdan bäri bellidir. Onuň düzüminde mikroelementleriň 24-si bar. Ol sulfat-magniý-kaliý mineral suwlarynyň derejesine degişlidir. Bu ýerde bütin ýylyň dowamynda syrkawlara dürli görnüşli bejeriş we anyklaýyş hyzmatlary edilýär 

Lebap welaýatynda gurlan „Farap“ ajaýyp sagaldyş merkezi 250 orunlyk bolup, bu ýerde halkara ölçeglerine laýyk gelýän bejeriş we dünç layş üçin örän gowy şertler döredilendir. 

Ýurduň raýatlary üçin ýokary hilli rekreasion hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin hem-de saglygy goraýşyň şypahana-dynç alyş ulgamynyň binýadyny berkitmek üçin „Daşoguz“ şypahasyny döwrebaplaşdyrylyp we onuň 200 orunlyk täze binasynyň gurluşygyna başlandy. 

Türkmenistanyň gündogar sebtinde gurlan „Mirap“ sagaldyş merkezi hem uly meşhurlyga eýedir. Onuň çäklerinde bejeriş suwunyň ýüze çykarylmagy bilen, himiki düzümi boýunça balneologik şypahanalarynyň mineral suwlaryna ýakyn bolan suw bu edara şypahana-öňüni alyş şypahanasy ýokary derejä eýe boldy we döwlet derejesinde sagaldyş merkezine öwrüldi. 

Döwlet baştutanynyň „Türkmenistan – melhemler“ mekany atly kitabynda türkmen topragynda ýene-de bejeriş häsiýetine eýe bolan ýerler az däldir diýlip bellenilýär. Olariň birnesi eýýäm özüniň açylmagyna garaşýar, beýlekiler – keselleri bejermek üçin olary netijeli peýdalanmagy ýüze çykarmak maksady bilen, lukmançylyk nukdaý nazaryndan ylmy gözlegler geçirilmegine garaşýar.
Okalan sany: 805   Jogaplar: ( 3 )

Garabeg
09 апреля 2013

bu materiallaryňyz gazýetlerde bar okadym, şonda-da sag bol azap edip paýlaşanyňagood

Krassavchik
10 апреля 2013

gyzykly habarlary gruppamyzyn agzalarynada yetirsen gow bolarmyka oydyan!

Mayichka
10 апреля 2013


Şypahanalar barada bilmeýän käbir zatlarymy şu makalanyň üsti bilen bildim. Her şypahana barada  aýratynlykda gowy düşündüriş bereniňize sagboluň.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12749 sek. ýüklenen baýt: 40553