Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Um­man­la­ryň gö­ze il­me­ýän jan­dar­la­ry
Ýazylan wagty: 06 июня 2015 Ýazan NEXTTM
Um­man­la­ryň gö­ze il­me­ýän jan­dar­la­ry.


Daş­ky gur­şa­wy­my­zy gur­şap al­ýan zat­la­ryň, jan­ly-jan­dar­la­ryň kö­pü­si­ni gör­me­ýä­ris. 
 
Şeý­le jan­dar­la­ryň suw­da ýa­şa­ýan gör­nüş­le­ri hem az däl. Um­man­la­ryň çuň­luk­la­ryn­daky şeý­le mik­ro­or­ga­nizm­ler ba­ra­da “Science” žur­na­lyn­da gi­ňiş­le­ýin yl­my ma­ka­la ýaý­ra­dy­lyp­dyr. Bu yl­my bar­la­ga dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan alym­lar gat­na­şyp­dyr. Olar üç ýyl­lap ki­çi­jik jan­dar­la­ryň gör­nüş­le­ri­ni yl­my taý­dan bar­lap­dyr­lar. Bu jan­dar­lar ga­ty ki­çi bol­ma­gy­na ga­ra­maz­dan, um­man­lar­da­ky jan­dar­la­ryň 90 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär­ler. Hä­zi­re çen­li hü­när­men­ler 35 müň gör­nüş­li bak­te­ri­ýa, 5 müň wi­rus we 150 müň bit öý­jük­li ösüm­lik or­ga­niz­mi ha­sa­ba alyp­dyr­lar. Ola­ryň uly bö­le­gi hä­zi­re çen­li bi­ze nä­mä­lim bo­lan jan­dar­lar­dan yba­rat­dy­gy aý­dyl­ýar.

Te­bi­gat­da­ky iý­mit “zyn­jy­ry­nyň” esa­sy­ny eme­le ge­tir­ýän plank­ton­lar bi­ziň dem al­ma­gy­my­za ýar­dam ed­ýän kis­lo­ro­dyň hem ýa­ry­­ny bö­lüp çy­kar­ýar­lar. Hä­zi­re çen­li göz bi­len gö­rüp bol­ma­ýan um­man eko­sis­te­ma­sy ba­ra­da şeý­le köp mag­lu­mat top­lan­man­dy. Hä­zi­re çen­li bar­dy­gy anyk­la­nan 35 müň jan­dar gör­nü­şi­niň 579 sa­ny­sy öw­re­ni­lip­dir. 2009-2013-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len yl­my bar­lag­lar üçin je­mi 30 müň ki­lo­met­re ba­ra­bar ýol kül­ter­le­nip­dir. Şeý­le­lik­de, um­ma­nyň müň metr te­ýi­ne çen­li ara­lyk­da ýa­şa­ýan jan­dar­lar ba­ra­da mag­lu­mat top­la­nyp­dyr. Ola­ryň kä­bir­i um­ma­nyň di­ňe bel­li bir bö­le­gin­de ýa­şa­ýan bol­sa, kä­si­ne äh­li ýe­rin­de ga­bat gel­mek bol­ýar.

Pa­riž­dä­ki Mil­li bi­lim bar­lag mer­ke­zi­niň hü­när­me­ni dok­tor Kris Bow­ler top­la­nan mag­lu­mat­la­ryň hä­zi­re deňeç bar bo­lan mag­lu­mat­la­ryň üs­tü­ni ýe­tir­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ol bir öý­jük­li jan­dar­la­ryň 150 müň gör­nü­şi­ni ta­pan­dyk­la­ry­ny bel­le­di. Hä­zi­re çen­li 11 müň plank­ton kes­git­le­nen eken. In­di ola­ryň sa­ny­nyň has kö­pel­je­kdigi ha­bar be­ril­di.


Okalan sany: 198   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03446 sek. ýüklenen baýt: 31438