Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Aşgabatda Dokma Senagatynyň Halkara Sergisi Öz Işini Tamamlandy
Ýazylan wagty: 09 июня 2015 Ýazan Journaliste
Paýtagtymyzdaky
Sergi köşgünde “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma
senagaty pudagy innowasion ösüş ýolunda” atly Dokma senagaty
işgäreleriniň gününe bagyşlanyp geçirilen halkara sergisi öz işini
tamamlady.

Her
ýyl Türkmenistanda geçirilýän iri möçberli pudaklaýyn gözden geçiriliş
dünýä dokma işewürlerinde uly gyzyklanma döredýär, olary ýurdumyzda bu
ulgamda döredilen giň mümkinçilikler, ygtybarly hyzmatdaşlygy ýola
goýmak babatynda bar bolan şertler özüne çekýär, munuň özi daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn
ösdürmegi ugur edinen Türkmenistanda ileri tutulýan ýörelgelerine
gönüden-göni gabat gelýär.

Dünýäniň
onlarça ýurtlaryndan, şol sanda Russiýadan, Hytaýdan, Germaniýadan,
Italiýadan, Şweýsariýadan, Belgiýadan, Türkiýeden, Koreýa
Pespublikasyndan we beýleki ýurtlardan  öňdebaryjy kompaniýalar  türkmen
dokmaçylarynyň gazananlaryna şu gezekki gözden geçirilişine gatnaşyp,
dokma senagatynda özleriniň iň täze işläp taýýarlamalaryny görkezmäge
mümkinçilik aldylar. 

Ägirt
uly serişdeler we ykdysady mümkinçilikler, şeýle hem  halkara
ülňüleriniň ähli talaplaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli harytlary
öndürmäge gönükdirilen, ekologiýa taýdan arassa   innowasiýa önümçiligi
türkmen dokma önümleriniň halkara bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrýar.
Nah ýüplük we matalar, trikotaž we tikin önümleri häzirki wagtda
eksporta iberilýän önümleriň esasy bölegini düzýär. 

Aşgabatda
geçirilen sergide pudagyň kärhanalarynda çykarylan önümleriň dürli
görnüşleri görkezildi, olaryň arasynda arassa ýüplükden taýýarlanan
dürli önümler, pagtadan dokalan matalar, garyşyk süýümden we ýüpekden
tikilen lybaslar, taýýar lybaslaryň täze nusgalary esasy orny eýeleýär.

Pudagy
mundan beýläk-de ösdürmek ýokary hilli çig maly gaýtadan işlemäge –
pagta süýüminden taýýar önümleriň dürli görnüşlerini öndürmäge
gönükdirilendir. Şu nukdaý nazardan dokma sergisi işewürleriň duşuşyp,
özara pikir we tejribe alyşmaklary üçin amatly meýdança boldy,
duşuşyklaryň barşynda özara teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy, mundan
beýläkki bilelikdäki hereketiň anyk ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem
geljekki hyzmatdaşlar bilen täze gatnaşyklar ýola goýuldy. 

Ýurdumyzyň
belli dizaýnerleriniň we dünýä belli daşary ýurtly ýokary modanyň
ussatlarynyň öz taýýarlan dürli lybaslaryny görkezmekleri sergä aýratyn
öwüşgin çaýdy. Milli ýörelgeleri dowam etdirmek we häzirkizaman
meýillerini sazlaşdyrmak arkaly taýýarlanylan  lybaslaryň toplumlary,
nepis el işleri sergä gelenleriň aýratyn ünsüni çekdi. Dünýä meşhur
modelýer Wýaçslaw Zaýsewiň, russiýaly dizaýnerler T. Parfenowanyň,
A.Ahmadullinanyň, türk dizaýneri Muammer Ketenjiniň, gazagystanly
modelýer Kuralaý Nurkadilowanyň zehininden çykan kaşaň – hakyky sungat
eserlerine kybar gelýän  lybaslar toplumlarynyň görkezilmegi bu
 serginiň unudylmajak pursatlary boldy. 

Aşgabadyň
Modalar öýüniň, pudagyň kärhanalarynyň dizaýnerleriniň we çeper elli
işgärleriniň, paýtagtymyzyň toý salonlarynyň  wekilleriniň arasynda iň
häzirki zaman lybaslaryny döretmek boýunça “Çeper eller” atly
döredijilik bäsleşiginiň geçirilmegi serginiň myhmanlary – amaly-haşam
sungatynyň muşdaklary üçin ajaýyp sowgat boldy, olar Sergi köşgüniň
meýdançalarynda öz önümlerini görkezdiler. 

Serginiň
ýapylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylaryň ählisine dabaraly
ýagdaýda diplomlar we degişli şahadatnamalar gowşuryldy. “Çeper eller”
bäsleşiginiň ýeňijileri hem hormat hatlary we sowgatlar bilen
sylaglandy. 

Sergä
gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa
Ýüzlenme kabul etdiler, onda olar Halkara sergisini üstünlikli geçirmäge
döredilen mümkinçilik, Watanymyzyň we halkymyzyň abadançylygy ugrundaky
yzygiderli tagallalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden
hoşallyklaryny beýan etdiler.
Okalan sany: 327   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,19243 sek. ýüklenen baýt: 34476