Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
«...ÝÜZ MÜŇ TÜMEN ISTESEŇ»
Ýazylan wagty: 10 апреля 2013 Ýazan NEXTTM
        
Türkmen edebiýatynyň uzak hem baý taryhynda gelin-gyzlaryň saçlaryny wasp etmedik şahyr, megerem, ýok bolsa gerek.Olar zenan saçlarynyň gözelligini tebigatyň iň bir täsin zatlaryna deňäpdir. Gelin-gyzlaryň saçyna seredip, onuň arassalygyna, ideg edişine göz aýlap, olaryň hut özleriniň häsiýetleri, arassalygy barada netije çykarypdyrlar.
         Mämmetweli Kemine zenanlara peşgeş berlen bu tebigy gözelligi wasp etmegiň ussady hasaplanýar. Şahyryň şamar zülpi:
          «Zülpüň her bir taryna ýüz-müň tümen isteseň, Nagt bereýin pullaryň, bir birden sana zülpüň» diýip, taryp edişinde bu gözellikden susulan deňsiz-taýsyz ylham duýulýar.
          Halk döredijiliginde hem gelin-gyzlaryň görkana saçlary bilen baglanşykly şygyrlar köp. Olarda diňe bir saçyň gözelligi  barada däl-de, eýsem, oňa seretmek, ideg etmek edebi barada hem aýdylýar. Hakykatdanam, iň bir gözel zatlaram eger idegi ýetirilip, aladasy edilip durulmasa, özüniň gymmatyny ýitirýär, nurana görküni gaçyrýar. Gözellik mydama goraga, söýgä mätäç. Gyz perzendi söýgi bilen hüwdüleýän ene gyzjagazyň saçynyň ösmegini arzuw edýär. Saça ideg etmek edebini söýgä ýugrup, öwütlerini goşýar.
                                    «Gyzym-gyzym, gyzymsyň,
                                      Gyzym, saçyň uzasyn,
                                      Ýuwmasaň-daramasaň,       
                                      Saçyň nädip uzasyn?!».
Öňler gelin-gyzlar saçlaryny gatyga, aga, süzmäniň suwuna ýuwupdyr. Wagtal-wagtal bolsa ýumurtganyň sarysyna saçlaryny, agyna ellerini, ýüzlerini ýuwupdyrlar. Bu ýagdaý saçyň ösmegine, düýbüniň berkemegine, reňkiniň açylmagyna, gözelligine täsir edipdir. Ýöne gatyga ýuwlan saçdan ýag ýokuny aýyrmak hem zerur bolupdyr. Şeýle ýagdaýda sydyrgy (adaty daragyň dişleriniň daşyna inçe ýüpleri aýlamak bilen üýtgedilen daragyň ady) ulanylypdyr. Inçe nah ýüp daragyň dişlerine aýlanyp, birendigan saralýar. Şonuň kömegi bilen ýokardan aşaklygyna diňe ýekeje gezek daralýar. Ilkinji sapar daramak üçin ýene-de daraga ýüp täzeden saralýar.
      Irki döwürlerde gelin-gyzlar saçlaryny daranda hökman iki aýagyny uzadyp oturyp, daň bilen «bismilla» diýip darapdyrlar. Sebäbi ir säherde perişdeler aýlanýan wagty olar gelin-gyzlara «owadanlyk eçilermiş» diýen oňat yrym bar.Yryma görä, düşen saçy zyňmak külli günä hasaplanýar. Eger düşen saçy guşlar penjesi bilen alyp gitse, saç eýesi kelleagyryly bolýar diýlip yrym edilipdir. Şonuň üçin ene-mamalarymyz saçy zyňmam, ýere gömmegi maslahat berýär.
       Şeýle-de, gyzlaryň saç toýlary barada hem yrym bar. Adatça, türkmenlerde köneden gelýän däp boýunça çaganyň ilkinji saçyny daýysy syrypdyr. Saç alnanda doly syrylman, mekgejöweniň gulpagy ýaly gulpajyklar goýlupdyr. Olar maňlaý gulpak, ýeňse gulpak, gulak gulpak we käkillerden ybarat bolupdyr. Bu gulpaklar aralykdaky saçlaryň tiz ösüp, örüme goşulmagyna niýet edilip goýulýar.Şeýle-de, gulpajyklar gyzlary gözden-dilden goraýar diýlip hasaplanylypdyr. Gulpak toýlarda nogul-nabat seçilip, ýüzärlik tütedilýär. Gyzyň saçyny syran daýysyna halat-serpaý edilýär.
     Saç barada söhbet edilende, bellemeli zatlaryň ýene biri, täze gelinleriň saçyna altyndan ýa-da kümüşden ýasalan aşyk asmakdyr. Bu bolsa gelin hyzmat edende, saçy öňüne düşüp, päsgel berip durmazlygyna ýardam berýär. Ýene bir tarapdan bolsa, biline degip duran altyn ýa-da kümüş asyk gelniň biline güýç-kuwwat beripdir. Mundan başga-da gelinleriň saçyna gaňraw şelpeler hem dakylyp, olaryň sesi gelinleriň her bir hereketine goşulyşyp, näzijek owaz döredipdir. Onuň gözelligine gözellik beripdir.
      Çaga dünýä inende, käbir enä wagtynda süýt inmeýär, käbiriniň bolsa süýdi kesilýär. Şeýle ýagdaýda eneler saçlaryny döşüniň üstüne ýaýyp darapdyr. Bu bolsa olaryň göwsüne tiz süýt inmegine ýardam edipdir.
       Umuman, gelin-gyzlaryň saçy bilen baglanşykly edimgylymlardyr yrymlar türkmen halkynda gaty köp. Gözelligini görmäge göz, taryplamaga söz gerek saçlar dogrusynda bolsa aýdylan zatlar bir-birinden ajaýyp. 
Okalan sany: 1263   Jogaplar: ( 4 )

marala
10 апреля 2013

owrenaý,aly zatlar, saçyňy uzaltmak üçin öňler hakykatdanam züzme bilen ulanypdyrlar

Mayichka
10 апреля 2013


Beýle suraty nireden tapdyňyz aklym haýran. Ýöne özümçe aýtsam suratdaky ýaly saç bilen bir günem çydap gezip bilmerin, sebäbi ýuwaňda, daraňda, tertipläňde diňe özüňi gynamak, köp gymmatly wagtyňam sarp edilýär. Ýook, menä höwes edemok. Ýöne makala gowy ýazylypdyr.

marala
11 апреля 2013

Maýiçka, siz onda kiçi saçlaram halap barýan dälsiňiz, zenan saçynyň uzyn bolmagy gowy dälmi eýsem, meniňa şular ýaly saçym bolsa höwesine ýuwup darajak,goodgyzyky makala haladym awtor sag bol ýetirip dur

Betman
11 апреля 2013

suratdaky saçyň uzyndygynaý ýuwmak daramaklyk üçin bir sany adam gerek bolýar, makala gyzykly ekengood


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06757 sek. ýüklenen baýt: 37073