Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Watana gulluk etmek – mukaddes borç
Ýazylan wagty: 15 июня 2015 Ýazan NEXTTM

Watana gulluk etmek – mukaddes borç

15.06.2015ý. ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň--Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň we Türkmenistanyň Içeri işler ministliginiň institutynyň talyplarynyň nobatdaky goýberilişi boldy. Bu waka mynasybetli esasy dabaralar paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada guraldy.

Her ýyl harby we hukuk goraýjy edaralaryň okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň hormatyna guralýan dabaralar ýokary watançylyk we ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilýär. Şoňa görä-de, bu şanly waka ata Watanymyzy, mähriban halkymyzyň parahatçylykly, bagtyýar we döredijilikli durmuşyny goramak ýaly asylly işi saýlap alan ýaş harby işgärleriň ýadynda hemişelik galar.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor—mugallymlaryna iberen Gutlagynda olaryň belent borja hemişe wepaly boljakdygyna, eziz Watanymyz, mähriban halkymyz üçin gerek bolsa, şirin janyny hem gaýgyrmajakdygyna ynam bildirdi.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin işgärleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns bermek bilen, döwlet Baştutanymyz ýaş hünärmenleriň harby sungatyň tejribesini birkemsiz ele almalydygyny, olaryň zähmetsöýerligi hem-de ruhubelentligi bilen tapawutlanýan hakyky watançy bolmalydygyny nygtaýar. 

Harby ulgam üçin ýaş hünärmenler taýýarlanylýan ähli bilim edaralarynda uly syýasy-terbiýeçilik, ylmy-tehniki we jemgyýetçilik işi hem geçirilýär. Bu ýokary okuw mekdepleriniň talyplary harby tälimleri birkemsiz eýe alýarlar, dürli ylymlary özleşdirýärler, iň esasysy bolsa, Watanymyzy hem-de mähriban halkymyzy çäksiz söýmek we watançylyk ruhunynda terbiýelenýärler.

Mundan başga-da, döwletimizde bu ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýär. Olar Internet-serişdeleriň we elektron kitaphana ulgamlarynyň giň elýeterliligini üpjün edýän iň döwrebap kompýuter we multimediýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar. Munuň özi okuwlary has-da kämilleşdirmäge, ýaşlaryň täze bilimleri almaga bolan höwesini artdyrmaga ýardam edýär.

Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli harby özgertmeleri durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda milli harby işgärleriň—ýokary derejeli hünärmenleriň täze nesli kemala geldi. Olar milli howpsuzlygy, Döwlet serhediniň ygtybarlylygyny we eldegirmesizligini, ýurdumyzda parahatçylygyň, durnuklylygyň we tertip-düzgüniň goralmagyny ýokary derejede üpjün etmäge ukyplydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiz harby gullukçylara hemmetaraplaýyn goldaw berip, olaryň mukaddes Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň esaslaryny berkitmäge goşýan ägirt uly goşandyna ýokary baha berýär. Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulanýar, tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap harby şäherjikleriň täze binalary, serhet galalary, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, edara binalary, sagaldyş merkezleri gurulýar.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary hem-de mugallymlary Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, atalyk aladasy üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri çözmek üçin alan bilimlerini hem-de tejribesini, eziz Watanymyzy we mähriban halkymyzy goramak üçin, gerek bolsa, şirin janlaryny hem gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.


Okalan sany: 255   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,17732 sek. ýüklenen baýt: 35927