Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Neşekeşligiň öňüni almak boýunça sebit maslahaty
Ýazylan wagty: 15 июня 2015 Ýazan NEXTTM

Neşekeşligiň öňüni almak boýunça sebit maslahaty

Aşgabatda neşe serişdeleriniň ulanylyşynyň öňüni almagyň milli maksatnamalarynyň netijelliligine bagyşlanan iki günlük sebit maslahaty geçirildi. BMG-niň neşeler we jenaýatlar boýunça müdiriýeti tarapyndan guralan duşuşyga gatnaşmak üçin Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigistandan, Eýrandan, Pakistandan, Owganystandan wekiller, şeýle hem BMG-niň neşeler we jenaýatlar boýunça müdiriýetiniň bilermeni Hanna Heýkila (Awstriýa) we sebit utgaşdyryjysy Nadim Rehman (Eýran) türkmen paýtagtyna geldiler.

Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda neşe serişdeleriniň bikanun ulanylmagynyň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga çekmek boýunça alnyp barylýan iri möçberli çärelere ýokary baha berip, sebit we ählumumy meseleleri çözmekde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornunyň şu gezekki maslahatyň geçirilýän ýerini kesgitlemekde esasy görkeziji bolandygyny bellediler.

Maslahatda neşe serişdeleriniň ulanylyşynyň öňüni alyş çäreleriniň netijelliligini ýokarlandyrmak, maşgalalaryň we mekdepleriň, saglygy goraýyş ulgamynyň ýerli edaralarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň– jemgyýetiň gyzyklanma bildirýän ähli toparlarynyň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanylan çäreleriň kabul edilmegi ýaly meselelere garaldy.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bu maslahatyň geçirilmegi sebitiň ähli ýurtlarynyň ilatynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça geçirilýän çäreleri işjeňleşdirmäge, jemgyýetçiligiň zyýanly endikleriň ýaramaz täsiri barada habarlylygyny ýokarlandyrmaga, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy bilelikdäki tagalallary jebisleşdirmäge ýardam berer.
Okalan sany: 176   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13618 sek. ýüklenen baýt: 31334