Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
GELİN
Ýazylan wagty: 10 апреля 2013 Ýazan Marala
Yalan dünýäniň behişti,
Gyzyl gülden täze gelin.
Ak yüzleriň meňzär aýa,
Yaýkanyşyň gaza gelin.

Bara bilmenem yanyňa,
Seniň menzil-mekanyňa,
Sogap et şirin canyňa,
Rehm eýlegil bize gelin.
 
Görmäge gözlerim zardyr,
Goynuň pasl-y bahardır,
Söýüp aýrylmagym ardyr,
Sen meňzärsiň ýaza gelin.
 
Tomaşaly toý bolanda,
Gyz-juwanlar yygylanda,
Gyzlara nazar salanda,
Sen düşersiň göze gelin.
 
Şeýdaýy diýr, söz bolmasa,
Bakjada gülüm solmasa,
Zyýada zerur bolmasa,
Bermen ýüz-müň gyza gelin.
Okalan sany: 635   Jogaplar: ( 2 )

marala
11 апреля 2013

bu goşgy setirleriň hiç kimiň göwnine ýaramandyr öýtýän, okaýalar ýürejigi basmagy unutýaralarblush

Betman
11 апреля 2013

men haladym, gowy setirler, wasp edip bilipdir Şeýdaýy 


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07813 sek. ýüklenen baýt: 30079