Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Gur­ba­ga­nyň tä­ze gör­nüş­le­ri ta­pyl­dy
Ýazylan wagty: 17 июня 2015 Ýazan NEXTTM



Gur­ba­ga­nyň tä­ze gör­nüş­le­ri ta­pyl­dy


Bra­zi­li­ýa­nyň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da dag­lyk ýer­ler­de bo­ýy bir san­ti­metr­den hem ki­çi gur­ba­ga­nyň ýe­di gör­nü­şi ta­pyl­dy. 
 

Bu se­bit­de bu­lut to­kaý­lyk­la­ry at­ly sal­kyn ho­wa­ly de­pe­ler bar. De­pe­le­riň öz­bo­luş­ly te­bi­gy aý­ra­tyn­ly­gy bar. Bu ýer­dä­ki to­kaý­lar ys­sy jül­ge­le­riň ara­ly­gyn­da ýer­le­şip, ola­ryň diý­seň sal­kyn ho­wa­sy bar. Mun­dan ozal, hü­när­men­ler bu ýer­de “Brachycep­ha­lus” maş­ga­la­sy­na de­giş­li gur­ba­ga­la­ryň je­mi 21 gör­nü­şi­ni ta­pyp­dy­lar. Tä­ze gör­nüş­le­ri­niň ta­pyl­ma­gy bi­len ola­ryň sa­ny 28-e ýet­di. Yl­my bar­lag­çy­lar to­pa­ry bäş ýyl­dan bä­ri ge­çir­ýän bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, top­la­nan mag­lu­mat­lar “Peerj” at­ly žur­nal­da ne­şir edil­di. Pa­ra­na uni­wer­si­te­ti­niň pro­fes­so­ry Mar­sio Pi­ýe ge­zen dag­la­ry­nyň sa­ny­nyň diý­seň köp­dü­gi­ni aýd­ýar. Mar­sio Pi­ýe BBC ne­şi­ri­ne be­ren be­ýa­na­tyn­da Bra­zi­li­ýa­nyň gü­nor­ta ke­na­ryn­da­ky de­ňiz de­re­je­sin­den has be­ýik­däki to­kaý­la­ryň te­bi­ga­ty öw­re­ni­ji­ler üçin diý­seň be­re­ket­li­di­gi bel­le­nil­ýär. Bu ýer­de her ine­dör­dül ki­lo­metr ba­şy­na Ama­zon­ka­da­ky­dan hem köp jan­da­ryň ýa­şa­ýan­dy­gy ha­bar be­ril­di. “Bracycep­ha­lus” uru­gu­na de­giş­li gur­ba­ga­lar örän ki­çi çäk­de ýa­şa­ýar­lar


Okalan sany: 174   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06635 sek. ýüklenen baýt: 31638