Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
BİLDİRİŞ
Ýazylan wagty: 19 июня 2015 Ýazan Journaliste
Iýun aýynyň 22-27-si aralygynda Lebap welaýatynda Medeniýet günleri geçiriler we onuň çäklerinde Halkara sungat sergisi hem geçiriler. 

Türkmenabatda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti, welaýatlaryň we paýtagtyň sungat ussatlarynyň konserti, şygyrýet agşamy, çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary, "Seýdi" oýnunyň we "Aýna" opera spektaklynyň görkezilişi geçiriler. 

Lebap welaýatynyň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilmegi meýilleşdirilýän ekspozisiýada ýurduň hudožnikleriniň we olaryň daşary ýurt kärdeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkeziler. Şeýle hem bu ýerde ýurduň gündogar sebitiniň taryhy-medeni ýadygärliklerine, goraghanalaryna we syýahatçylyk zolaklaryna bagyşlanan dokumental filmleriň görkezilişi bolar. 

Iýun aýynyň 27-ne Türkmenabadyň "Bitaraplyk" seýilgähinde baýramçylyk dabarasy, uly konsert geçiriler we owadan feýerwerk guralar, ertesi gün bolsa Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynda Medeniýet hepdeliginiň we Halkara sungat sergisiniň ýapylyş dabaralary geçiriler.
Okalan sany: 199   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06444 sek. ýüklenen baýt: 30395