Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmen sungaty we binagärligi hakynda täze neşir
Ýazylan wagty: 11 апреля 2013 Ýazan Krassavchik
“Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy” atly sungatşynaslaryň, arheologlaryň we binagärligiň taryhçylarynyň makalalar ýygyndysy çapdan çykdy. Ol Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky milli müdürliginiň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy habarlary bilen açylýar. 

Türkmen halkynyň şöhratly geçmişine, medeniýetiniň egsilmez baýlyklaryna we döwürdeşlerimiziň döredijiligine bolan gyzyklanma barha artýar. Ýokary watançylyk duýgusyny kemala getirmekde, ýaş nesli ahlak taýdan terbiýelemekde milli sungatyň we binagärligiň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin olary öwrenmek, aýawly saklamak we ösdürmek meseleleri ýerli häsiýete eýe bolman, eýsem, olara möhüm milli maksatnamalar bilen baglylykda seredilýär. Täze neşiriň wezipeleri hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet we ylym işgärleriniň öňünde goýan wezipeleri bilen kesgitlenendir. 

ähli welaýatlarynda muzeýler we teatrlar üçin ylmy we döredijilik işlerine zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen häzirki zaman binalaryň gurulmagy milli Liderimiziň gumanitar ulgam boýunça syýasy ugrunyň aýdyň netijeleri boldy, XXI asyryň tehnologiýalaryna gönükdirilen täze görnüşdäki ilkinji kitaphanalar peýda boldy, döwlet okuw maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar, pudaklaýyn institutlara eýe bolan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy gaýtadan dikeldildi, kitap neşir etmek işi giňden ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyzyň howandarlygynda we başlangyjy bilen Türkmenistanda halkara maslahatlary, şol sanda medeni mirasymyza bagyşlanan maslahatlar yzygiderli geçirilýär. 

Täze neşiriň gurşap alan meseleleri örän giňdir. Onda türkmen halkynyň şekillendiriş we binagärlik sungatynyň alymlarynyň täze açyşlary hakynda makalaralar, ylmy çaklamalar, medeni ýadygärlikleriň durkuny täzelemek hem-de olary goramagyň, aýawly saklamagyň we gaýtadan dikeltmegiň tejribesi bilen bagly işler hakynda makalalar ýerleşdirildi. 

ýazanlaryň arasynda ýurdumyzyň hünärmenleri hem-de olaryň dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan kärdeşleri bar. Olar häzirki zaman türkmen suratkeşligi, heýkeltaraşlygy, grafikasy, dizaýny, amaly-haşam sungatynyň milli görnüşleri /keramika, zergärçilik işi, halyçylyk/, şeýle hem biziň günlerimize gelip ýeten Türkmenistanyň binagärligi hakynda ýazýarlar. Bu habarlar diňe ýokary okuw mekdepleriň degişli hünärdäki alymlary we talyplary üçin däl-de, eýsem, Türkmenistanyň we Orta Aziýanyň maddy we ruhy medeniýetiniň taryhy bilen gyzyklanýan adamlarda hem uly gyzyklanma döredýär. 

Biziň ýurdumyzda soňky ýyllarda degişli ugur boýunça hünärli işgärleri taýýarlamakda köp üstünlikler gazanyldy. Olar tejribe döwründe muzeýlerde, taryhy-medeni goraghanalarda, arheologik toparlarda işläp, hünär ösüşine eýe bolup, öz tejribelerine hem-de halypalaryň maslahatlaryna eýermek bilen, ylmy-barlag işlerini alyp barmak endiklerini özleşdirýärler. Olar bu ýygyndynyň sahypalarynda öz makalalaryny hem-de dissertasiýa işleri boýunça we häzirki zaman sungatşynaslygynyň, binagärligiň nazarýetiniň we taryhynyň, estetikanyň we häzirki zaman çeperçilik işiniň möhüm meseleleri boýunça belliklerini çap etdirip bilýärler. 

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlaryň Türkmenistanyň gadymy we häzirki zaman sungatyna we binagärligine berýän ünsüni nazara almak bilen, bu neşir halkara okyjylaryna niýetlenendir hem-de Aziýanyň, Ýewropanyň we Amerikanyň iri ylmy merkezleriniň kitaphanalaryna ýaýradylýar, ýakyn wagtda bolsa ol Internet arkaly elektron görnüşinde hem elýeterli bolar.
Okalan sany: 666   Jogaplar: ( 1 )

Betman
11 апреля 2013

sag bol


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05517 sek. ýüklenen baýt: 33048