Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Allajan her kime nesip etsin toy tutup bagytly masgala bolmak!!!
Ýazylan wagty: 19 июня 2015 Ýazan NEXTTM

Allajan her kime nesip etsin toy tutup bagytly masgala bolmak!!!

Türkmenleriň durmuş toýy iň bir dabaraly bellenýän toýlaryň biri hasaplanýar. Ol toý boýdan-başa gyzykly däp-dessurlar, şowhun-şagalaň bilen gurşalandyr. Durmuş toýy gyzly öýe gudaçylyga gitmekden başlanýar.

Ilki bilen, ýigidiň ene-atasy kimiň gyzyna söz aýtjakdygyny maslahatlaşyp, belli bir karara gelýärler. Şondan soň sähetli güni ýa-da “Çarşenbe güni çar ýana” diýlen ýörelgeden ugur alnyp, hepdäniň üçünji güni gudaçylyga ugralýar. Adatça, gudaçylyga aýallar gidýärler. Gyz tarapy ilki barlanda oglan tarapa: “Hany, bizem bir geňeşeli, ideşeli, soraşaly, soň pylan wagt habar tutaýyň” diýip goýberýärler.

Şol pursatdan başlap hem dürli yrymlardyr däp-dessurlar ýerine ýetirilip başlanýar. Olar gyzyklylygy bilen täsin galdyrýar. Ilki bilen, gudaçylyga baranlar öý eýesine görkezmän, şol öýden bir bölek çörek ýa-da haýsydyr bir süýji zady jübüsine salýarlar. Bu yrym “Şular biziň bilen guda bolsunlar” diýen ýagşy niýetden ugur alnyp edilýär.

Gyz tarapyň “gel” diýen wagty ikilenç barlyp, taraplar ylalaşsa, toýuň sähedi bellenilýär. Ine, şondan soň esasy dessurlaryň ýerine ýetirilýän pursady başlanýar. Haýsy gün sähet, haýsy gün bisähet, ýyldyz maňlaýdamy ýa dälmi? Ýyldyz gelin almaga gidilýän tarapda bolsa, gowy görülmeýär, işiň şowsuz bolmagy mümkin diýlip pikir edilýär. Şol sebäpli hem halkyň arasynda ýyldyzyň ýoluna köke, çörek aýtmak, ýola çykanyňda ak sapakly iňňäni ýoluňa taşlamak ýaly birnäçe yrymlar döräpdir.

Sähet bellemek meselesinde ýaşululara maslahat salynýar, şolaryň oňlamagy bilen hem sähet bellenilýär. Gudaçylyk ugruna bolup, toý sähedi bellenip, gyz ýerden gelnalyjy gaýdyp gelýärkä hem yrym edilip, ýolboýy gelnalyjynyň öňünden uly adamdyr çaga-çuga çyksa, bir bölejik mata (ýol ýaglygy) ýyrtylyp zyňylýar. Çagalar ýol ýaglygyny höwes bilen ylgaşlap alýarlar. Ýol ýaglygy üçin gyzly öýe eltilen atgulakdan iki jübüti alynýar.

Gelin gaýyn öýüne gelip düşende, ilki bilen, gaýynenesi çykyp, gelnini gujaklap görüşýär, ýagşy dilegler bilen ýüzüne sylýar. Şol aralykda bilmezden basan şekilli bolup, emaý bilen gelniň aýagynyň barmagynyň ujuna basýar. Bu yrymyň manysy: “Goý, gelnim biziň diýenimiz bilen bolsun, agzybir, diýenediji bolsun” diýen pikiri aňladýar. Soňra gelin bilen hemmeler görşüp, ýagşy dilegler bilen ýüzüne sylýarlar.

Täze gelin öýe gelensoň, yrym üçin onuň bir elini sary ýaga, bir elini una degirýärler. Bu yrymyň manysy gelniň gelen öýüniň saçagyndan rysgaly bolsun diýmek. Nika gyýlanda hökmany endige öwrülen bir yrym bar. Ol hem süýjülik suwuny paýlamak. Ulurak gapda süýji suw taýýarlap, oturanlaryň hemmesine dadyryp çykýarlar, bu yrymyň, “Goý, ýaşlar mydama süýjülikde, agzybir ýaşasynlar” diýen oňat manysy bar. Nika gyýlansoň, gelin dürli synaglardan geçirilýär, oňa ädik çykardylýar, guşak çözdürilýär, ilik tikdirilýär. Bular hem toýa şüweleň berýär. Gaýynene gelniň etegine süýji, gant salýar weli, gelin etegini silkip goýberýär. Süýjüleri toýçular çöpleýärler. Bu hem gelin gaýynlary bilen agzybirlikde, süýjülikde ýaşasyn diýlip edilýän yrymdyr.

Şunuň ýaly dürli dessurlar ýerine ýetirilensoň, ýigidiň ýeňňesi gelip, “Ak-gök geýdirme” yrymyny edýär, ýagny ýigidiň ýeňňesi oglan bilen gyzyň kellesine elini goýup, şu sanawajy sanaýar:

“Ak-gök geýdirme,
Arpa çörek iýdirme,
Agyzla gapdyrma,
Toýnakla depdirme,
Türşek kimin güllesin,
Gawun kimin dillesin
Tur, ak gyzyň ýanyndan”.

Şeýle yrymlar türkmenleriň arasynda häzirki döwürde hem dowam edip gelýär.

Okalan sany: 684   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05057 sek. ýüklenen baýt: 34039