Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Futbol gözeli
Ýazylan wagty: 19 июня 2015 Ýazan Mayichka

                              Futbol gözeli


 


Sporta diýseň höwesek ýaşajyk gyz Leýla Jumaýewa ýeňil atletika boýunça tälimçi Gennadiý Iwanowiç Çernowyň  türgenleşik geçýän seksiýasyna ýazyldy. Maksadaokgunly ýaş türgen gyz 10 ýylyň içinde geçirilen milli ýaryşlarda birnäçe gezek ýeňiji boldy. Ol  ýaş milli ýygyndy topar bilen Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda hem-de Aziýa çäklerinde geçirilen halkara ýaryşlarda çykyş etdi. Abraýly halkara ýaryşlarynda bolmak, taryhy ýerlerde gezelenç etmek, gaýry ýurduň gözelligi bilen öz ýurduň gözelligini deňemek  Leýla diňe bir tejribe toplamaga ýardam bermän, eýsem, onuň bilimini, dünýä garaýşyny hem giňeltdi.


Leýla   ilkinji mekdep ýyllaryny paýtagtyň 16-njy orta mekdebinde başlaýar. Soň ol  «Olimpiýa» orta sport mekdebinde on ýyllygy tamamlaýar.  Ýokary bilim almak maksady bilen Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutyna okuwa girýär.  Leýla hemişe tälimçi bolmagy arzuw edýärdi. Şol maksadyna-da ol  entäk okuwa girmänkä ýetýär. Instituta çenli aralykdaky ýyllarda tälimçi bolup işleýär, ol bu derejäni yzygiderli türgenleşiklere siňdiren zähmeti bilen alýar.  Bu arzuw onda belkäm halypa tälimçi Gennadiý  Iwanowiç Çernowyň mysalynda hem dörändigini  ýaş türgen gyz gizläp hem oturanok.  Çünki halypa tälimçiniň işleýşi,  hiç wagt sesini gataltman türgenlere tälim berşi, şol bir wagtyň özünde-de örän talabedijiligi Leýa ýaraýardy.  Leýla halypasyndan geçen ýene-de bir gowy häsiýet ol hem eger garşysynda zehinli, gelejegi uly ösüşli türgen duranyny görse onuň talaby iki esse artýardy.


Leýlanyň talyplyk ýyllary diýseň gyzykly geçdi.  Ol her ýyl ýurdumyzda däbe öwrülen  ýokary okuw mekdepleriniň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçýän Spartakiadada gazanylan ýeňişler, çykyşlar bilen utgaşyp gitdi. Leýla birde woleýbol oýnasa, birde futbol oýnady. Edil dürli-dürli reňkler bilen çekilen nagyş ýaly, ähli görnüşleriň içinden geçdi. 2-nji ýyl talypka Leýlany jorasy  «Köpetdag»  stadionynyň futbol meýdançasyna çagyrdy.  Özi ýaly ýaş gyzlardan  düzülen topar Leýlanyň sport bilen baglanyşykly dünýäsine nur çaýdy. Ine, şu ýerde hem onuň ýaşyl meýdançada «Futbol oýnunyň gözelleri» adyny alan günleriniň ilkinji ädimi başlandy. Onuň ähli tälimçileri Berdi Meredow, Kamil Mingazow,  Tofik Şükürow dagy Leýlanyň  futbol meýdançadaky tizligine ýokary baha berdiler. Şol sebäpden hem ilki merkezi hüjümçi boldy, ýöne ol merkezi ýarym goragçy bolmagy has hem gowy görýärdi. Merkezi oýunçy garşydaşyň derwezesine gönükdirilen  pökgüni urýan esasy hüjümçidi.  


Ýaş türgen gyzyň futbol bilen baglanyşykly dünýäsinde 2009-njy ýylda şowlulyk boldy. Ol hem Bolgariýanyň Albena şäherinde geçen  Bütindünýä sport festiwalydyr. Kiçi futbolda çykyş eden ýygyndy toparynyň gyzlary ýer eýeleri bilen deň ýedi utuk toplanda bolsalar,  pökgi tapawudy boýunça  ýer eýeleri finala çykdylar. Şeýdibem biziň gyzlarymyz 3-nji baýrakly orny eýelediler.


Dünýäniň Angliýa, Portugaliýa, Polşa, Eýran,  Italiýa we Tailand ýaly döwletlerinde bolup, şol ýerlerde türkmeniň ýaşyl Tuguny arassa mawy asmanda pasyrdadan Leýla Jumaýewa bu günki gün tälimçi bolup işleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda  «Talyp sporty» diýen  topar hereket edýär.  Leýla şol topara ýolbaşçylyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden «Türkmenistan - ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly şygar astynda geçirilýän milli spartakiadanyň çäklerinde professor-mugallymlaryň şeýle hem edara-kärhanalaryň arasynda geçýän ýaryşlara ol her ýyl gatnaşýar.  Şu ýyl hem Bilim ministrliginiň Bilim toparynda woleýboldan 1-nji orny,  Basketboldan bolsa 2-nji ýeri aldylar.    Professor – mugallymlaryň arasynda geçen ýaryşda institutyň zenan mugallymlary woleýboldan 1-nji ýeri eýelediler.


Okalan sany: 160   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03891 sek. ýüklenen baýt: 37785